Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ADAM BEDENINIŇ GURLUŞYNYŇ UMUMY AÝRATYNLYKLARY.
Ýazylan wagty: 12 мая 2014 Ýazan Sasoltan

           Adam bedeniniň ulgam hökmündäki gurnalyş derejeleri.


  Ynsan bedeniniň gurluşy örän täsin we çylşyrymly. Onuň çäginde bolup geçýän dürli fiziologik hadysalar, bedeniň ähli synalarynyň ýerine ýetirýän wezipeleridir hyzmatlary biri-birleri bilen berk baglanyşykly. Çaganyň bedeni dünýä inen gününden başlap, tä ömrüniň soňuna çenli bolan ýaş aýratynlyklarynyň dürli döwürlerinde daşky gurşaw bilen hemişe üznüksiz gatnaşykda bolýar. Munuň nähili amala aşýandygyny öwrenmek bolsa adam bilen iş salyşýanlaryň öňünde durýan esasy meseleleriň biridir.


     Adam bedeni gurluşy we ýerine ýetirýän wezipeleri boýunça çylşyrymly bitewi bir ulgam hökmünde gurnalandyr. Ol birnäçe özboluşly ulgamlardan ybarat bolup, onuň iň kiçijik ýönekeý bölegi hem öýjükdir. Adamyň bedenini jemi 100 trilliondan hem köpräk öýjükler emele getirýär. Öýjükleri adaty göz bilen görüp, öwrenip bolmaýar, şonuň üçin olar mikroulgam hökmünde ýüze çykýarlar. Öýjükleriň bir topary beýleki öüjüklerden özboluşlylygy, gurluşy boýunça tapawutlanýarlar. Gelip çykyşy, gurluşy we ýerine ýetirýän wezipesi boýunça birmeňzeş bolan öýjükler jemlenip dokumany emele getirýärler. Dokumalaryň esasy görnüşleri haýsylar-ka? Olar: epiteliý, birleşdiriji we içki gurşawyň dokumalary, myşsa hem-de nerw dokumalarydyr. Dokumalaryň her biri kesgitli wezipäni ýerine ýetirýär we şonuň esasynda ýöriteleşen häsiýetlere eýe bolýar. Meselem, myşsa dokumasy üçin mahsus häsiýet ýygrylmak we ýazylmakdyr. Nerw dokumasy üçin bolsa duýujylyk-gyjynyjylyk we geçirijilikdir. 18


Dokumalar bileleşip synany (organy) emele getirýärler. Synalar bedende hemişelik ýagdaýy eýeleýärler we kesgitli ýerde ýerleşýärler, ýagny olar topografik ähmiýetlidir. Olaryň hersiniň düýpli gurluşy bolýar we kesgitli wezipäni ýerine ýetirýär. Meselem: ýürek bedende sorujy-iterijiniň (nasosyň) wezipesini ýerine ýetirmek bilen ähli synalara hem-de dokumalara ganyň barmagyny üpjün edýär we ş.m. Syna dokumanyň dürli görnüşlerinden düzülendir, ýöne olaryň arasynda dokumanyň haýsy hem bolsa bir görnüşi esasy häsiýete eýe bolup, synanyň amala aşyrýan esasy wezipesini kesgitleýär.


Synalaryň bileleşip, kesgitli bir wezipäni ýerine ýetirmekleri bolsa synalar ulgamyny emele getirýär. Meselem: tüýkülik (sülekeý) mäzleri, gyzylödek, aşgazan, aşgazanasty mäzi, bagyr, içegeler – iýmitleniş ulgamyny, ýürek we gan damarlary bolsa gan aýlanyş ulgamyny emele getirýärler.


Öýjüklerden başlap, synalar ulgamynyň ählisiniň işjeňligi belli bir bitewi ulgama eýerýärler. Bedeni gurnap duran her bir gurnama (struktura) birligi bedeniň özüni alyp barşyna, ýaşaýyşyna kesgitli wezipäni ýerine ýetirmek bilen öz goşandyny goşýar.


