Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi
Ýazylan wagty: 13 мая 2014 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi
11.05.2014

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we habarçylarynyň sowallaryna jogap berdi 

– Hormatly jenap Prezident! Ilkinji sowaly bermezden öňürti biz Hytaý Halk Respublikasynyň žurnalistler toparynyň adyndan Sizi we tutuş türkmen halkyny şu ýyl diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem beýleki ýurtlarda, şol sanda Hytaýda bellenilýän şanly sene bolan we döredijiligi tutuş adamzadyň ruhy-medeni hazynasynyň möhüm bölegi bolup durýan Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýäris. 

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Siz, hormatly jenap Prezident we HHR-iň başlygy Si Szinpin biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykardyňyz. Siz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine nähili baha berýärsiňiz? Sag boluň. 

– Men ilkinji nobatda diňe biziň milli däl, eýsem dünýä edebiýatynyň beýik wekilleriniň biriniň ýubileýi mynasybetli aýdan gutlaglaryňyza minnetdarlyk bildirýärin. Magtymguly Pyragy taryhyň kyn döwründe ýaşady we döretdi. Ol özüniň döredijiligi bilen adamlaryň kalbynda ýagty umytlary we asylly başlangyçlary oýardy. Magtymguly diňe şahyr hökmünde beýik bolman, eýsem ol bir maşgala ýaly bolup agzybir ýaşaýan türkmen halkynyň garaşsyz Watany hakynda arzuw eden akyldar-filosof hökmünde-de beýikdir. Munuň özi kuwwatly döwlet, bagtyýar durmuş hakyndaky beýik arzuw bolup, ol berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýip halkymyzyň adalatly atlandyran döwründe amala aşdy. 

Siziň dogry belleýşiňiz ýaly, beýik şahyryň şanly senesini türkmen halky bilen birlikde dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Hytaýda giňden dabaralandyrýarlar. Biz munuň üçin Hytaýly dostlarymyza minnetdardyrys. 

Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly öz eserlerinde gadymy türkmen dessurynda halkymyzyň Çyn-Maçyn diýip atlandyryşy ýaly, Hytaý barada köp gezek gaýtalaýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu at «Beýik Sin» diýen manyny berýär. Taryhy çeşmelerde bu beýik şahyryň Hytaýa barandygy barada maglumat bolmasa-da, onuň şahyrana döredijiliginde «Çyn-Maçyn, Rum (ýagny, Türkiýe), Horezmi ýördüm ykbal agtaryp...» diýen ýaly setirler duş gelýär. 

Magtymguly Hytaýda bolmadyk hem bolsa, onuň eserlerinde bu ýurda bolan höwesi aýdyň görünýär: «Göwün istär, gezsem Çyn-Maçyn». Mundan başga-da, Hytaý şahyrana keşpde özüne çekiji pursatlaryň biri bolupdyr. Beýik türkmen şahyry ony öz döredijiliginde giňden ulanýar. 

Türkmen-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, ol öz gözbaşyny taryhyň çuňlugyndan alyp gaýdýar. Ol iki müň ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň hereket etmegi netijesinde has-da aýdyň görnüşe geçýär. Häzirki dilde aýtsak, munuň özi öz döwri üçin ulag ugry bolupdyr. Ol gadymy döwürde Hytaýyň iň irki paýtagty bolan Sian şäherini türkmenleriň Merw (häzirki Mary) şäheri bilen baglanyşdyrypdyr. 

Hut şu künjekden söwda kerwenleri ýüpek, farfor, çaý we başga-da birnäçe Hytaý harytlaryny Ýewraziýa yklymynyň birnäçe künjeklerine ýetiripdirler. Mundan başga-da Ýüpek ýoly sebitiň ýurtlaryny diňe bir söwda gatnaşyklary bilen däl, eýsem gumanitar ugurlar boýunça-da baglanyşdyrypdyr. Ol Gündogaryň we Günbataryň iki beýik medeniýetleriniň ylmyny, medeniýetini baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, häzirki döwürde sazlaşykly ösýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň binýady gadymyýetde biziň paýhasly pederlerimiziň döwründe goýlupdyr. 

