Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Genetika we zoogeografiýa ylymlarynyň ösüşiniň gysgaça taryhy
Ýazylan wagty: 12 мая 2014 Ýazan Mayichka

                      Genetika we zoogeografiýa ylymlarynyň


                                  ösüşiniň gysgaça taryhy


    Genetikanyň başlangyjy - amalýetdir. Gadym wagtlardan başlap, adam öý haýwanlaryň we medeni ösümlikleriň alamatlary gowuladýardy. Ol öz üçin iň gowy bolan alamatly osoblary çaknyşdyryp täze sortlary we tohumlary alýardy. Emma näme üçin belli alamatlar ýüze çykýandygy ona nämälimdi. XIX asyrda biologiýa beýan ediji ylymdan tejribeli ylyma öwrüldi. Şol wagtda öýjük nazaryýeti we ewolýusion nazaryýeti döräpdirler. Genetikanyň resmi doglan ýyly hökmünde 1900-njy ýyl hasaplanylýar. Şol ýylda üç botanikler biri-birinden garaşsyz alamatlaryň nesle geçijiligiň ilkinji kanunlary açdylar : Gugo de Friz - Gollandiýada, Karl Korrens - Germaniýada we Erih Çermak - Awstro - Wengriýada. Emma sonra mälim bolşy ýaly - şol kanunlary 35 ýyl ondan ozal çeh alym Gregor Mendel açdy. Mendel öz wagtyndan öne ötüp geçdi. “Ösümlik gibridler bilen tejribeler” atly makalany ol 1865-nji ýylda ylmy žurnalda çap etdi. Şol wagt alymlar Mendeliň işleriň ähmiýetine düsünmediler we ony çalt unutdylar. Häzir bolsa ylmy jemgyýet bu makalany genetikanyň başlangyjy hökmünde hasap edýärler. Mendeliň tejribelerin üstünlikli bolmagynyň sebäbi näme? Ol öz işlerinde täze usullar bilen ulandy : tejribe geçirmek üçin ol ösümlikleriň arassa liniýalary alýardy we hasaplama derňew bilen peýdalanýardy. Mendeliň mukdar derňewiniň usuly (her fenotipiki klasyň osoblaryň sanyny hasaba almak) henizem peýdalanylýar. Öz tejribelerden Mendel iki esasy netije çykardy : 1) alamatlar nesle geçijiligin factorlar bilen kesgitlenilýärler, sol faktorlar jyns öýjükler arkaly nesle geçýärler; alamatlar hiç haçan ýitirilmeýärler, olar elmydama saklanyp galýarlar.


1900-njy ýyldan başlap genetika ylmy ösüp başlady. “Gen” adalgany 1901-nji ýylda Iogansen teklip etdi. Lýusýen Kono (Fransiýa), Betson (Beýik Britaniýa), Kastl (ABŞ) Mendeliň kanunlary başga organizmleriň ugrunda tassykladylar. 1901-nji ýylda de Friz mutasion nazaryýeti teklip etdi. 1903-nji ýylda Iogansen (Daniýa) populýasion genetikany esasllandyrdy.


1922-nji ýylda N.I. Wawilow nesle geçýän üýtgeýjiligiň gomologiki hatarlaryň kanuny döretdi. Ol hem medeni ösümlikleriň genetiki merkezler hakynda nazaryýeti esaslandyrdy. 1925-nji ýylda Nadson we Filippow kömelekleriň genetikasyny işläp taýýärladylar ; 1927-nji ýylda Mýoller drozofila siňeklerde emeli mutasiýalary alyp bildi. Şol ýylda hem Karpeçenko poliploidlaryň esasynda gibridleri aldy. Şu wagtlarda rus, sowet genetikasy dünýäde iň güýçlidi. Başga ýurtlardan alymlar olaryň ýanyna öwrenmäge gelýärdiler. Kolsow, Wawilow, Çetwerikow, Timofeýef - Resowskiý dünýäniň iň öňde barýan ylmy halypalardy. Emma otuzynjy ýylladrda, stalinizm güýçlenende olary çetleşdirip başlapdyrlar. Hakyky ylmyny köýýän akademik Lysenko Stalinyň ünsüni öz nädogry nazaryýetlere öwürdi. Şol döwürde iň meşhur alymlary kynçylyklara sezewar boldular. Genetika ylmyň özi bolsa - peýdasyz, zyýan getirýän buržuaz ylmy ýaly hasap edilýärdi. Beýik alym Wawilow tussag edilip, aradan çykdy.


