Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ösümlikleriň ekologiýasyny öwrenmegiň gysgaça taryhy
Ýazylan wagty: 10 мая 2014 Ýazan Sasoltan

 Ösümlikleriň ekologiýasyny öwrenmegiň gysgaça taryhy


   Ösümlikleri öwrenmeklige adamlar örän gadymy wagtlardan başlapdyrlar. Iýmit gözleginde olar ilki bilen iýilýän miweleri, tohumlary, kökleri, klubenleri bolan ösümlikleri saýlap alypdyrlar. Soňundan adamlar zäherli we derman ösümlikleri seljermegi başarypdyrlar. Zäherli ösümliklerden zäherleýji şire alyp peýkamlary we beýleki ýaraglary ýasapdyrlar. Derman ösümlikleri ýaralary we keselleri bejermek üçin ulanypdyrlar.


   Gadymy Müsür piramidalaryndaky we beýleki ýerlerdäki geçirilen gazuw-agtaryş işleri dermanlyk, iýmit we tehniki ösümlikleriň köpüsiniň adamlara biziň eramyzdan öň 2-3 müň ýyl mundan ozal belli bolandygyna güwä geçýär. Mysal üçin, gymmat bahaly süýüm beriji ösümlik bolan zygyr Müsürde, Messopotamiýada we Arabystanda biziň eramyzdan öň 4-5 müň ýyl mundan ozal hem ösdürilip ýetişdirilipdir. Soňra bu ýurtlarda zygyrdan başga süýüm beriji ösümlik, ýagny gowaça bilen çalşyrylypdyr. Gadymy Müsürde bugdaý hem b.e. öň 4 müň ýyldan gowrak wagt bäri ösdürilip ýetişdirilipdir. Peruda we Meksikada geçirilen barlaglar bu ýurtlarda mekgejöweniň, temmäkiniň, kartofeliň, gowaçanyň we beýleki ösümlikleriň örän gadymy döwürlerden bäri bellidigini görkezdi. Gündogar ýurtlarynyň gadymy ymaratlaryndaky ösümlik şekilleri bilen bezelen nagyşlar adamlaryň ir wagtlardan bäri ösümlikler bilen meşgullanandygyny aýdyň görkezýär.


  Ösümlikleriň ösüşine täsir edýän şertler barada Teofrast (372-378 biziň eramyzdan öň) we Pliniýiň ulusy (23-79-njy biziň eramyzdan öň) öwrendiler. Teofrast ösümlikleriň formalary we ösüşi klimata, topraga bagly bolýar diýip aýdýardy. Orta asyrlarda (XIII-nji asyr) Beýik Albert ösümlikleriň ekologiýasy bilen bagly soraglara degip geçdi. Meselem, ösümlikleriň dynç alyşynyň sebäplerini, olaryň ösüşiniň we köpelşiniň iýmitleýşine, günüň ýagtylygyna, topraga baglylygyny belläp geçdi. Soňra XVI-XVIII asyrlarda Æezalpino, Turnefor, Džon Reý , Karl Linneý ýaly botaniklaryň işlerinde ekologiki häsiýetli maglumatlar duş gelýär .


  XVIII-XIX asyrlarda S.P. Kraşeninikow (1711-1755) , I. Gmelin (1709-1755), P.S. Pallas (1741- 1811) ýaly rus akademiklaryň işlerinde ösümlikleriň ekologiýasy barada ýazylýar. Akademik I.I. Lepýohin (1740-1802) çölleriň, tropiklaryň aram zonasynyň ösümlik landşaftyny ýazyp beýan etdi. Ol ösümlikleriň klimata görä ýaýraýşyny, şeýle hem beýik daglardaky ösümlikleriň tundra ösümliklerine meňzeşligini beläp geçdi. Agranom A.G. öz işlerinde mineral duzlaryň ösümlikleriň ýaşaýşyna ähmiýetlidigini we ösümlikleriň aragatnaşygy barada ýazyp geçipdi. Ösümlikleriň geografiýasy diýen ylymyň döremegine ägirt uly orny A.Gumbolda (1769-1859) degişli. Onuň işinde “Ösümlikleriň geografiýasy barada pikirler ” (1807) ösümlikleriň ýaýramagyna temperatura bagly bolýar diýip ýazylypdyr. 1820-nji ýylda fransuz alymy O.P.Dekandol (1778-1841) “Ösümlikleriň başlangyç geografiýa oçerki” diýen kitaby çykýar. 1832-nji ýylda Dekandol aýry bir ylym hökmünde “Epirrelogiýany” öňe sürýär. Epirrologiýa diýmek, häzirki zaman autekologiýa diýmek.


1859-njy ýylda Æ.Darwiniň ewolýusion taglymaty ekologiýanyň taryhynda hem uly orun eýeledi. Botaniki geografiýasyndan dörän Ösümlikleriň ekologiýasy aýratyn bir ylym bolup ýüze çykdy. Ösümlikleriň ekologiýasy diýen ylmyň ösmegine uly orun rus alymy Beketowa (1825-1902) degişlidir. “Ösümlikleriň geografiýasy” (1896) diýen işinde Beketow “Biologiki toplum” diýen düşünjäni kesgitleýär. Biologiki toplum - bu taryhy ösüş (ewolýusion) prosesinde ösümlikleriň daşky şertleriň jemine uýgunlaşmagydyr.


   XIX asyryň başyna ösümlikleriň ýaýramagyna klimatiki faktorlar (temperatura, ygallar we ş.m.) göz öňünde tutulan bolsa, XIX asyryň aýagyna bolsa, toprak faktoryna uly ähmiýet berildi. Kem-kemden ekoglar topragyň duzlylygyna, gar örtüginiň güýjüni, topragyň aerasiýasyny, grunt suwlary we ş. m.öwrenmegiň zerurlygyna göz ýetirdiler. 1913-nji ýylda nemes alymy O. Drude “Ösümlikleriň ekologiýasy ” diýen kitaby ýazyp çykarýar . XX asyrda ekologiki barlag usulary arkaly täze bir ekologiki faktorlary göz öňüne tutup başlaýarlar. Meselem: ýagtylyk periodynyň uzynlygy, ýagtylygyň spektral düzümi, toprak erginiň reaksiýalary, mikroelementleriň täsirini we ş. m .


Daşky gurşawa adamlaryň täsiri güýçleneni bäri hökmany senagat gazlaryny, radiasiýany, agyr metallaryň zyňyndylaryny öwrenmägine mejbur boldular.


Ösümlikler bilen topragyň arabaglanşygyny P. A. Kostyçew, A.A. Izmailskiý, W.W. Dokuçaýew öz işlerinde ýazyp geçdiler. Akademik B.A.Keller ekologiýada täze bir ugry “dinamiki ekologiýany ” öwrendi. Soňra ekologiki fiziologiýa giňden öwrenildi.


Okalan sany: 867   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07131 sek. ýüklenen baýt: 36227