Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Dostluk gatnaşyklary.
Ýazylan wagty: 10 мая 2014 Ýazan NEXTTM
Dostluk gatnaşyklary.

Daşoguzdan iş saparyndan gelýärkäm uçarda bile oturmaly ýaşulym eli dutarly geldi. Sungat işgäri diýip onuň bilen gadyrly salamlaşdim. 

Agam, eliň dutarly weli, bagşymysyň?

Hawa, käte-käte aýdym saz edäýmam bar. Bu wagta şu dutary

bejertmäne barýaryn. Aşgabtda Baýram diýen bir ussa bar. Teke bazarynyň ýanynda ýaşaýar. Özi ermeni bolsa-da, türkmeniň aýdym-sazynyň muşdagy. Dutardyr gyjagy ussatlarça bejerýär. Oglumyň dutaryna şkes ýetdi, şony bagrada görkezeýin, bejerdeýin diýip alyp gaýtdym.

Ýaşulynyň Bagrat ussa diýýäni baeada öňem eşidipdim. Onuň familiýasy Bagdasarow, ýöne il içinde onuň adyny ussa Bagrat diýip tutýarlar. Onuň oglam ussa. Olar türkmeniň saz gurallaryny bejerip at alandyklaryny bilýärdim. Şu gürrüňden soň Türkmen-Ermeni medeni gatnaşyklary barada pikire gitdim.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň “Ermeni gyzy” goşgusy ýadyma düşdi. 2-nji jahan uruşy döwründe agyr ýaralanan şahyry bir ermeni gyzy jeňňelden alyp çykýar. Ölümden halas bolan şahyr, öz halasgärini tanaman, onuň kimdigini bilmän köp gezýär. Ahyram olar tanyşýarlar. Ýöne gözleg döwründe Çary aga ol gyz hakda goşgy ýazýar.
Ol gün ýel öwsýärdi tozadyp gary,
Top oky ýagýardy, ýanýardy däri.
Başymy sypalap bir ýakymly el,
Galmagal içinde bir züat diýdi ol.

Ýadymda däl aýdan sözleriniň bary,
Şulary ýat tutdym şol günden bäri.
“Adym Hina”- diýdi, “özüm Ermeni”,
Şol gyz halas etdi, ölümden meni.

Nirede sen, eý Hina, Ermeni gyzy,
Gezsem taparmykam bütin Saýuzy?.

Türkmen-Ermeni medeni gatnaşyklary barada aýdyljak bolsa, öňi bilen dünýä belli hudožnik Martiros Sarýanyň Türkmenistanda bolup ajaýyp peýzažlar çekendigini belemelidiris. Türkmenler ol suratlara guwanýarlar.
Aram Haçaturýanyň “Goene” baleti türkmen sahnasyna goýulanyndan soň ol kompazitoryň eserlerine höwes hasam artdy. Ussadyň şol baletde ulanan “Gylyçly tans” sazy biziň simfoniki arkestyrymyzyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Aram Haçaturýanyň “Spartak” baledini goýan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kerim Niýazow, şol baletde Türkmenistanyň halk artistleri Ahmet Tursiýanyň, Gülbahar Musaýewa dagylary üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylary begendirmäge ýol açdylar.
Ermeni kompozitory Karen Haçaturýanyň “Çippolina” baletiniň goýulmagy türkmen tomaşaçylaryny az begendirmedi.

Türkmenistanyň halk artisti Daäatar Öwezow bilen Aşgabatda dogulan, on dokuz ýaşyna çenli türkmen duzuny iýen Sergeý Balasanýan bilen dostlukly gatnaşygy olary barha ýakynlaşdyrdy. Sergeý Balasanýan Maskwa kanserwatoriasynyňprofesory bolmak bilen bir hatarda öz Türkmen kärdeşine döredijilik kömegini yzygiderli berdi.
Ençe ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň göwnüni awlan ajaýyp “Palow” tansynyň ýerine ýetirijileriň ilkinjileriniň biriniň Türkmenistanyň halk artisti, ermeni ýigidi Wladimir Agajanowdygyny hem belläsim gelýär. 
Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilen ajaýyp ýadygärliginiň daşynyň Ermenistandan getirilendigini, ermeni daşkeserleri Magtymguly atamyzyň ýadygärligini gözelleşdirmek ýçin ençe wagtlap ýonandyklaryny, kebşirländiklerini aýtmalydyrys.

20-nji asyryň 80-nji ýyllarynda Aşgabatda ermeni sazynyň, Ermenistnada Türkmen sazynyň hepdeligigeçirildi. Ol çäre iki halkyň ýüreginde dostluk gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşandygyny bellemelidiris.

Türkmen saz sungatynyň ösmegine Grigriý Arakelýanyň goşan goşandy çäksizdir. Halk saz gurallary arkestrynyň düýbüni tutyjylarynyň biri bolan Arakelýan, arkestr üçin Türkmen milli sazlarynyň ençemesini işledi, ençeme sazandanyň zähmetiniň toplanmagyna ýol açdy.

Ermeni halkynyň wekilleriniň türkmen sazandalaryny ýetişdirmekde çeken azaby, ýetişdiren hünärmenleri barada aýtjak bolsdaň, fortpiano mugallymy Wiktor Grigorewiçiň adyny uly guwanç bilen tutmalydyrys.

Ol Bäşim Annagurdow, Orazgül Annamyradowa, Aýlar hem Aýna Öwezowlar ýaly sazandalary ýetişdirdi.
Skripka mugallymy Nikolaý Artýomowiçi bolsa, ajaýyp skripkaçylaryň telimsine şu gün hem tälim berip ýör.
Wladimir Mirtumow mugallymçylyk käriniň daşyndan türkmen aýdymçylaryna sazandarlyk edýär, türkmen kompazitorlarynyň fortopiano ýçin ýazan sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Sözümiziň ahyrynda türkmen sahnasynda ermeni dramaturgiAramaşat Papaýanyň “Parižli giýew”, “Hawa dünýä düňderildi” eserleriniň goýulandygyny aýtmalydyrys.

“Dost goly-kemaýat” diýilişi ýaly bu iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň ösmegi, birek-birege bolan guwanjyny, ynamyny ösdürýär. Halklaryň dostlaşmagy dünýäde asudalygyň ösmegine uly goşandyr.
Goý bu gatnaşyk uzagyndan bolsun.
Okalan sany: 780   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05651 sek. ýüklenen baýt: 37636