Diňe 60-njy ýyllardan başlap öňki Sowet Soýuzyň genetikasy aýagyna galdy. Emma çalt ösýän ylym üçin - 30 ýyl - uly möhletdir. Bu wagtyň içinde ösen ýurtlarda molekulýar genetikasynyň esaslary döräpdirler. Bu zat gynanç bolsa-da, henizem öňki Sowet Soýuzyň ýurtlary öňde barýan molekulýar genetikasyndan, biotehnologiýadan şol ýurtlardan ýzda galýarlar. Muňa garamazdan, käbir hususy genetikasynyň pudaklardan biz beýlekiler bilen deň derejedediris. Mysal üçin biziň Türkmenistanymyzda inçe süýümli gowaçanyn genetikasy we seleksiýasy ösendir. Garaşsyzlygy gazanandan soň bu pudagyň üstünlikleri has ýokarlanýarlar. Ylmyň başga pudaklary ösdürmek üçin hem mümkinçilikler bar.


Haýwanlaryň geografiki ýaýraýyşlaryny eýýäm Aristoteliň döwründen öwrenilip başlanypdyr. Ýöne olaryň öwrenen haýwanlaryň sany has az bolupdyr. Şol döwrüň maglumatlary diňe Ortaýerdeňziň töweregindäki ýurtlar bilen çöhlenipdir. Diňe geografiki açyşlaryň döwründen başlap ylymlaryň köpüsi, şolaryň içinden hem zoogeografiýa ylmy has ösüp başlanýar. Şol döwürlerde ýurtlaryň açylmagy netijesinde alymlary käbir zatlar geň galdyrýardy.


Meselem: “Näme üçin dürli materiklerde birmeňzeş görnüşler duş gelýär?”, ýa-da Näme üçin Awstraliýada duş gelýän haýwanlar beýleki ýerlerde duş gelenok?” – ýaly soraglar ýüze çykýardy. Bu sowallara dürli alymlar dürli jogap berýärdiler.


1749-njy ýylda belli şwed alymy – sistematik K.Sinneý haýwanlaryň geografiki ýaýraýşyny güýç ýa-da hudaý tarapyn döredilipdir diýip düşündirilýär.


1777-nji ýylda Simmerman haýwanlaryň geografiki ýaýraýyşy barada ýazan kitabynda zoogeografiýanyň manyny we meselelerini kesgitläpdi. Simmerman bilen bilelikde fransuz alymy Býufon zoogeografiýa ylmynyň döredijileri diýip hasaplanýarlar. 1844-nji ýylda A.Wagner süýdemdirijileriň geografiki ýaýraýşynyň esasynda gury ýeri 8 sany soogeografiki oblastlara bölüpdir. 1846-njy ýylda E.Forbş zoogeografiýada taryhy ugry ilkinji ulanan alym. 1853-nji ýylda Praga uniwersitetiniň professory L.Şwarda haýwanlaryň geografiki ýaýraýşy barada kitap çap edipdir. L.Şiwarda öz kitabynda zoogeografiýanyň ekologiki bölümini gowy görkezipdir hem-de dünýä ummany bilen gury ýeriň zoogeografiki oblastlarynyň kartasy görkezipdir. 1859-njy ýylda Ç.Darwiniň görnüşleriň gelip çykyşy barada kitabynyň çapdan çykmagy zoogeografiýada ewolýusion taglymatyny ulanmaga ýardam berdi. 1876-njy ýylda A.Uollessiň “Haýwanlaryň geografiki ýaýraýyşy” kitaby çapdan çykdy. Kitapda diňe ýaşaýan haýwanlaryň ýaýraýşy däl-de, şeýle hem öň ýaşäp giden haýwanlaryň ýaýraýşy barada giňden ýazylypdyr. Mundan başga-da A.Uolless kitabynda Ýer togalagynyň zoogegrafiýanyň bölümçesine uly üns beripdir. Deňziň zoogeografiýanyň baştutany diýip A.Drtman 1896-njy ýylda “Deňziň zoogeografiýanyň” kitaby ýazandan soň hasaplanyp shemasy häzirki wagtda hem aktuallygy ýitirenok.


Okalan sany: 1548   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16479 sek. ýüklenen baýt: 35287