Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Magtymguly. Gaharjaň adamlara 10 nesihat
Ýazylan wagty: 01 мая 2014 Ýazan NEXTTM


Magtymguly.

Gaharjaň adamlara 10 nesihat

Söze uýup unutmagyň rahmany.
Kesse aklyň, ýagşy bilen ýamany.
Her bir söze joşup, daşma ganyňdan.

                                    
Adamyň gaharynyň gelmeginde, dogry terbiýelenişem, naharlanyşam, fiziki taýdan taýýarlygam, kär saýlap bilişi, material durmuş üpjünçiligem, arassaçylygam, maşgalada, jemgyýetde dostlaşýan adamlaram, kitap žurnallary okaýyşam, radio, telegepleşikleri synlaýyşam, ula, kiçä hormat goýşam, uly orun tutup biler.

Psihologlar gaharjaňlyga organizmiň goraýyş reaksiýasy diýip düşündirýärler. Eger-de bu reaksiýa az wagtlyk bolsa howply däl. Minutlar artyberse onda nerwilerimize,  häsiýetimize, saglygymyza zeper ýetiriji howply duýduryş. Gahardan gaça durmaly. Gahar hemme güýjüňi alýar, gowşadýar. Gahar gowluga eltmeýär. Üstünlige barýan ýolda agsadýar, päsgelçilik döredýär. Gahar gan basyşyň ýokarlanmagyna, ýürek infarktynyň döremegine, beterlemegine getirip biler. “Gülki güneşdir, ol adam ýüzünden gyşy kowýar”- diýen pähim bar. Örän sabyrly bolmaly. ýylgyrmany öwreneliň. Gahardan ägä boluň!
 
1-nji nesihat:  Gazaba münmäň! Ýagdaýa dogry düşünmäge çalşyň. Kelläňize gaharyň gowluk bilen gutarmajagyna, tersine beterleşip biljegine akyl ýetirýän pikirler geler. Öz-özüňizi  halas edersiňiz. Gaharly sözler bilen sowaşmaň, bir zada güýmenip, içki gaharly güýjiňizi sarp ediň. Zähmet argynlygy- gahary ýuwudýar. Şony endik ediň. Gürlemän, içiňizden öz-özüňize “Rahatlan, sowaş, köşeş, hany endamyňy gowşat”- diýip, 4-5 gezek uludan demiňi alyp, göýbermelide eginleriňi gowşatmaly. Gaharyňyz gar ýaly eräp gider.

2-nji nesihat:  Artykmaç talap döretmäň!
Töweregindäkileriň özüne üns bermegine garaşýan adam hemişe gaharjaň bolýar. Ol: “Töweregimdäkiler maňa düşünmeýärler” diýip hemişe kineli gürleýärler. Ol adam ýalňyşýar. Uly adamyny tankytlap, täzeden terbiýläp bolmaýar, muňa her kim düşünmelidir. Terbiýelenjek adamyny terbiýäniň bu usuly garşylyk görkezmäge getirýär. Her bir adam aýratyn şahsyýetdir. Ony uly ýaşda öz göwnüňe ýarar ýaly edip terbiýelemek aňsat düşmeýär. Wagt ýitirip, gahar edip ýörmän, her  bir adamyň  gowy tarapyny öwrenmäge, hormat goýmaga, ýagşylyk etmäge çalşyň. Şeýle edeniňizde wagt geçdigiçe töwerekdäkileriň gaharyňyzy getirmeýändigine, olaryň öz-özünden terbiýelenendigine göz ýetirersiňiz.

3-nji nesihat:  Aladalaryňyzdan ünsüňizi sowmagy öwreniň!
Başyňyza düşen iş näçe agyr bolsada, agyr pikirden ünsüňizi sowmagy öwreniň. T%=x@
Okalan sany: 421   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05616 sek. ýüklenen baýt: 32891