Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary.
Ýazylan wagty: 01 марта 2013 Ýazan Betman
2013-nji ýylyň fewral aýynyň 27-si gün Amyderýa jülgesiniň bada-bat iki etrabynda her biri 180 çaga niýetlenen täze häzirki zaman çagalar baglarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäreler boldy. Çagalar baglarynyň  biri Farap etrabynyň “Bitik” geňeşliginde, beýlekisi bolsa Garaşsyzlyk etrabynyň “Ýyldyz” geňeşliginde körpeler üçin öz gapylaryny giňden açdy. 

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň"  çäklerinde gurlan täze çagalar baglary öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirki zaman timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen özboluşly binagärlik keşbinde bina edildi we ähli ölçegleri boýunça bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Has oňaýly, owadan mebel bilen enjamlaşdyrylan ýatylýan otaglar, oýun oýnamak we okuw geçmek üçin giň hem-de ýagty otaglar, çagalar döredijiliginiň synp otaglary körpeleriň ygtyýaryndadyr, şol otaglarda mekdep ýaşyna çenli çagalar surat çekip, şekiljikleri ýasap bilerler, şeýle hem bu ýerde naharhana, aýdym-saz zallary, lukmançylyk otagy bar.
 
Täze iki gatly çagalar baglarynda ösüp gelýän oba çagalarynyň başlangyç bilim almagy, türkmen, rus we iňlis dillerini öwrenmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Kompýuter we lingafon otaglary häzirki zaman okuw tehnikasy, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Körpeleriň beden taýdan taplanmagy üçin sport zallary, ýapyk suwa düşülýän howuzlar, owadan bezelen tomusky dynç alyş ýerleri, pawilonlar, sallançaklar, typylýan ýerler bolan oýun oýnalýan meýdançalar göz öňünde tutuldy. Çagalar baglarynyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyryldy, bagy-bossanlyga öwrüldi we ertekilerdäki gahrymanlaryň şekilleri bilen bezeldi. Her bir çagalar bagynda özbaşdak ýyladyş, suw we energiýa üpjünçiligi ulgamy bar.

Baýramçylyk äheňinde bezelen çagalar baglarynyň açylyş dabaralary çagalaryň şatlyk-şagalaňlaryna, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazlaryna we tanslaryna beslendi. Dabaralara oba ýaşaýjylary we köp sanly myhmanlar—welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we terbiýelenmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň özeni bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Ata Watanymyzda çagalar we olaryň geljegi hakyndaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.
 
Dabaralara gatnaşyjylar türkmen halkynyň eşretine gönükdirilen aladalary, şäherleriň we obalaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň okgunly özgerýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirdiler. 
Şu gün “Bitik” we ‘Ýyldyz” geňeşliklerinde gapylaryny giňden açan häzirki zaman çagalar baglaryny ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri gurdy, olaryň iň gowularyna gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

27,02,13ý TDH
Okalan sany: 277   Jogaplar: ( 3 )

Betman
01 марта 2013

Hormatly agzalar bu habar barada öz pikirleriňizi teswirler arkaly ýazyp bilersiňiz!good

shutnick
01 марта 2013

Geljek diňe ýaşlar bilen,yahooGutly bolsyn. gaty gowy. 

HEZRET
02 марта 2013

good+


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15087 sek. ýüklenen baýt: 33563