Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
SÖÝGI SONETLERI
Ýazylan wagty: 02 мая 2014 Ýazan Marala

SÖÝGI SONETLERI

Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözüňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?

Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin,
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näm iş bilen gelen ekeni?

Olar size girip-çykýandyr, belki,
Seň girip-çykyşyň azaltmak üçion.
Edip söýgimizi ryswa-gülki
Gara saçymyzy agartmak üçin.

Sen aýtsaň-aýtmasaň bir zat aňladym:
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

* * *
Güne lowurdadyp zynjyr saçlaryň,
Gaýraky baýyrdan inmersiň indi.
Ýönekeý aýalsyň, şugla saçmarsyň,
Hiç kimiň gözüne ilmersiň indi.

Bagtyňy şu günüň baglaýan kimin,
Şu günüň gadyryn bilmersiň aňsat.
Belli däl ertiriň kimiňkidigi,
Geçeni sylaýar diňe adamzat.

Ýaşlar gidip barýar bir aýak çekmän,
Basym seniň ýaşyň otuzdan agýar.
Ýüzümizden öňki zatlary tapman,
Biri-birimize nebsimiz agrar.

Gözellik - iň gowy görülýän myhman,
Arzyly myhmanyň tiz gider, hökman.



Okalan sany: 682   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08911 sek. ýüklenen baýt: 31141