Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GARA DOMALAN
Ýazylan wagty: 10 мая 2014 Ýazan Sasoltan

   Milli Liderimiziň badalga bermegi bilen daşky gurşawy goramak, halkyň ekologik howpsuzlygynyň upjun edilmegi dowletiň strategiki ösuşinde iň ileri tutulýan ugurlaryň birine öwruldi. Biologik dürlüligi, ayratyn-da seýrek duşýan, gymmatly görnuşleri gorap saklamak we kopeltmek döwlet ähmiyetli meseleleriň derejesine galdyryldy. Ýurduň ayratyn goralýan tebigy ýerlerinde biologik dürlüligi gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak boýunça malhanalarda kopeltmek, haýwanlaryň seýrek we yitip baryan görnuşlerini oňki yiten yerlerine goçürmek, täze ýerlere uýgunlaşdyrmak bilen bagly işler, osumlikleriň seýrek görnüşlerini medeni şertlerde ösdurip yetişdirmek we olaryň tebigy ýaýran ýerlerini gorap saklamak, tebigatyň ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek, täze ylmy maglumatlary toplamak, wagyz işlerini, ekologiki terbiýäni hem-de ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmak boyunca işler alnyp barylyar. Turkmenistan biologik dürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanyar. Ýiti kontinental, örän gurak klimatly (uzak dowam edyan yssy tomus mowsumi,


howanyň temperaturasynyň gije-gündiziň dowamynda we pasyllaýyn giň aralykda üýtgäp durmagy, ygalyň az duşmegi) howa şertleri, geografiki taýdan Ýewraziya yklymynyň merkezi böleginde yerleşmegi —bularyň hemmesi Turkmenistanyň ösumlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine öz tasirini yetiripdir.


                                              GARA DOMALAN


  


   Genofondy gorap saklamakda ahmiyeti. Turkmenistanda ýaýrawynyň demirgazyk araçäginde ýerleşyar. Iýilyän kömelek.


   Gysgaca beyany. Hozuň ululygyndaky togalagrak, ýerasty miwe bedeni ilki başda açyk, ýetişenden soň ýapyk görnuşe geçýär. Miwe bedeniniň daşky bölegi garamtyl, derijimek gatlagy emele getiryar. Derijimek gatlagyň ýüzi büdür südür ya-da siňňilli. Kömelegiň etlek dokumasynyň içi mermer daşyna menses agymtyl-garamtyl zolakly we çylgymly. Torbalary çylgymlarda, höwurtge görnuşinde askokarplaryň icinde yerleşyar. Askokarplar öz içindäki torbalary derjimek gatlagyň kömegi bilen topragyň basyşyndan goraýar. Ýetişen sporalary miwe bedeni doly dargandan soň ýaýraýar.


  Ýaýraýşy. Kopetdagyň etekleri we dag etek düzlükleri. Turkmenistandan daşarda


— Gunorta Ýewropa we Demirgazyk Afrika.


  Bitýän yerleri. Toýunsöw we çägesöw topraklar.  


  Sany we onuň üýtgemek ýagdayy. Amatly howa şertlerinde köp gabat gelyar: Soňky ýyllarda yayrawy kemelyar.


  Esasy çäklendiriji sebapler. Yssy we gurak howa zerarly gyş-ýaz pasyllarynda topragyň çyglylygynyň peselmegi; dag eteklerinde we dag etek düzlüklerinde alnyp barylýan hojalyk işleriniň geriminiň artmagy; gozegciliksiz yygnalmagy.


  Biologiyasynyň ayratynlyklary. Ösüşi tiz tamamlanýan hakyky efemeroid hasiyetli komelek. Diňe ygal bol ýagýan ýyllarda (her 10 ýylyň dowamynda 1–2 sapardan ýygy dal) ýaz aýlarynda köpçülikleýin duş gelýär [1, 2]. Birýyllyk domalan oty we turkmen arcasy bilen mikorizany emele getiryan bolmagy ähtimal


   Gorag ucin gorlen careler. Turkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Bitýän ýerleriniň çäklerini anyklamaly we ol ýerlerde gorag düzgunlerini berk berjay etmeli. Ýaýran ýerlerinde alnyp barylýan hojalyk işlerini çäklendirmeli. Gözegçiliksiz ýygnalmagynyň oňuni almaly, ilat arasynda duşundiriş işlerini ýaýbaňlandyrmaly. Biologiki we ekologiki aýratynlyklaryny giňişleyin öwrenmeli. Täze bitýän ýerlerini ýüze çykarmaly. Ösumlikler bilen mikoriza emele getirmek mümkinçiliklerini anyklamaly.                              


 


 


 


Okalan sany: 651   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05741 sek. ýüklenen baýt: 67436