Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Giň gerimli senagat taslamalary
Ýazylan wagty: 08 мая 2014 Ýazan Sasoltan

Giň gerimli senagat taslamalary


   7-nji maýda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat desgalary-Hojambaz etrabynda gurlan gazy gaýtadan işleýän zawod we Serdarabat etrabynda bina edilen kuwwaty 149,2 megawat bolan gaztrubinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda açyldy.


   Bu wakalar Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň ýolunda täze ädimleri alamatlandyryp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giň gerimli peýdalanmak onuň möhüm ugry bolup durýar. Gaz pudagynyň we elektrik energetikasynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä möçberindäki halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek-bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.


   Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan Amyderýanyň sag kenarynda transmilli Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi öz gözbaşyny alýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri şol desgada öz beýanyny tapdy.Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden çekilen, uzynlygy Hytaý Halk Respublikasynyň çägine çenli 1833 kilometre deň bolan energetika ulgamy XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolup durýar.  Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň geçirijilik ukyby bir ýylda 40 milliard kubmetr gaza deňdir. HHR-niň çäginde oňa <<Günbatar-Gündogar>> gaz geçirijisiniň iki şahasy goşulýar. Täze senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap saýlanyp alnan ugry amala aşyrmakda nobatdaky ädim boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň durmuşa geçirýän ähli giň gerimli senagat taslamalarymyz sebit hyzmatdaşlygynyň täze, has netijeli derejesine çykmaga kuwwatly itergi berýär.


Okalan sany: 446   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08013 sek. ýüklenen baýt: 31387