Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
EBEDI GAHRYMANLAR
Ýazylan wagty: 08 мая 2014 Ýazan Sasoltan

                                      EBEDI GAHRYMANLAR


   1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmen halkynyň taryhynda gahrymançylykly sahypalaryň biri boldy, biziň edermen gerçeklerimiz mähriban ýurdumyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny gorap söweşdiler.


   Halkyň erkinligi, azat durmuşy we eşretli geljegi üçin gara başyny goýan öz gerçek gahrymanlaryny hiç wagt unutmazlyk, olaryň sarpasyny mukaddes saklamak türkmeniň iň gowy däpleriniň biridir. Ata-babalarymyz eziz Watanyň erkinligini bar zatdan ileri tutupdyrlar. Mukaddes topragy jany bilen goranlaryň orny törde, hormatly ilde, ady dilde bolupdyr.


   Türkmen halky uzak ýyllaryň dowamynda gazaply uruşlaryň birnäçesini başdan geçiripdi. Emma dünýä taryhynda, şol sanda türkmen taryhynda iň gazaply uruş 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçipdir. Bu uruşda pida çekmedikýekeje-de türkmen maşgalasy ýokdur.


   Adamzadyň taryhynda iň ýowuz wakalaryň biri bolan 1941-1945-nji ýyllaryň urşyna türkmenistanlylaryň hem ýüz müňlerçesi gatnaşyp, aldym- berdimli söweşlerde mertlerçe wepat boldular. Olar özleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, watansöýüjiligi, edermenligi bilen beýik pederlerimiz Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň mynasyp nesilleridigini görkezdiler. 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen uruşdan bäri 69 ýyl geçdi. Parahatçylyk söýüji dünýä halklary her ýylyň maý aýynyň 9-na Beýik Ýeňşiň baýramyny giňden belläp geçýär. Watan ugrundaky söweşlerde gahrymanlarça göreşen gerçeklerimize şöhrat bolsun!


Okalan sany: 585   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07186 sek. ýüklenen baýt: 31355