Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Nerw ulgamy
Ýazylan wagty: 10 мая 2014 Ýazan Sasoltan

 


                                                    Nerw ulgamy


    Adamyň nerw ulgamy ýokary derejeli ösüşe eýedir. Organizmiň hemme funksiýalary


 nerw sistemasynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär, nerw sistemasynyň işine bagly bolmadyk ýekeje-de ýaşaýyş funksiýasy ýokdur. Nerw ulgamy bütewi organizmi düzýän dürli organlardyr, sistemalaryň işini ugrukdyrýar, organizmiň daşky sreda bilen arabaglanyşygyny amala aşyrýar, we organizmde bolup geçýän ähli prosesleri sazlaşdyrýar. Nerw ulgamunuňynyň esasy funksiýalarynyň biri hem organizmi gurşap alýan daşky sredasy bilen arabaglanyşygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Daşky gurşawyň hemme hadysalaryna organizmiň reaksiýasy nerw sistemasynyň işi bilen ýerine ýetirilýär.


   Daşky sredanyň gyjyndyryjy faktorlarynyň täsir etmeginden organizmiň reseptorlarynda oýanyş ýüze çykýar. Ol oýanyş nerwleriň bir görnüşi boýunça (merkeze ymtylýan nerwler) merkezi nerw sistemasyna geçirilýär. Ol nerwlere duýujy nerwler diýilýär. Oýanyş merkezi nerw sistemasyndan beýleki nerwler boýunça (merkezden daşlaşýan nerwler) perefiriki işçi organlara, ýagny myşsalara ýetirilýär. Bu nerwlere bolsa hereketlendiriji nerwler diýilýär. Netijede, myşsa dokumalarynda ýygrylma ýa-da haýallama peýda bolýar. Mäzlerde-de beýleki organlarda-da daşky faktorlaryň täsiri astynda öz işjeňliklerini üýtgetmek bilen jogap reaksiýasy emele gelýär. Bu hadysalar organizmde diňe, haçan-da oýanyş merkezi nerw sistemasyndan geçirilen wagtynda bolup geçýär. Merkezi nerw sistemasyna zeper ýeten wagtynda organlaryň işjeňligi kesilýär. Adamyň nerw sistemasy şertli merkezi we periferik nerw sistema bölünýär. Merkezi nerw sistema kelle beýnisi we 9 oňurga ýiligi degişli, pereferik nerw sistema – oňurga we beýni nerwleri, olaryň kökjagazlary, şahalary, soňy we nerw düwünleri.


   Ýenede bir klassifikasiýa boýunça nerw sistema somatiki we wegwtatiw nerw sistema bölünýär. Somatiki nerw sistema bedeni, kese-zolak (skelet) myşsalary, derini innerwirleýärler. Wegetatiw nerw sistema ähli iç goşlary, mäzleri, organlaryň ýylmanak myşsalaryny, ýürek we gan damarlary innerwirleýär, şeýle-hem ähli organlaryň we dokumalaryň çalyşyk prosesslerini üpjün edýär. Wegetatiw nerw sistema simpatiki we parasimpatiki nerw sistema bölünýär.


Nerw ulgamy fllogenezde: Dürli diri organizmler yaşaýşyň belli bir şertlerinde bolup, onuň bilen hemişe baglanşygyny saklaýarlar. Organizme daşky gurşaw amatly ya-da onaýsyz täsir edýär. Şu täsirlere we daşky gurşawyň üýtgemegine diri organizm öz içki durkynyň üýtgemegi bilen jogap berýär.Ýönekeý bir öýjükli organizmlerde nerw ulgamy bolmany üçin, olarda geçýän ähli hadysalar bir öýjügin işi bolup durýar. Köp öýjükli organizmlerde daşkry gurşawyň täsirleri daşky ektodermal öýjükler arkaly kabul edilýär. Soňra bedene çuňlaşyp gidýän ektodermal öýjüklerden bolsa, köp öýjükli organizmleriň yönekeý gurulan nerw ulgamy döreýär.


Bu döwürde nerw ulgamy bir-biri bilen ösüntgiler arkaly baglanşan öýjüklerden durýar. Bu ösüntgiler bedeniň ähli böleklerinden gyjyndyrmany kabul edip, beýleki öýjüklere iberýärler. Şunuň ýaly has ýönekeý emele gelen torly ya-da diffuz nerw ulgamy boşiçeýalylarda, mysal üçin gidrada bolýar. 10 Nerw ulgamynyn soňraky ewolýusiýasy, nerw öýjükleriň toplanmagy bilen häsiýetlendirilýär, bu öýjükler nerw merkezlerini ýa-da düwünlerini emele getirýärler we olardan nerw sütünleri aýrylyp gidýärler. Şu döwürde nerw ulgamynyň düwünli görnüşi ýüze çykýar (mysal üçin halkaly gurçuklarda).


Nerw ulgamynyn ösüşiniň indiki döwri aşakydan ybarat: nerw öýjükler indi aýry düwünler görnüşinde ýerleşmän, boşlugy saklaýan süýünmek üznüksiz nerw yüpligini emele getirýärler. Şu dowürde nerw ulgamy turbaly nerw ulgamy diýen adyny alýar. Bu görnüşi hordalylaryň ähli wekillerine häsiýetlidir has ýönekeý gurulan kelleçanaksyzlardan süýdemdiriji jandarlara we adamlara çenli. Hordalylarda nerw turbasynyň göwre bölüminden oňurga ýiligi emele gelýär, kelle bölüminden bolsa – kelle beynisi emele gelýär. Kelle beýnisi ilki üç sany beýni haltalardan (romb şekilli, ortaky we öňki) emele gelýär, soňra bolsa äş haltalardan- ahyrky beýni, aralyk beýni, ortaky beýni, yzky beýni we süýri beýni.


Okalan sany: 1888   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08541 sek. ýüklenen baýt: 36397