Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ösümlikleriň ekologiýasy barada esasy kesgitlemeler
Ýazylan wagty: 12 мая 2014 Ýazan Mayichka

 


   Esasy kesgitlemeler we düşünjeler


Biziň daş -töweregmizi gurşap alan tebigat dürli janly-jandarlaryň tertipsiz utgaşmasy bolman, eýsem organiki dünýäniň ewolýusiýa hadysasynda taryhy dörän we ýeterlik derejede durnukly düzülen ulgamydyr. Bu ulgamda her bir görnüş belli bir orun tutýar. Aýry-aýry wekilleriň (osoblaryň), şeýle hem populýasiýalaryň agzalarynyň (ösümlikler we haýwanlar) gurşap alýan gurşawy bilen özara täsirini öwrenmeklik ekologiýanyň paýyna düşýär.


    Ekologiýa – janly bedenleriň öz arasyndaky hem-de daşky gurşawyň organiki däl tebigaty bilen gatnaşyklary, bedenden ýokarky tebigy ulgamlardaky baglanyşyklar, şol ulgamlaryň gurluşy we hereketi baradaky ylymdyr. Ekologiýa özbaşdak ylym hökmünde diňe XIX asyryň ortalarynda ýüze çykdy. Onuň ylym hökmünde döremegine Ýer ýüzündäki janly bedenleriň köpdürlüligi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada toplanan köp sanly maglumatlar itergi berdi. Bedenleriň diňe bir gurluşy we ýaşaýşy däl, olaryň daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklary hem kesgitli kanunalaýyklyklara tabyndyr. Şol kanunalaýyklyklaryň ýörite we jikme-jik öwrenilmegi möhümdir.


    Ekologiýa diýmek munuň özi grek sözünden “oýkos”- “ýaşaýan ýerim” we “logos”- “ylym” diýen sözlerinden gelip çykandyr. 1866-njy ýylda Ernst Gekkel tarapyndan ilkinji gezek “ekologiýa” kesgitleme berildi we özbaşdak ylym hökmünde girizildi . Botanika bu kesgitlemäni ilkinji gezek Ye. Warming 1895-nji ýylda girizdi . 1954-nji ýylda III halkara ekologiki konferensiýada häzirki zaman ekologiýanyň mazmununy kesgitlendi:


1. Organizimleriň uýgunlaşmagyny öwrenmek;


2. Görnüşleriň ýaşaýyş formalaryny, ýagny populýasiýanyň kanunalaýyk döreýşini we ösüşini öwrenmek.


3. Biosenozlaryň ösüşiniň we kemala gelişiniň kanunalaýyklygyny öwrenmek, başgaça organizmleriň belli bir ýaşýan ýerleriniň şertlerine görä aragatnaşyklaryny öwrenmek.


1896-njy ýylda Şrehter we Kirhner ekologiýany iki bölege böldiler :


1) autekologiýa- (görnüşleriň ekologiýasy )


2) sinekologiýa - (tebigy toparlanmalaryň ýa-da birleşmeleriň ekologiýasy)


Bu kesgitleme 1910-njy ýylda Brýusselde geçirilen III Halkara botaniki kongressde berildi .


   Beýleki tebigy ylymlaryň ulgamynda aýratyn bölünýän ekologiýa ylmy häzirki wagtda hem ösüşini dowam etdirýär, özüniň mazmunyny baýlaşdyrýar we wezipelerini giňeldýär. Häzirki zaman ekologiýa ylmy tebigatdan rejeli peýdalanmagyň, ondan tygşytly peýdalanmagyň we ygtybarly gorap saklamagyň nazary (teoretiki) esasy hasaplanýar. Tebigat bilen adamzat jemgyýetiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny (strategiýasyny) işläp düzmekde ekologiýa ylmyna esasy orun degişlidir.


Ekologiýa häzirki wagtda güýçli depgin bilen ösýän ylym hasaplanýar.


Okalan sany: 886   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05465 sek. ýüklenen baýt: 32900