Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler
Ýazylan wagty: 01 мая 2014 Ýazan Krassavchik


2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şol sanda bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çärelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.


Mejlisde ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat diňlenildi. Şu ýylyň 1-nji apreline çenli bank kartlaryny peýdalanýan müşderileriň sany 2013-nji ýylyň degişli döwri bileni deňeşdirilende 66 göterim ýokarlandy, mundan başga-da söwda pudaklarynda harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyga niýetlenen terminallaryň sany 23 göterim, bankomatlar bolsa 77 göterim artdy.


Hasabatda “Altyn asyr” kartlaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşygyň möçberlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň MasterCard kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ygtyýarnama Ylalaşygyna laýyklykda, MasterCard halkara töleg ulgamyny işjeň ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşygy ýola goýmak, harytlar, hyzmatlar, Internet ulgamy arkaly petekleri satyn almak boýunça hasaplaşyklary geçirmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň çäklerinde ulanyljak MasterCard halkara töleg ulgamynyň kartlarynyň nusgalary işlenip taýýarlanyldy. Kartlary ulanyjylaryň maksatlaryna laýyklykda olaryň her biri üçin MasterCardyň “MasterCard Maestro”, “MasterCard Standart”, “MasterCard Gold”, “MasterCard Business” ýaly görnüşleri işlenip taýýarlanyldy.

Okalan sany: 688   Jogaplar: ( 2 )

admin
02 мая 2014

goodsag bol, peydaly ishlerin netijeleri barha artar

Sasoltan
02 мая 2014

Onda öýüňde seýf gerekdäl bolýar, şeýlemi. Ahli puluňy kartda ýanyňda göteribermeli, beh diýseň gowy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07836 sek. ýüklenen baýt: 33459