Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Aşgabatda jaý üpjünçiligi
Ýazylan wagty: 13 мая 2014 Ýazan Admin
Aşgabatda jaý üpjünçiligi

Soňky wagtlarda internetde paýtagt şäher Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň sebäpsiz ýykylyp, hamana üpjün edilmeýändigi, bolaýanynda hem tanyşparazlyga ýol berilýändigi barada makalalar köpelýär. «Süri agsaksyz bolmaz» diýlişi ýaly käbir ýagdaýlaryň bolýan bolmagy hem mümkin, ýöne umumy ýagdaý beýle däl ýaly. Men hem şeýle makalalary okap, onuň anygyna ýetmeli, aýyl-saýyl etmeli diýen netijä geldim we häkimlikde işleýän köne tanyşlarymyň biri bilen çaý başynda söhbetdeş bolanymda şulara göz ýetirdim.

Ýagny, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşaýyş јaýlary hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirliginiň berýän hasabatlaryna görä Aşgabat şäherinde 2009-nјy ýylda 332 sany, 2010-nјy ýylda 1 393 sany, 2011-nјi ýylda 335 sany, 2012-nјi ýylda 1 212 sany, 2013-nјi ýylyň 1-nјi sentýabryna çenli bolsa 1 346 sany öýleri ýykylan raýatlara Köşi obasyndan, «Parahat-5», «Parahat-6» hem-de «Parahat-7» ýaşaýyş toplumlaryndan täze gurulan јaýlardan öýler paýlanyp berilipdir. Häzirki wagtda hem şol ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini hemmämiz bilýäris.

Şeýle-de, Türkmenistanyñ durmuş ykdysady ösüşiniñ 2011-2030-nјy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna hem-de Aşgabat şäheriniñ çäklerinde gurluşyk işleriniñ Baş meýilnamasyna laýyklykda 12-nji hem-de 13-nji tapgyrlar boýunça hem ähli amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam edýär.

Mundan başga-da, Tűrkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 28-nji фewralynda kabul eden «Şahsy kőmekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we őzbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak űçin ýer bőleklerini hususy eýeçilige bermek» hakyndaky Karary esasynda Aşgabat şäheriniň hasabyna Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndan (Täze obanyň demirgazygyndan, Aşgabadyň daşyndan geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundan) 257 gektar ýer bőlűnip berilen. Bölünip berilen ýerden ähli ýaşaýyş jaýlaryň birmeňzeş we owadan bolmagy üçin Aşgabat şäher häkimligi raýatlara doly bahasyna (takmynan ABŞ-nyň 60.000-70.000 dollaryna barabar) hem-de 10 % tölegini öňünden tölemek şerti bilen, 30 ýyllyk ýeňillikli görnüşde Prezident bankdan kredit alyp berip, ýaşaýyş öýlerini satmaklygy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäher häkimliginiň Baş arhitektura müdirligi hem-de «Aşgabattaslama» instituty tarapyndan berilen ýer böleginde ýerine ýetirilmeli işler barada taslama taýýarlanylan. Taslama laýyklykda bölünip berilen ýer böleginden umumy meýdany 0,08 gektar bolan, takmynan 1.500 hojalyga niýetlenen ýer böleklerinde 232 sany 2 gatdan ybarat 5 otagly, 376 sany 1 gatdan ybarat bolan 5 otagly, 376 sany 1 gatdan ybarat bolan 4 otagly, 552 sany 1 gatdan ybarat bolan 3 otagly ýaşaýyş jaýlaryny ilki gurup, soňra 3 taraplaýyn şertnama baglaşyp (häkimlik, bank we raýat), 10 %-ni öňünden töläp, galan bölegini 30 ýylyň dowamynda tölemek şerti bilen ýaşaýyş öýlerini paýlamaklygy, şeýle-de taslama esasynda şol ýerden 4 sany çagalar bagyny, 2 sany orta bilim berýän mekdebi, 2 sany saglyk öýüni, 4 sany söwda dükanlaryny, 2 sany hyzmat öýüni, 2 sany ýaşaýyş jaýlara hyzmat ediş öýüni, 1 sany aragatnaşyk edarasynyň binasyny, 1 sany ýangyn howpsuzlyk gullugynyň edara binasyny gurmaklyk göz öňünde tutulýar. 

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan täze gurlup, raýatlara satylmagy göz öňünde tutulýan şol ýaşaýyş öýleri ilkinji nobatda: 

- Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlary sőkűlip aýrylyp, јaýlaryň resminamalarynyň doly we dogry däldigi sebäpli jaý bilen űpjűn edilmedik raýatlara;

- «Arkaçgurluşyk» ÖB-niň gurýan ýaşaýyş öýlerine nobata duranlara;

- Birnäçe ýyl mundan öň ýaşaýyş öý űçin nobata duran raýatlaryň arasyndan mätäçlik çekýänlere we ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryna seretmek bilen, galanlary bolsa etrap häkimliklerine arza berip, soňky nobata duranlara berilmegi gőz őňűnde tutulýar. Şol öýleriň paýlanylmagy bilen bagly işler őňden hereket edip gelýän «jemgyýetçilik iş topary»-nyň űstűne ýűklenilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, agzalan şäherçe Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Käbir raýatlar Derweze etraby biýip Aşgabatdan 120 km. Uzaklykdaky çöllük öri meýdanlary göz öňüne getirýärler. Belki olar 2013-nji ýylda Aşgabat şäheriniň çägini giňeltmek bilen baglanyşykly girizilen çäk üýtgeşmelerden bihabar bolmaklary mümkin. Kabul edilen çözgütlere laýyklykda ozalky Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Garagum derýasynyň günorta tarapy Aşgabat şäherine goşulyp, derýanyň demigazyk tarapyndaky meýdanlary bolsa täze döredilen Derweze etrabyna berildi. Gürrüňi edilýän şol ýereler hem Garagum derýasynyň demirgazygynda, Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk obasyndan 15-20 km. Uzaklykda, medeni zonada ýerleşýär. Şol sebäpli täze emele geljek şäherçede döwrüň ýokary talabyny ödeýän şertleri döretmeklige uly mümkinçilikler bar. 

Şeýle hem bu ýerden öýleriň raýatlara öz isleglerine görä paýlanyljakdygyny, zorluk bilen hiç kimi Aşgabat şäherinden göçürmekligiň, şol sanda ilaty Garagum çölüne ugratmaklygyň meýilleşdirilmeýändigini hem bellemek gerek. 

Ýokarda görkezilenlerden çen tutsaň ýurtda ýaşaýyş jaý meselesi boýunça ägirt uly işler, aladalar edýändigine aýdyň göz ýetirip bolýar. Ýalan-ýaşryk, hiç bir delilsiz makalarary ýaýradýanlaryň bolsa durmuşda öz ornuny tapyp bilmedik, görip, bir zadyň anygyna ýetmän öz ýanyndan baha berýän, dowulçy adamlardygyna aňry ýany bilen göz ýetirdim we olara «Görübilmedigiň gözi çyksyn» diýesim gelýär.









Okalan sany: 3149   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07786 sek. ýüklenen baýt: 37564