Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ýew­ra­zi­ýa ge­çel­ge­si
Ýazylan wagty: 13 мая 2014 Ýazan Betman

      Ýew­ra­zi­ýa ge­çel­ge­si

 


 
Stam­bul şä­he­ri­ni ikä böl­ýän deň­ziň aşa­gyn­dan gu­rul­jak ge­çel­gä­niň düý­bi tu­tul­dy. Iki gat­ly edi­lip gu­rul­jak bu ge­çel­ge­den peý­da­la­nan ulag­lar şä­he­riň beý­le­ki ta­ra­py­na 15 mi­nut­da ge­çer. 
 

Onuň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­jak ma­şyn da­ba­ra­ly ýag­daý­da işe gi­ri­zil­di. Bu ap­pa­rat her gün­de deň­ziň aşa­gyn­da 10 met­re çen­li ýe­ri ga­zyp bil­ýär. Tas­la­ma­ je­mi 14,6 ki­lo­metr ýo­ly öz içi­ne al­ýar. Onuň 5,4 ki­lo­met­ri deň­ziň aşa­gyn­da gu­rul­jak ge­çel­ge­den yba­rat bo­lar. Ga­lan bö­le­gini ýol­lar­ we köp­rü­ler­ emele getirer. Gur­lu­şy­gy ama­la aşyr­mak üçin 1 mil­liard 245 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­ler. Ge­çel­ge de­ňiz su­wu­nyň aşa­gyn­dan ýe­ri gaz­mak ar­ka­ly gu­rul­ýar. Ony gaz­jak ma­şy­nyň bo­ýy 120 met­re, ag­ra­my 3 müň 400 ton­na ba­ra­bar. Bu äpet en­jam ge­çel­ge üçin ýö­ri­te gur­lup­dyr. Ge­çel­gä­niň gur­lu­şy­gy türk we gü­nor­ta ko­re­ýa­ly şe­re­ket­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lar. Ýe­ras­ty ýol Ýew­ro­pa we Azi­ýa yk­lym­la­ry­ny ga­ra ýo­l ar­ka­ly bi­rik­di­rer.

Ap­pa­rat deň­ziň düý­bün­den 25-27 metr aşak­da top­ra­gy ga­zyp, gün­de 8-10 metr öňe gi­der. Iki gat­dan yba­rat bo­lan ge­çel­ge­le­riň her ga­ty bir­ta­rap­la­ýyn bo­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ge­çen ýyl bu deň­ziň aşa­gyn­dan met­ro ge­çel­ge­si hem gur­lup ulan­ma­ga ber­lip­di. Dün­ýä­niň iň dyk­ny­şyk­ly ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu şä­her­dä­ki deň­ziň üs­tün­de iki sa­ny köp­ri bar. Hä­zir­ki wagt­da hem aw­tou­lag­la­ra hem-de de­mir­ ýol ulag­la­ry­na ni­ýet­le­nen üçün­ji köp­ri­niň hem gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Su­was­ty de­mir ­ýol ge­çel­ge­si hä­zir­ki wagt­da di­ňe şä­he­riň için­dä­ki gat­na­wa hyz­mat ed­ýär. Bu ýo­luň ýur­duň de­mir ­ýol ul­ga­my­na bi­rik­dir­ilme­gi bi­len Azi­ýa we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ot­ly gat­naw­la­ry­ny ýo­la goý­mak müm­kin bo­lar.

Okalan sany: 420   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06789 sek. ýüklenen baýt: 31928