Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Myhmanysyn bu dunyanin
Ýazylan wagty: 20 сентября 2012 Ýazan Bayko
Pes pälli bol, ynjytmawer, kemsitmäwer hiç kimsäni,
Synaýandyr, bu bäşgünlik synaw dünýäsi, ynsany.
Haýyr işe gümra bolgyn, çykmanka bu teniň jany
Hasapsyz zat ýokdyr asla, myhmanysyň bu dünýäniň!

Ýagşa ganat ýaýar derwüş, yrsgyn saklar alsaň gargyş,
Galdyryp git bir haýyş iş, myhmanysyň bu dünýäniň!

Ýamanlara ýanaşmawer, ýokmasyn oň hiç garasy,
Esli menzil, uzak durmuş, haýyr bilen şer arasy.
Munda gaty görülýändir, ýamanlaryň, wah çäresi
Sogabyňa sogap bardyr, myhmanysyň bu dünýäniň!

Halal ýaşa, halal işle, halal gazanjyňy dişle
Ýaman zada diýme "hiçle", myhmanysyň bu dünýäniň!

Ýa Allahym, jan Hudaýjan, geç günämi, ähli hatam
Bolmasyn närazy menden, käbäm enem, kyblam atam
Gam laýyna batýan käte, oturýaryn bolup matam
Sanalgyja ömür bardyr, iman gazan bu dünýäde!

Bu dünýäge gelen, geçer, jan bir guşdyr, birgün uçar

Hossarlaryň göz-ýaş seçer, myhmanysyň bu dünýäniň


Bellik: Saytda ilkinji mowzugy halayan goshgymdan bashlamak isledim!!!

Okalan sany: 617   Jogaplar: ( 7 )

admin
20 сентября 2012

manyly goshgy eken

zVeR
20 сентября 2012

hmmm

Arantes
20 сентября 2012

Tmcafe'da dinglapdim, yazmaga yaltanyp yordum. Sagbol

mervas
21 сентября 2012

smile

Atash
23 сентября 2012

догры сетирлер

macintosh
28 сентября 2012


aurora
29 сентября 2012

gowy goşgy


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07284 sek. ýüklenen baýt: 32278