Islendik janly bedeniň, şol sanda adamyň hem ýaşaýyşynyň bütin dowamynda iki sany özara üznüksiz baglanyşykly hadysa – assimilýasiýa we dissimilýasiýa hadysalary geçip durýar. Olar biri-biri bilen şeýle ysnyşykly hadysadyr, şonuň üçin aýry-aýrylykda, üzňelikde göz öňüne getirmek asla mümkin hem däl.


Madda çalşygy hadysasy mahalynda çylşyrymly iýmit maddalaryň ýa-da olaryň düzüm bölekleriniň dargamagy netijesinde biologik ýaşaýyş üçin zerur bolan energiýa bölünip çykýar. Bölünip çykan şol energiýa beden tarapyndan belli bir işi amal etmekde peýdalanylýar, ýagny aýry-aýry synalar ulgamlarynyň işjeňligi üpjün edilýär, şeýle hem assimilýasiýa hadysalaryna, has takygy, çylşyrymly maddalaryň emele gelmegi (sintezi) üçin sarp edilýär.


   Adam bedeniniň çagalyk döwründe, haçan-da güýçli boý alyş bolýan wagtynda assimilýasiýa hadysasy dissimilýasiýa garanyňda agdyklyk edýär, garrylyk çagynda bolsa, tersine, dissimilýasiýa assimilýasiýa hadysasyna garanyňda agdyklyk edip başlaýar.


Adam bedeninde dokumalaryň könelişen (ötüşen) öýjükleri dargadylyp, täze öýjükler bolsa emele gelip durýar. Meselem: içegäniň nemli örtüginiň ýokarky gatlagynyň ölen öýjükleriniň ýerini içegäniň nemli örtüginde emele gelýän we ösýän täze öýjükler eýeleýärler.


    Biziň bedenimizdäki ganyň öýjükleri hem edil şeýle häsiýete eýedirler. Meselem: gyzyl gan öýjükleri bolan eritrositler bary-ýogy 130 gün töweregi ýaşaýarlar. Şondan soň bu gyzyl gan öýjükleri dargaýarlar we gan emele getiriji synalaryň gatnaşmagynda ganda täze ýaş gyzyl gan öýjükleri peýda bolýarlar. Adamyň ýaşaýyşynyň dowamynda gan öýjükleri örän köp gezek täzelenip durýar. Üznüksiz täzelenişe deri örtügi hem degişlidir. Ýagny deri örtüginiň ýokarky gatlaklarynyň öýjükleri üznüksiz buýnuzlaşýarlar, ölýärler, gopup aýrylýarlar we olaryň ornuny täze öýjükler eýeleýärler.


   Daşky gurşawdan biz bedenmize kislorody we iýmit maddalary kabul edýäris hem-de ýaşaýyş işjeňligi netijesinde emele gelen ahyrky önümleri daşky gurşawa bölüp çykarýarys. Şu ýerden görnüşi ýaly, beýleki ähli jandarlarda bolşy ýaly, adam bedeni daşky gurşaw bilen hemişe baglanyşyklydyr. Adam bedeni ýapyk ulgam däl-de, eýsem ol açyk bitewi çylşyrymly ulgamdyr. Ýöne çylşyrymly ulgam aýry-aýry synalaryň we öýjükleriň jemi däldir. Bedendäki ähli öyjükler, dokumalar we synalar biri-birleri bilen bitewilikde berk baglanyşyklydyr. Olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri bolsa daşky gurşawyň özara täsirine bagly bolup durýarlar. Adam bedeni daşky gurşawyň dürli täsirlerini özüniň ýaşamagy we ösmegi üçin peýdalanýar. Şol sebäpli hem, M.I.Seçenow adamyň fiziologiýasyna ylmy kesgitleme berende, oňa täsir edýän gurşawy-da girizipdi. Bitewi bedeniň fiziologiýasy fiziologik hadysalaryň sazlanyşygynyň diňe bir içerki mehanizmlerini däl-de, eýsem bedeniň daşky gurşaw bilen bitewiligini we özara täsirini üpjün edýän mehanizmleri hem öwrenýär.


