Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ýagşydan at galar.
Ýazylan wagty: 09 мая 2014 Ýazan NEXTTM

 Ýagşydan at galar.

Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp dessurlar,inçe ýörelgeleri, durmuşa siňip giden ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň birem çaga terbiýe bermek, ony edep- ekeramly edip ýetişdirmekdir. Terbiýe barada gürrüň açylanda türkmen aga “Edebiň ýagşysy-ulyny syla”,”Edep salamdam başlanýar”,”Atalar sözi, akylyň gözi”, diýip başlar. Başlaşy  ýalam terbiýä uly üns berip, onuň esasy ugryny ynsanperwerlige syrykdyrar. Adam-dünýäde iň akylly, iň sylanýan, iň gymmatly, iň çylşyrymly, düşünjesi ösen jandardyr. Ol terbiýe meselesine örän içgin çemeleşýär.
         
 Terbiýe ynsanda ir, entek enesiniň göwresindekä başlanýar.
      
Bir wagtlar ogly mekdep ýaşyna ýeten adam, ony mollaň ýanyna alyp barýar.”Şuňa terbiýe berseňiz hem okatsanyz” diýýär. Şonda molla:
      
 -Okatmasyna başlarys, ýöne terbiýe meselesinde biraz gijä galan bolmasaňyz. Çagany doglan gününden terbiýeläp başlamaly, has takygy onuň terbiýesi barada entek enesiniň içindekä aladalanmaly-diýýär.
      
 Biz çagany başda öýde, soňra çagalar bagynda, gijiräk bolsa mekdepde terbiýeleýäris. Onuň daşyndan körpe terbiýäni görýän görmünden, okaýan kitaplaryndan, teatrlarda, teleýaýlymlarda, filimlerde görýän eserlerinden alýar. Şu pursatda, men çaga terbiýesi barada türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti (ýatan ýeri ýagty bolsun!) Tejen Agyýew bilen eden gürrüňlerimizi ýatlasym gelýär. Ýöne ilki bu dünýäden ir giden ukyply artistiň-Tejen Agyýewiň gurjak teatrmyzda gatnaşan käbir oýynlaryny,
olaryň öňe süren usullaryny ýatlap geçmekçi.
        
 Ýoldaşlarynyň arasynda hormatdan peýdalanan artist, hemişe öz tanalýan kişilerine ynandyryşy häsýet bermek ugrunda çalyşýardy.”Gumly oglanjyk”, “Eserje towşam”, ”Aldanan möjek”,”Ýagşylyga ýamanlyk”... ýaly oýynlarda ol Möjek, Pyşdyl, A£darha ýaly jandarlaryň, körpe çagalaryň rollarynda çykyş ederdi.Ol köp okardy, dilini baýlaşdyrardy. Bilmeýän sözini eşidende, soramany kiçilik bilmezdi. Bir gezek ol:”Garpyzyň kiçisine Gödalak diýilýän ekeni. Özüm gawun-garpyzyň mekany Tejende ösenem bolsam, şol sözi eşitmändim” diýdi.Umuman ol täze bir eser okasa-da, täze rol alsa-da şol barada pikir alyşmagy halaýardy.
       
 Tejeniň ýoldaşy Sona mugallyma.Özem dil-edebiýat mugallymasy. Onsaň olar öýünde edebiýat, sungat, terbiýe, edep-ekeram hakda gürrüň mydama edilýär. Är-aýal ikisi jedelleşerdiler, ýöne ýalňyşsalar säwiligi boýul almaga kiçilik bilmezdiler. 
       
 -Adam, esasanam çaga,gören göreldesine eýerýär, ondan ugur alýar. Durmuşda ornuny tapmak kyn, biziň barjumyz, çaga şony tapmaga kömek etmeli. Şonuň üçinem ýazylan eserleri, goýylýan oýynlary gaty sünnälemeli. Daragyt ekmek gowy zat, ol gaty bir kyn işem däl. Ýöne şony boýaldyrmak, daragyt derejesine ýetirmek aňsat iş däl. Biz eken bagymyz barada hemişe aladalanmaly –diýip, Tejen neresse janygardy.
         
Üç ogly (Döwran, Täşli, Hakberdi) oňa sowgat eden mugallyma Sona gelnimiz hem gürrüşe goşylyp, terbiýe hakda öz pikirlerini aýdýardy.
         
 Adam bütin ömrüne aladada bolýar. Ol öziniň zerurlyk hasam edýän zatlaryny kanagatlandyrmaga çalyşýar. Biri baýamagyň aladasynda, biri okamagyň aladasynda, ýene biri söýgi hesretini çekýär. Oňa düşünmeselerem, ol söýýär.       Başga zadyň pikirini edenok. Ana, şol pikir ýöredişlerimiz bilenem, biz, biri-birimizden tapawutlanýarys. Şol pikir ýöretmänem, dogry ýola salanam biz çaga öwretmeli-diýip, Sona gelin janygýar. Tejen onuň gürrüňiniň üstüni ýetirýär.
      
  -Dünýäde erbet bolup doglan ýok.Hemme çagada başda gowy, soň üýtgeýär. Ol töwereginden, ene-atasyndan,mekdep ýoldaşlaryndan, dost ýarlaryndan, siz ýaly mugallymlardan görelde alýar.Biziň oýnaýan oýynlarymyzy görüp, şondaky gahrymanlara öýkenjek bolýar.Şol göreldäniň nusgasynyň täsiri bilenem onda häsiýet döreýär, Onuň ruhy baýlygy artýar.
       
 -Dogry, ýöne näçe gowy adam bolsa-da, onuň häsýetinde kemçilik bolup biler. Näçe erbet adam bolsa-da, häsýetinde azda-kände gowy tarapynyň bolmagy gaty mümkin.
      
  -Sen teatrda aýdylan kesgitlemäň üstünden bardyň, Sona. Gowy kişiniň oýynda, onuň ýetmez ýerini erki, erbet gylyklynyň oýynda, onuň artykmaç taraplaryna açjak bolmaly-diýip, Tejen sözine dyngy berdi.
      
 -Eneň-ataňa guwanmak, aga-inileriňden hoşal bolmak, olaryň gowy gylyklaryny öwrenmek, çagaňa öwretmek gowy zat. Oňa buýsanmaly. Buýsanyçly adam erbet bolmaýar. Ol hiç wagt haram baýlyga topulmaýar. Kanagatly bolýar. Sabyrlylyk bolsa, öwrenmeli gylyk. Adan sada boldygyça, bagytly bolýar.
                              Ertir turyp syl ýüziňe çagaňy,
                              Sadalykda bolup bilseň şonça bol.
       
Tejen kanagatlydy, Sona sabyrlydy. Olar çaga terbiýe bermäni başardylar. Uly ogullary Döwran şu ýyl ýokary bilim alyp, medenýet ulgamynda işe başlar. Täşli talyp.    
          Hakberdi entek okuwçy.                                                         
 Ýöne olaryň üçisem jaýdar terbiýelenen çagalar. Sebäbi olar barada, olary ene-atalary wagtynda alada etdiler. Goý olar akylly, sabyrly pederlerine guwansynlar.  
Okalan sany: 1608   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06844 sek. ýüklenen baýt: 35637