Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Atçylyk sportynyň taryhy
Ýazylan wagty: 29 апреля 2014 Ýazan Sasoltan

                                             Atçylyk sportynyň taryhy


 Atçylyk sporty ilkinji gezek sportyň aýratyn görnüşi hökmünde tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna 1912-nji ýylda goşuldy. Stokgolmda geçirilen V Olimpiada 10 döwletiň: Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Norwegiýanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Çiliniň we Şwesiýanyň sportsmenleri gatnaşypdyrlar. Emma şonda şwesiýaly çapyksuwarlar  baş öwretme boýunça üç medaly: altyn, kümüş we bürünç medallary, konkur (päsgelçiliklerden geçme) boýunça Milli Kubogy, üç görnüşli ýaryş boýunça altyn medaly we komanda birinjiligini alypdyrlar.


Atlar we atçylyk sporty ... edil adam bilen atlar ýaly aýrylmaz düşünjelerdir. Atsyz atçylyk sporty bolmaýşy ýaly atsyz çapyksuwar hem ýokdur. Iň gyzykly ýeri, adamzadyň ösüşiniň bütin dowamynda adamlar atlar bilen berk bagly bolupdyrlar. Atlar müňýyllyklaryň dowamynda adamlara hyzmat edip, olar üçin daýanç bolupdyrlar. Olar meýdanda wepadar kömekçi we ýarag göteriji, iň gowy dost we käbir döwletler üçin belli bir derejede hudaýlyk bolupdyrlar. Käbir taýpalar atlara sygynypdyrlar we öz maşgalalarynyň agzasy hasaplapdyrlar. Emma ýabany atlar indi eldekileşdirilip, ekdi edilende olar diňe et we süýt berýän haýwanlar bolupdyrlar (atyň süýdi – kumys). Soňra atlardan näme bolsa-da bir zady daşamak üçin peýdalanypdyrlar. We diňe soň atlar münülýän haýwanlara öwrülipdirler, bu takmynan 3 müň ýyl ozal bolupdyr. Atçylyk sportynyň ösüşi adamyň ilkinji gezek ata münüp, onuň bilen söweşe giden wagtyndan başlanýar. Şol döwürlerde atlardan harby işlerde peýdalanypdyrlar, we köp zat gowy bedewe bagly bolanlygy sebäpli at işi ösüp başlapdyr. Edil şol wagtdan başlap atlaryň her dürli tohumlary ýetişdirilip başlanupdyr, atlaryň güýçli, çydamly, çapyksuwara sözsüz boýun bolmagy talap edilipdir, atdan duýdansyz durup bilmek, ýörişini üýtgedip bilmek, päsgelçilikden geçip bilmek, beýikli-pesli ýerden arkaýyn ýöräp bilmek we ş.m. talap edilipdir. We soňra bize häzir hem belli bolan atçylyk sportynyň görnüşleri emele gelipdirler. Bu atçylyk sportynyň gysgaça taryhy bolup, “atçylyk sporty” düşünjesiniň nähili dörändigini düşündirýär.


Okalan sany: 527   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05542 sek. ýüklenen baýt: 31722