                      Gomeostaz hakynda düşünje.


   Adam bedeniniň ýaşaýyş işjeňligini üpjün edýän hadysalaryň ählisi bedeniň diňe içki gurşawynyň hemişeliginiň saklanan şertlerinde amala aşyp biler. Bedeniň içki gurşawyna gan, limfa we öýjügara suwuklyk degişli. Bedeniň içki gurşawynyň himiki düzüminiň we fiziki-himiki häsiýetleriniň hemişelik saklanmaklyk ukybyna gomeostaz diýilýär. Şeýle hemişelik hadysa bolan ukyp gan aýlanyş, dem alyş, iýmitleniş, bölüp çykaryş we ş.m. ulgamlaryň üznüksiz işi, gan öýjükleriniň we synalaryň özara täsirini üpjün ediji biologik işjeň himiki maddalaryň bölünip çykarylmagy arkaly saklanylýar.


   Gomeostaz düşünjesini ilkinji teklip eden U.Kennon (1929) bolup, bedeniň durnuklylygyny üpjün ediji ýagdaýlary we hadysalary häsiýetlendirmekde ulanypdyr. Emma bedeniň içki gurşawynyň hemişeligini saklamaga gönükdirilen fiziologik mehanizmler hakyndaky pikiri K.Bernar XIX asyryň ikinji ýarymynda aýdypdyr.


   Ýer togalagynda ýaşaýyşyň döremegi, bir öýjükli jandarlaryň ýüze çykmagy daşky gurşawyň şertlerinden tapawutlylykda, öýjügiň ýaşaýyşynyň bütin dowamynda ýaşaýyşa ýöriteleşen fiziki-himiki hadysalaryň emele gelmegi we üznüksiz saklanmagy bilen baglanyşyklydyr. Köp öýjükli jandarlarda içki gurşaw ýüze çykýar we onda dürli synalaryň we dokumalaryň öýjükleri ýerleşýärler. Bularda gomeostaz hadysasynyň geçiş mehanizmleriniň ösüşi we kämilleşmesi mese-mälim duýulýar. Ewolýusiýanyň dowamynda gan aýlanyşyň, dem alyşyň, iýmitlenişiň, bölüp çykaryşyň we gomeostazy saklamaga gatnaşyjy beýleki ulgamlaryň ýöriteleşen synalary kemala gelýärler. Deňizde ýaşaýan oňurgasyzlarda içki gurşawynyň göwrümi, ion düzümi we pH-y babatdaky gomeostatik mehanizmleri bolýar. Süýji suwlarda we gury ýerde ýaşamaga geçen, şeýle hem süýji suwlardan deňiz suwuna göçüp barýan oňurgalylarda bedeni içindäki işjeň maddalaryň konsentrasiýasynyň hemişeligini üpjün ediji osmos sazlanyşygy ýüze çykýar. Gomeostaz hadysasy süýdemdirijilerde, şol sanda adamda has hem kämil ýagdaýa eýedir.


   Bu hadysanyň kämil ýagdaýa neneňsi eýedigine bedendäki bolup geçýän dürli fiziologik hadysalaryň özara sazlanyşygynyň görnüşlerini öwrenmek arkaly has anyk göz ýetirmek bolýar.


    Bedeniň çäginde amala aşýan wezipeleriň sazlanyşygynyň görnüşleri we olaryň häsiýetnamasy.


   Adam bedeniniň çäginde bolup geçýän dürli fiziologik hadysalar dürli ýollar arkaly sazlanyp durýarlar. Bedeniň ýaşamagyny goldaýan we munuň üçin zerur şertleri döredýän fiziologik wezipeleriň öz-özünden sazlanmak (regulirlenmek) hadysalary üznüksiz bolup geçýär. Şol hadysa öz-özünden sazlanmak ýa-da samoregulýasiýa diýilýär.


