Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
" YKBAL YAZGYDY ".... Gynansakda ol ulagdan diri galan ýok.
Ýazylan wagty: 05 мая 2014 Ýazan Betman
" YKBAL YAZGYDY ".... Gynansakda ol ulagdan diri galan ýok.

Gurbanyň ulagy täzeräk bolansoň onda goraýyş ýassygy işledi we şu sebäp bilen diri galdy. Ene-atasy eşidip dessine hassahana geldi. Gelenlerinde bolsa operasiýa eýýäm başlapdy, sebäbi ýagdaýy gaty agyrdy, köp gan ýitirdi. Jemi 4 sagat 30 minut dowam etdi... lukmanlar çykyp başlady, olarda nähilidir bir ýylgyryş bar, sebäbi operasiýa üstünlikli geçipdi.

Ulagdan zat galmady. Hatda näme ulagdygy hem zordan tanalýardy. Gurbanyň kakasy günäkär oglanyň maşgalasyna agram salmady, sebäbi...

Gurban bolsa 3 gün özüne gelip bilmän reanimasiýa bölüminde ýatdy. Elmydama düýşde-di. 3-nji gün bolsa düýşinde ulagynyň hassahana gelip onuň bilen gürleşýändigini gördi. Ulag janawer öz ýanyna eýesini çagyrýardy, “men diri Gurban, gel maňa mün, aýlanmana gideli...Aýgözel hem garaşýandyr bize” diýip gürleýärdi. Şu zatlar bilen bulaşyp özüne geldi...

Bu şatlyk habary uzaga çekmedi, Gurbanyň arkasynda ganjaryp duran ýer bar, şol sebäpli hem eşiklerinede gan ýokýardy, şol zady aýyrmak üçin lukmanlar rugsat sorady. Elbet aýrylmasa ol zat ulaljagyny aýtdylar. Rugsat berildi. 1 hepdeden operasiýa wagty bellenildi. Emma Aýgözelden hat-habar ýokdy.

Göreniň görgi bolsun diýilen ýaly ýene bir synagy başyndan geçirmeli boldy. Opersiýa jemi 45 minut dowam etdi. Soňra bolsa narkozdan açylmak hadysasy başlady. Bu gezek lukmanlaryň özi hem gudrat gördi...

Operasiýadan soň.

Özüne gelip başlan adam daş töweregindakiler bilen gürleşip başlaýar, emma hereket kän etmeýär, etsede adaty hereket. Bu ýerde görülen zat daşyndan gelenleri hem gorkuzýardy. Otagyň gapysy açar bilen ýapyldy. Uly-gykylyk bilen ýatan adamy saklap bilmeýärdiler, ol hatda ýerinden hem turmana synanyşýardy. Ähli lukmanlar bolsa daşyna üýşdi. Gaty sesi bilen “Ezraýyl” hakda ýatladýan sözler köp eşidilýärdi. Gurban özini ele alyp bilmeýärdi. Ýatyrjak bolsalar: “Ýok...ýok...ýok, ýat diýmäň, ýatsam ýene ezraýyl gelýär, ullakan gözlerini görkeýär....waaaaý....gorkýan....ALLA” diýip gygyrýardy. Ahyry lukmanlaryň biri bolýan zatlara düşünip: “bu ýerde medisinaň güýji ýetmez” diýdi. 1,5 sagat dowamynda özüne gelen Gurban, şonuň 45 minudyny gykylyk bilen geçirdi.

Şundan soň Ezraýyl azar bermesini goýdy. Aýdyşlaryna görä kakasy kömek eden ýaly. Bärde doga-dilegsiz çykar ýaly däl.

Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar käbir adamlarda: “Ezraýyl diýilýän zat hakykatda barmy näme?” şu wakadan soň elbetde bar diýsegem bolar. Sebäbi 2 dünýäň arasynda gapjan ruhlar adamlary köseýän wagty hem bolýar.

Ähli bolup geçen zatlardan soň 1 aýlap hassahanada Gurban ýatmaly bolýar. 1 aý ýatan wagtynda özüne kimleriň hakyky dostdygy ýa-da däldigi belli bolýar. Çyn dostlaryň kyn günüňde aýan bolýandygyna göz ýetirýär

Ýöne Aýgözelden bolsa jaň gelmeýärdem. Eline aýlasada öçük berýärdi.Durmuşyň agyr synaglaryny geçen Gurban üçin hemme zat gutaran ýaly boldy. Oglan öňki halyna dessine gelip bilmedi. Onuň saglygyndan başga Aýgözel aladady. Şu wagt Gurbana oturmak bolanok, mundan öň bolsa hatda ýerinden galyp ýöremek hem bolmaýardy. Ýadynda aýdym bolup galan Aýgözel at gaýtalanyp dur. Onuň ýakymlyja mylaýym sesine eşitmäne bolsa zardy. Ýöne ol gyzyň eli öçükdi.

Näme üçin...näme sebäpden öçükkä? Aýgözel nirede? Ikinji hatarda duran soragdy...

Gurban Awtolag heläkçiligine uchran gijesi.

Gurban toýda wagty Aýgözeliň ejesiniň ýürek agyrysy tutup başlady. Aýgözel 03 gullygyna jaň etdi, ýöne olaryň haýal geljegini bilen ýaly Gurbanyň eline aýlaýardy, ýöne ol almaýardy. Alaçsyz ýagdaýda galan gyz, goňşylarynyň birine ejesini hassahana alyp gitmegini haýyş etdi. Hassahana baranlarynda 03 gullugy ýaňy olara gelipdi... elbetde bu wagt arada hassanyň ýagdaýy agyrlaşdy. Lukmanlar ylgap başlady. Hassany reanimasiýa bölimine saldylar. Gapyda aglap oturan Aýgözel, jigisi we daýzasy näme etjegini bilmeýärdiler...

Sagat 2:55 Gurbandan jaň geldi:

-Gurban sen nirede?

-Şu waägt öýe barýan,.. ýogsada näme boldaý 27 sapar keýpine aýladyňmy?

-...(agy bilen) Gurban... ejem hassahana düşdi...

-näme üçin, saglykmy? Näme boldy? Maňa sms ýollap bilmediňmi?

-...men saňa jaň etdim...sen almadyňda

-onsoň näme etdiň?

-goňşymyza haýyş etdim hassahana getirmekligi üçin...ynanaý Gurban...

Şu ýerde bolsa awtoulag sesleri geldi...näme bolanyna gyz düşünmedi. Telefonda:

-...(agyr sesi bilen Gurban) Aýgözel men ulag helakchiligine uchradym...

Mundan soň bolsa ses çykmady... 03 gullugyna Aýgözel habar ýetirdi, olar bolsa 02 çykdylar. Netijede 20 minudyň dowamynda bardylar. Barsalar adamdan dolydy. Heläkçiligi göz bilen görer ýaly däldi...bu ýagdaý barada Aýgözeliň habary ýokdy, ýöne umyt bilen Gurbany görjegine ynanýardy...ýöne ýalançy dünýä Aýgözeliň başyna hem elhenç waka bilen garady...

Gije sagat 3:45 de reanimasiýa bölüminden çykan lukman Aýgözeliň ýanyna gelip kellesini aşak eňip:

-...bagyşlaň biz elimizde baryny etdik, ýöne ejeniz (lukman dymdyda) basharmady...


Okalan sany: 1806   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06903 sek. ýüklenen baýt: 35818