Häzirki döwür hakda aýdylanda bolsa, Hytaý Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň döwletara gatnaşyklarymyz hemişe netijeli, işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda gatnaşyklar has-da sazlaşykly ösdi. Hytaý häzirki döwürde Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda birinji orunda durýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda, ýagny 2009-njy ýyldan başlap, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösüşi 6 essä golaý ýokarlandy! 2013-nji ýylda haryt dolanyşygynyň ösüşi 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 105,4 göterime barabar boldy. 

Türkmenistandan Hytaýa eksport edilýän önümleriň esasylary tebigy gaz, nebit önümleri, organiki däl himiýa önümleri, pagta süýümi, matalar, nah ýüplük, taýýar dokma önümleri, buýan köküniň toşaby, deri çig mallary we deri, ýüň, duz, kükürt, sement we beýlekilerdir. 

HHR-den biziň ýurdumyza ugradylýan harytlaryň sanawynda tehnologiki enjamlar, gara metal önümleri, elektrik maşynlary we enjamlary, ulag serişdeleri, lokomotiwler, dürli görnüşli gurallar we optiki enjamlar, mebel, alýumin önümleri, plastmas önümleri we beýlekiler möhüm orun eýeleýärler. 

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Siziň ýadyňyzdadyr, şonda biziň sazlaşykly ösýän gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlaryny diňe bir berkitmek däl, eýsem olaryň täze ugurlaryny kesgitlän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. 

Biziň strategik gatnaşyklarymyzyň geljegi barada aýdylanda bolsa, biziň pikirimizçe, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy milli bähbitleri we biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, syýasy, ykdysady, maliýe, medeni - gumanitar pudaklarda, energetika, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, kosmos barlaglary we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriler. 

Şeýlelikde, Hytaý Türkmenistan bilen gatnaşyk babatda öňdäki orunlary eýeleýär we onuň mümkinçilikleri ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleriniň has-da artmagyna esas döredýär. 

– Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň energetika döwletidigi hemmeler üçin mälimdir. Hytaý bolsa öz gezeginde dünýäde energetika serişdelerini iň köp sarp edýän ýurtlaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy okgunly ösýär we bu ugurda oňyn netijeler gazanyldy. Siz iki ýurduň we sebitiň ösüşi babatda türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygynyň geljegine we onuň ähmiýetine nähili baha berýärsiňiz? Sag boluň. 

– Dogrudan-da, türkmen - hytaý gatnaşyklarynyň köp ugrunda gaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. Ýurtlaryň ikisi-de birek-biregi ýangyç-energetika toplumyndaky möhüm hyzmatdaş hasaplaýar. Dünýäde iri gaz geçiriji bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini häzirki şertlerde biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň dostlugyny pugtalandyran Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi diýip atlandyrylsa bolar. Munuň özi örän ähmiýetlidir. Dünýäniň iň iri gaz geçirijisi birnäçe ýurtlaryň çäginden geçip, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazarlaýar. Bu bolsa ägirt uly sebitleriň durnuklylygynyň pugtalanmagyny, olaryň gülläp ösmegini şertlendirýär. 

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi Türkmenistan - Hytaý yklymüsti gaz geçirijisi üçin serişde binýady bolup hyzmat edýär. Bu çäkde ýerleşen känleri abatlamak we işläp taýýarlamak işlerini Hytaýyň milli nebit gaz korporasiýasy (CNPC) alyp barýar. 

Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen gazy Hytaýyň birnäçe künjeklerine, Ýuwaş ummanyň kenarlaryna çenli baryp ýetdi. Ýöne munuň özi mümkinçiliklerimiziň aňry çägi däldir. Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýedigini gaşarsyz halkara auditiň netijelerine daýanmak arkaly abraýly bilermenler birnäçe gezek tassykladylar. Munuň özi diňe barlag geçirilen uglewodorod gorlaryna degişlidir. Uglewodorod gözleýjiler Türkmenistanyň gaz känli ýerlerini öwrenmegi dowam edýärler. Olar türkmen topragynyň bimöçber baýlyklary barada täze maglumatlary aýan edýärler. 