Sazlanmagyň bu görnüşi biologik ulgamlara mahsus häsiýet bolup, ol ýa-da beýleki fiziologik ýa-da biologik görkezijileriň kesgitli bir otnositel hemişelik derejesine ýetirilmegi we saklanylmagydyr. Başgaça, bu hadysa öz-özünden kadalaşdyryjy hadysadyr.


Adamda öz-özünden kadalaşdyryş mehanizmleriniň kömegi arkaly ganyň fiziki-himiki häsiýetleriniň, ganyň basyşynyň, bedeniň temperaturasynyň we ş.m.-leriň otnositel hemişelik derejeleri saklanýar. Sazlanylýan ýa-da kadalaşdyrylýan hadysa bilen sazlaýjy ýa-da kadalaşdyryjy ulgamyň arasyndaky jogap, ýagny merkezi sazlaýja ahyrky netije hakyndaky habaryň (informasiýanyň) gelmegi öz-özünden kadalaşdyryş hadysasynyň esasy şertleriniň biridir.


    Gumoral sazlanma ýada gumoral regulýasiýa (“humor” latyn sözi bolup, “suwuklyk” diýmegi aňladýar) – bu bedendäki ýaşaýyş işjeňliginiň hadysalaryny gözükdiriji (koordinirleýji) hadysalaryň biri bolup, ol öýjükler, dokumalar, synalar tarapyndan bölünip çykarylýan biologik işjeň maddalaryň kömegi arkaly bedeniň suwuk gurşawlarynda, ýagny ganda, limfada we dokuma suwuklygynda amala aşyrylýar. Sazlanmanyň bu görnüşi has gadymylygy bilen hem tapawutlanýar. Ewolýusiýanyň dowamynda bedeniň ösmegi we çylşyrymlaşmagy bilen onuň aýry-aýry bölekleriniň arasyndaky özara baglanyşyklaryň, şeýle hem olaryň işjeňliginiň üpjün edilmeginde nerw ulgamy tarapyndan döreýän nerw sazlanmasy häzirki wagtda birinji derejeli ähmiýete eýedir.


   Nerw ulgamy bedeniň ähli synalaryny we öýjüklerini bitewi bir ulgama birleşdirýär we olary baglanyşdyrýar. Olaryň işjeňligini geregiçe üýtgedýär we kadalaşdyrýar, bedeni daşky gurşaw bilen hemişe baglanyşykda saklaýar. Kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gabygy merkezi nerw ulgamynda (MNU-da) daşky gurşawyň üýtgeýän şertlerini, şeýle hem bedeniň içki ýagdaýynyň şertlerini kabul edýän esasy bölümdir. Şonuň netijesinde hem janly beden ýaşaýyşyň hemişe üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşýar, ýöriteleşýär we ösýär.


    Nerw we gumoral sazlanmalarynyň geçiş mehanizmleri biri-birleri bilen özara baglanyşyklydyr. Bedende emele gelýän işjeň himiki maddalar nerw öýjüklerine hem öz täsirlerini ýetirýärler, ýagny olaryň işleýiş (funksional) ýagdaýyny üýtgedýärler. Köp sanly işjeň himiki maddalaryň emele gelmegi we olaryň gana barmagy diňe nerw ulgamynyň sazlaýjy täsirleriniň astynda kadalaşdyrylýar. Şu ýerden görnüşi ýaly, nerw-gumoral ulgamy bedeniň aýry-aýry synalaryny bitewi bir ulgama birleşdirýär we şol bir wagtda beden bilen daşky gurşawyň arasyndaky özara gatnaşyklary üpjün edýär


Okalan sany: 3567   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06653 sek. ýüklenen baýt: 43009