Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Okuw hyzmatlarynyň ýarmarkasy
Ýazylan wagty: 01 мая 2014 Ýazan NEXTTM
Okuw hyzmatlarynyň ýarmarkasy

30.04.2014

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okuw hyzmatlarynyň ýarmarkasy geçirildi. Onda Türkmenistanyň ukyply talyplaryna Belarus Respublikasynyň orta we ýokary okuw mekdepleri hödürlendi. 

Dostlukly ýurduň belli ýokary okuw mekdepleriniň on dördüsiniň ýolbaşçylary bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly myhmanlary boldular. Şeýle hem bu ýerde kämil orta okuw ulgamy hem görkezildi. Belarus wekilýetine Belarus Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň ýolbaşçysy Wladimir Şapurow ýolbaşçylyk edýär. 

Ýarmarkada öz okuw hyzmatlaryny, esasan hem, uniwersitetler görkezdiler. Olaryň hatarynda – Belarusyň milli tehniki unwersitetini, Belarusyň döwlet tehnologiki uniwersitetini, Belarusyň döwlet ykdysadyýet uniwersitetini, Belarus-Rossiýa uniwersitetini görkezmek bolar. Sebit ýokary okuw mekdepleri hem giňden görkezildi. Olar- Baranowiçiň döwlet uniwersitetinden, Mogilýowyň azyk onümleri uniwersitetinden, Grodneniň döwlet uniwersitetinden, Poloskiniň döwlet uniwersitetinden, Brestskiniň döwlet uniwersitetinden we beýlekilerden ybaratdyr. 


Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri okuw hyzmatlarynyň bazarynda uly gyzyklanma bildirilýän hünärleriň giň düzümi bilen tanyşdyrdylar. Bu ýarmarkanyň işine belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde Bilim alýan Türkmenistanly talyplar, şeýle hem ýaş hünärmenler – bu ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary gatnaşdylar. Şonuň üçin hem, ukyply talyplar öz watandaşlaryndan bular barada maglumatlary doly alyp bildiler. 

Ýarmarkanyň çäklerinde çekişme meýdançalarynyň işi, türkmen we belarus ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň iş duşuşygy guraldy, Aşgabatda ýerleşýän ugurdaş ýokary okuw mekdeplerine baryp görmek guraldy. 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginden guraýjynyň nygtaýşy ýaly, ýarmarka beýleki döwletleriň bilim edaralary bilen guralan “Açyk gapylar gününiň” tapgyrynyň çäklerinde geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Aşgabatda TDUweAI şunuň ýaly ýarmarka guraldy. Onuň esasy gatnaşyjysy bolsa Rumyniýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri boldular.

Wiktoriýa NOWIKOWA, 
fotosuraty awtoryňky

Okalan sany: 597   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05993 sek. ýüklenen baýt: 35054