Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI - BAGTLY DURMUŞ ÝÖRELGESI.
Ýazylan wagty: 05 мая 2014 Ýazan NEXTTM
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI - BAGTLY
DURMUŞ ÝÖRELGESI.

 Aprel aýynyň başynda Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda bilim, saglyk, sport we syýahat ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda, Türkmenistanyň Prezidenti bu barasynda aýratyn nygtap geçdi. Şol duşuşykda milletiň Lideri bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahat ulgamlarynyň aýrylmaz, bitewi ugurlar bolup durýandygyny, şonuň üçin olaryň öňünde durýan meseleleri çözmeklikde hem ähli tagallalaryň bilelikde edilmelidigini, wezipeleriň toplumlaýyn häsiýetde ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şu nukdaý nazardan seredende ýurt Baştutanymyzyň täze Galkynyşlar we beýiközgertmeler eýýamynda ösüp gelýän ýaş nesliň her birine üç dili bilmekligiň we sportuň haýsy-da bolsa bir görnüşi bilen meşgul bolmaklygyň mukaddes ýörelge bolmalydygy barasyndaky sargydynyň aýratyn many-mazmuna hem-de ähmiýete eýedigini ýörite belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýýermekligiň ýurduň gülläp ösmegi üçin esasy şertleriň biri bolup durýandygy baradaky aýdanlary bolsa, ýenede bir gezek döwlet tarapyndan ýurtda adam saglygyna ägirt uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Milletimiziň Lideri sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, öz saglygyna aýawly seretmekde, sport we bedenterbiýe bilen meşgul bolmakda ähli halkymyza nusgawy görelde bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi milletiň Lideriniň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyna mynasyp goşandyňy goşmak üçin ýokary öndürijilikli zähmet çekmek mümkinçiligini almak diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, zyýanly endiklerden daşda durmak, sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolmak diýmek, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklygyň, zyýanly endiklerden daşda durmaklygyň adamy köp sanly kesellerden goraýandygyny aýratyn bellemeli. Adam bedeni üçin howply keselleriň toparyna il içinde “ýaman kesel” diýip atlandyrylýan howply çişler, ýagny howply täze döremeler hem girýär. Adam bedeninde howply çişleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri çilim çekmeklik we nas atmaklyk bolup durýar. Alymlaryň belleýşi ýaly howply çişler hiç wagtam sagdyn dokumalarda döremeýär.

Çilim çekýänlerde we nas atýanlarda, temmäkiniň düzüminde bolan, adam bedeni üçin zyýanly himiki maddalar, şol sanda nikotin bedeniň ulgamlarynyň agzalarynda dürli näsazlyklary ýüze çykarýar. Şeýle näsazlyklar bolsa şol agzalarda dowamlaýyn kesellere geçýärler. Öz gezeginde howply çişleriň öň ýanyndaky dertler diýlip atlandyrylýan şol keseller bolsa soňy bilen “ýaman kesele” geçýär. Özem çilim çekmeklik we nas atmaklyk diňe bir dem alyş agzalarynyň däl, eýsem beýleki agzalaryň hem howply çişleriniň döremegine sebäp bolup biler. Meselem, çilim çekýän zenanlarda süýt mäzleriniň howply çişleri, çekmeýänler bilen, deňeşdirende 2 esse köp duş gelýär.Munuň özi gyzylödegiň, aşgazanyň we beýleki agzalaryň howply çişleri barada hem şeýle. Şonuň üçin zyýanly endiklerden daşda durmaklyk, adam saglygyny goramakda örän uly ähmiýete eýedir. Çilim çekmek, nas atmak, narkotiki serişdeleri ulanmak we spirtli içgileri içmeklik, çilimkeşiň, naskeşiň, neşekeşiň we arakhoryň bedenini gowşadýar. Bu bolsa şeýle zyýanly endikli adamlarda dürli keselleriň, şol sanda ýürek-gandamar, dem alyş, iýmit siňdi2
fR5
Okalan sany: 2210   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07268 sek. ýüklenen baýt: 33124