Muňa mysal edip «Galkynyş» ýatagyny görkezse bolar. Häzirki döwre çenli bu käniň möçberleri we gorlary anyk kesgitlenmändigine garamazdan, halkara klassifikasiýa laýyklykda ol ägirt uly ýataklaryň hataryna girizildi. Biziň ýurdumyzyň çäginde (gury ýerde we deňizde) köp sanly geljegi uly bolan nebit we gaz ýataklary bar. Bu ulgamda alnyp barylýan barlaglar bize ozal mälim bolmadyk uglewodorod gorlary barada ýakymly täzelikleri buşlaýar. 

Tebigy gazyň ägirt uly gorlary bolan «Galkynyş» känini toplumlaýyn özleşdirmek işlerine 2009-njy ýylyň ahyrynda girişildi. Bilermenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, «Galkynyş» käninde 26,2 trillion kub metr gaza barabar gor saklanýar. Mundan başga-da, uglewodorod gözleýjileriň maglumatlaryna görä, nebitiň ägirt uly ýataklary bar. 

Hytaý Halk Respubilkasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda biz «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyk. Bu taryhy waka türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gaz ulgamynda örän uly netijelere eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. 

Hytaý Halk Respubilkasynyň Başlygy Si Szinpiniň şol pursatda «Galkynyş» diýen türkmen sözüniň «energiýany, galkynyşy» aňladýar diýip aýdandygy ýadymda. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze güýç we anyk netijeler bilen üsti ýetirilýändigini aňladýar diýip, ol belläpdi. Bu dogrundan-da şeýle, biziň döwletara hyzmatdaşlygymyzyň netijeli häsiýete eýe bolmagy diňe bir Türkmenistanyň ýa-da Hytaýyň däl, eýsem tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine ýardam berýär. Çünki täze magistralyň ulanmaga berilmegi çäginden gaz geçiriji geçýän beýleki ýurtlaryň halkara energetika ulgamyna goşulmagy üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, biziň gaz ulgamyndaky gatnaşyklarymyz ählumumy energiýa howpsuzlygynyň häzirkizaman binýadynyň emele gelmegine möhüm goşant bolup durýar. 

7-nji maýda, biziň HHR-e saparymyzyň öňüsyrasynda «Bagtyýarlyk» ýatagynda desgalaryň ikinji nobatdakysynyň açylyşy boldy. Şol günüň ertesi, ýagny 8-nji maýda «Galkynyş» ýatagynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ikinji nobatdakysynyň düýbi tutuldy. Munuň özi gaz ulgamynda türkmen - hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

Şeýle-de bolsa, Türkmenistan ýetilen sepgit bilen kanagatlanmaýar. Biz 71,21 milliard tonna şertli ýangyja barabar baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, nebitiň we gazyň çykarylyş hem-de gaýtadan işleniş möçberlerini ýokarlandyrmak, Ýewraziýa yklymynyň dürli ýurtlaryna energiýa göterijileriň eksportyny diwersifikasiýa etmek boýunça energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegi dowam edýäris. 

Biz gury ýerde we deňizde täze ýataklary özleşdirmek boýunça giň möçberli wezipeleri maksada okgunly we meýilnamalaýyn ýagdaýda durmuşa geçirýäris. Biz dünýäniň köp ýurtlarynda uly isleg bildirilýän nebit-himiýa önümlerini goýbermek boýunça täzeçil önümçiligi döredýäris. Bu bolsa bize ähli hyzmatdaşlar, şol sanda öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşymyz bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik nebit-gaz pudagynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşylgy üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

– Jenap Prezident, ýaňky sowallara jogap bermek bilen, Siz Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmakda Beýik Ýüpek ýolunyň uly ähmietiniň bolandygy barada gyzykly gürrüň berdiňiz. Geçen ýyl HHR-yň Başlygy Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan saparynyň barşynda bilelikde «Ýüpek ýolunyň ykdysady zolagyny» döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda döwlet gurluşynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Siz sebitleýin ulag hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdüňiz. Ýokarda agzalan başlangyçlary we teklipleri durmuşa geçirmek babatda taraplaryň ikisiniň hem bir bitewi maksady we meýli bar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda şu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz? 

– Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistan geografiki taýdan örän amatly ýerleşendir. Şonuň netijesinde hem biziň ýurdumyz halkara ulag gatnawlarynyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşýär. Hut şonuň üçin hem biz we Hytaý tarapy bar bolan ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri has doly we ýokary netijeler bilen durmuşa geçirmek üçin ulag-aragatnaşyk ulgamynda işjeň çäreleri alyp barýarys. Şu maksat bilen, biz Türkmenistanda köpşahaly ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirýäris. Munuň özi, bir tarapdan, milli ykdysadyýetimizi maksada laýyk ösdürmäge we durmuş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Ikinji tarapdan bolsa, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm ýurda öwrülmegi üçin biz ulag ulgamynda giň möçberli taslamalaryň başyny başladyk we oňa iri maýa goýumlary gönükdirdik. «Demirgazyk–Günorta» üstaşyr ulag geçelgesini döretmek we onuň yklymüsti ulag geçelgesi bolan «Gündogar–Günbatar» ugry bilen baglanyşygyny üpjün etmek Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryna Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta we Günorta–Gündogar Aziýanyň bazarlaryna giň çykalgany üpjün edýär. Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň gurluşygy bu giň möçberli taslamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Täze gurulýan polat ýoluny şu ýyl ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ähli ýurtlara we yklymyň iri sebitlerine anyk ykdysady bähbidiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň şertlerinde dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. 

Şeýlelikde, köpşahaly yklymüsti ulag gatnaşyklar düzümini kemala getirmekde iri halkara logistik merkezi bolan Türkmenistanyň eýeleýän orny ählumumy goşulyş we durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. 

Indi bolsa beýleki sowallaryň üstünde durup geçeliň. «20122016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde biz dünýäniň iri awiatehnikalary öndürijilerinden täze görnüşdäki uçarlary, deňiz gämilerini, demirýol tehnikalaryny, ýük we ýolagçy awtomobillerini satyn alýarys. Ýeri gelende aýtsak, şu günler Hytaýdan biziň ýurdumyza amatly ýolagçy wagonlarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Şondan öň biz Hytaý tarapyndan lokomotiwleri, ýük wagonlaryny we beýleki demirýol tehnikalaryny satyn aldyk. 

Şunuň bilen bir hatarda biz iň ýokary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap howa menzillerini, terminallary, demirýol menzillerini, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmagy dowam edýäris. Ýakynda Hazar deňziniň kenarynda täze deňiz menziliniň düýbüni tutduk. Häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny we demirýollary çekýäris. 

Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine ýardam berýär. Bu bolsa ulag-aragatnaşyk ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini ýüze çykarýar. 

– Jenap Prezident, mälim bolşy ýaly, şu ýyl bedew ýyly. Türkmenistan ahalteke bedewleriniň watany bolup durýar. Ahalteke bedewleri bolsa Siziň ajaýyp kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, «türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty» bolup durýar. Bu ajaýyp tohum atlara aýratyn gadyr goýýan adam hökmünde Siz köp ýyllaryň dowamynda atşynaslygyň ösmegi üçin köp tagallalary edýärsiňiz. Bilşimiz ýaly, Siziň Pekine saparyňyz mahalynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdan daşary forumy bolar. Şol çäräniň ähmiýeti barada birki agyz aýdyp bermegiňizi haýyş edýärin. Sag boluň. 

– Halkara ahalteke assosiasiýasynyň Pekinde geçiriljek Nobatdan daşary forumy ajaýyp ahalteke bedewlerini wagyz etmek işinde möhüm çäre bolup durýar. Biz, şeýle uly üns berýändigi üçin Hytaý tarapyna minnetdardyrys. Men muňa türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan «behişdi bedewlere» goýulýan uly hormat diýip düşünýärin. Biziň halkymyz birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda milli atşynaslygyň ajaýyp medeniýetini kämilleşdirip geldi. Wagtyň özi tebigatyň hem-de halk seçgiçileriniň zehininiň baglanyşygyndan dörän netijä öz täsirini ýetirip bilmedi. Olar ählumumy wasp etmäge mynasyp ajaýyp bedewleri döretdiler. 

