Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ýigitler oýna çykanda
Ýazylan wagty: 10 мая 2014 Ýazan NEXTTM
                 Ýigitler oýna çykanda

    Nirede çap edilendigini ýadyma düşenok weli, gazetleriň birinde okan goşgymda şeýle setirler bardy:

               Telim dessanlarda, telim şygyrda,
               Müň gezek magtalyp, müň gezek öwlen!
               Toýnaklaryn synlamaga göz gerek, 
                Ýaryşda gyşdan ýyndam bedewiň!

       Dünýäde diňi- taýy  bolmadyk ahalteke atlarynyň waspyny näçe etseň edip oturmaly. Olary näçe öwseňem, hüý-häsýetini magtasanam bärden gaýdýar. Bedew öwseň awmeli weli,oňa seredýän  bakyp-bejerýän,baş öwredýän adamlar,onuň üstünde dürli oýynlary   görkezýän ýaş ýigitlerimizdir gyzlarymyzyňam        il-gününiň  önünde bitiren hyzmatyny ýatlap durmaly.

        Geçen ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirilen sirk sungatynyň VI Bütindünýä Döwlet sirkiniň “Galkynyş” milli oýyn üstündäki oýynlar toparynyň ýigitleri, şol toparyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medenýet işgäri Tygy Baýramdurdyýewiň  baştutanlygynda ägirt uly iş bitirdiler. Olar öz çykyşlary boýunça arestiwalyň ýörite elimleriniň baýragynyň-“Altyn udol” kubogynyň, Mante-Karlodaky halkara sirk  festiwalynyň ýörite baýramçylyga –Manto Karloda geçiriljek 15-nji festiwala çakylygynyň, Italýanyň Werona şäheriniň sirk sungaty  merkeziniň baýragynyň we diplomynyň, Halkara £urnalistlerinden düzilen elimleriniň “Bürünç manegi” kubogynyň eýesi bolandyrlar. Şeýle uly hormata, üstünlige eýe bolan watandaşlarymyza neneň guwanmajak.

        Özem medenýet işgäri bolmasaň, sungatymyzyň  tugyny şeýle belende göteren kärdeşlerimiziň üstünligine diýseň begendim. Oýlanyp otyrdym, ýadyma Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýew “Güneşli Türkmenistanyň ýigitleri” toparyň artistleri düşdi. Ol topar türkmen oglan-gyzlaryndan düzilenem bolsa, topar SSR-iň döwlet sirkine degişlidi we esasy iş ýeri Moskowa şäherinde ýerleşýärdi.Atlar weli Türkmenistandan  iberilýärdi.Has takygy jigitlerimiziň özleri wagtal-wagtal  Türkmenistana gelip, owadan ahalteke bedewlerini saýlap alyp gidýärdiler.

        Toparlaryň düzüminde Döwlet Hojabaýew  özinden    başga-da ençeme türkmen artisleri bardy. Olar Türkmenistanyň halk artistleri Halk Kaşulyýew, Baýram Annaýew, Annadurdy Annaýew, Erkli Annaýew, Bäşim Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan küýisbi Nasibulla Goçakow, Artyk Çakanow, Sona Berdiýewa, Sapar Çakanow, Batyr Annaýew, Meret Esadow dagylardy. Soň-soňylar topar ikä, üçe bölündi. Annaýewlar özbaşlaryna topar boldylar.Oňa Amandurdy Annaýew ýolbaşçylyk edip, Amandurdynyň aýaly Laura, gyzy Lauretta dagy hem goşuldylar.Soňky döwürde Annaýewleriň topary Türkmenistanyň öz sirkinde işledi. 

            Biziň ýigitlerimiziň Amerikada, Fransiýada, Gollandiýada ... öňki SSSR-e girýän respublikalaryň ählisinde çykyş edip, türkmeniň ahalteke atlarynyň owadanlygyny, başarjaňlygyny, oglan-gy
Okalan sany: 725   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,92312 sek. ýüklenen baýt: 32833