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri arassa ganly atlaryň ajaýyp tohumyny döretdiler, ony kämilleşdirdiler. Şeýlelikde, owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy boýunça deňsiz-taýsyz bedewleri kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem türkmen halkynyň buýsanjy, milletiň bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlygy bolup durýar. 

Ýakynda Aşgabatda şöhratly ahalteke bedewi bolan Ýanardagyň hormatyna belent bina açyldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda orun alan ajaýyp bedewiň keşbi ebedileşdirildi. Bu bina «behişdi bedewlere» bolan ählihalk söýgüsiniň nobatdaky alamatyny äşgär etdi. 

Halkymyzyň ahalteke bedewleri bilen çuňňur baglanyşygynyň nyşanyny alamatlandyrýan Türkmen bedewiniň baýramy biziň ýurdumyzda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara derejesinde bellenilýär. Onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi olaryň şöhratynyň dünýä äşgär edilmegini, dünýä atşynaslygynyň bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlygynyň nyşany bolan ajaýyp çapuw atlarynyň arassa ganlylygynyň saklanmagyny we kämilleşdirilmegini şertlendirýär. 

Hytaý halky hem ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar. Ýyl ýazgyçylaryň belleýşi ýaly, Hytaýyň imperatory U – Di Parfiýadan gaýdyp gelen Çžan Sýan atly serkerdäniň ozal görülmedik ýurt, ol ýerde bakylýan adaty bolmadyk çydamly atlar baradaky gürrüňini eşidipdir. «Asman ogly» nämä durýan hem bolsa behişdi bedewleri edinmek isläpdir. Ol diňe bir goşuna zerurlyk üçin däl, eýsem ýylýazgysynda aýdylyşy ýaly, asmanda ýaşaýan Siwanmu atly zenan bilen didarlaşmaga Kunlun dagyna uçmak üçin gerek bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky 102-nji ýylda hytaýlylar ilkinji iki müň sany ahalteke bedewlerini, şeýle hem ahalteke bedewleri üçin hytaýça «mu-su» diýlip atlandyrylýan ýorunja tohumyny öz ýurduna getirýärler. Hytaý halky soňky nesillerinde hem ahalteke bedewlerine gadyr goýmagy dowam edipdir. Hytaý ýylýazgyçylarynyň anyk çeşmeleri we häzirkizaman taryhçylaryň barlaglary munuň şeýledigini tassyk edýär. 

Türkmen halkynyň baý taryhy barada aýdylanda bolsa, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda atyň möhüm orun eýeländigi barada köp sanly maglumatlara duş gelmek bolýar. Biziň günlerimizde türkmen halkynyň ösüşiniň, onuň belent derejelere bolan meýliniň hem-de erkiniň nyşanyna öwrülen behişdi bedewleriň ýylýazgysyna täze ykbalçözüji sahypalar ýazylýar. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylygy beýik galkynyşy başdan geçirýär. Onuň ösüşine döwletimiz maksada laýyk goldaw berýär. Ajaýyp tohumly arassa ganly bedewleriň baş sanyny gorap saklamak we artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, «behişdi bedewleriň» dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. 

Milli atşynaslyk sungaty we bedewleri seýislemek işi täze çäklere eýe bolýar we ol giň halkara derejesine, şol sanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýakyn wagtda dostlukly Hytaýyň Pekin şäherinde geçiriljek Nobatdan daşary forumy ýaly iri çäreleriň netijesinde giň halkara derejesine çykýar. 

– Jenap Prezident! Soňky ýyllarda Türkmenistan Siziň ýolbaşçylygyňyzda syýahatçylygy işjeň ösdürip, özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ykrar edýär. Siziň syýahatçylygy ösdürmek baradaky strategiýaňyzyň esasyna ýurduňyzyň haýsy bäsleşige ukyply artykmaçlyklary girizildi, onuň milli nusgasynyň aýratynlygy nämeden ybarat? Sag boluň. 

– Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri myhmansöýerligiň we hoşniýetliligiň baý däp-dessurlary bilen tanalýar, bu biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem bellidir. Häzirki wagtda hem gadymy däp-dessurlar dünýäniň syýahatçylyk-myhmanhana ulgamynyň iň täze meýillerinden we täzeçilliklerinden daşda galman, täze häsiýete eýe bolýar. 

Bu ulgamyň esasy mümkinçiliklerine – täsin tebigatyň we arassa ekologiýa ýagdaýynyň döwlet tarapyndan goralyp saklanmagyna aýratyn üns berýäris. Örän baý ruhy we medeni mirasa eýe bolan Türkmenistan üçin syýahatçylygyň möhüm strategiki ähmiýeti bardyr. Has takygy, taryhy-medeni özboluşlylyk we milli miras, şol sanda ýokarda agzalan bütin dünýä belli meşhur türkmen halylary we ahalteke bedewleri aýratyn milli gymmatlyk hasaplanylýar. Gadymy binagärlik we arheologiki ýadygärlikler syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Olar dünýä ylmynyň belli wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyza bu ulgamda özüniň halkara abraýyny artdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda has ählmiýetli orny eýelemäge mümkinçilik berýär. 

Ýurdumyzyň esasy syýahatçylyk merkezleri: Köne Nusaý – Parfiýa patyşalarynyň mekany, orta asyr Gündogarynyň ajaýyp alymlarynyň (Biruny, Ibn Sina we beýlekiler) ady bilen bagly bolan Köneürgenç, Gündogaryň gadymy medeni ösüşiniň iri merkezleriniň biri bolan Gadymy Merw. Olaryň ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 

Häzirki wagtda bu Sanawa girmäge dalaş edýänleriň hatarynda tebigy ajaýyplyklardan Badhyz we Köýtendag ýaly täsin tebigy toplumlary bolan goraghana zolaklary, dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň desgalary bar. 

2012-nji ýylyň maý aýynda Köýtendag dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekdi. Şol ýere täsin ýerleri – dinozawrlaryň yzlary galan dag tekizligini, karst gowaklaryny, ýerasty kölleri we beýlekileri öwrenmäge bagyşlanan halkara ekspedisiýasy guraldy. 

Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky ägirt uly taslama syýahatçylygy we tutuş ýurdumyzy ösdürmek baradaky meýilnamalaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi Türkmenistanyň deňizýaka ülkesiniň syýahatçylyk serişdelerini özleşdirmek bilen baglanyşykly batyrgaý we giň möçberli ykdysady synagydyr. Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmäge 2 milliard dollara golaý serişdäni goýberdi – munuň özi diňe başlangyç tapgyrdyr. 

Biziň ýurdumyzyň işjeň döwlet syýasaty Türkmenistanyň geljegi uly täze ugur hökmünde syýahatçylyk ulgamynyň ählumumy bazaryna goşulyşmagyna, halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, daşary ýurtlarda geçirilýän iri pudaklaýyn ýarmarkalara, Bütindünýä sergilerine gatnaşmagyna ýardam edýär. Türkmenistan Şanhaýda geçirilen «EKSPO-2010», Koreýa Respublikasynda geçirilen «EKSPO-2012» sergilerine gatnaşdy we indi Milanda geçiriljek «EKSPO-2015» sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. 

Bu ulgamda halkara tejribesini, şol sanda Hytaýyň tejribesini öwrenmek boýunça ägirt uly işler geçirilýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparlarynyň birinde biziň hünärmenlerimiz Hytaýyň käbir şäherleriniň ajaýyp ýerlerine, şol sanda Şençžen şäherindäki «Dünýä açylýan penjire» mowzuklaýyn seýilgähe baryp gördüler. Şol ýerde 500 müň inedördül metre golaý meýdanda tutuş dünýä görkezilipdir. Bu tejribe öwrenildi we ýakyn geljekde Türkmenistanda dörediljek şeýle mowzuklaýyn seýilgähde öz beýanyny tapar. 

Elbetde, Türkmenistany we Hytaýy Beýik Ýüpek ýolunyň täsin taryhy tejribesiniň hem baglanyşdyrýandygyny aýtman geçmek bolmaz. Häzirki wagtda ol täze many-mazmuna eýe bolýar, şol sanda syýahatçylyk taslamalarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmen Döwlet habarlar gullugy
Okalan sany: 1335   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07919 sek. ýüklenen baýt: 61576