Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Atdyr ýigidiň ganaty.
Ýazylan wagty: 14 мая 2014 Ýazan NEXTTM
                      

 Atdyr ýigidiň ganaty.

Gadymy hem müdümi türkmen toragynda bedew hormaty hemişe ulydan tutylypdyr. “Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy gör” diýen pähim ýöne ýerden dörän däldir. Türkmen aga atyny, dutaryny, ýaragyny hiç kime ynanmandyr, çagasy deý ezizläpdir. Bedewiniň hormatyny hasam belentde tutypdyr. Ýigidiň uçar ganaty bolan aty hakynda rowaýatlar, nakyllar, aýdylan ajaýyp pikirler, taryhymyzy bezeýän ýatlamalar gaty kän. Ajaýyp bedewler barada çet ýurtly syýahatçylaram, alymlaram, şahyrlaram ençeme ýazgylar galdyrypdyrypdyr.

Wenger syýahatçysy A.Wamberi öz ýazgylarynda täsin zatlary aýdýar. “Türkmenleriň baş ýaragy gürrüňsiz suratda atdyr, şonuň üçinem bu şol gerçekleri atlaryny öz keýwanysyndanam, çagalaryndanam, özindenem zyýat söýýär. Olaryň atlaryna yhlasy ideg edişleriniň, azdyr tüp yssyndan goramak üçin olaryň endamyny ýyly zatlar bilen ýapyşlaryny, öz egin-eşikleri salam-sajak bolsa-da, atlaryny sünnäläp bezeýişlerini synlamak täsindir we geňdir. Hakykatdanam, ajaýyp türkmen bedewleri şeýle hormata, şeýle alada doly mynasypdyr,olaryň ýuwrükligi, çydamlylygy barada aýdylýan ähli zatlarda jinnek ýaly hem ulaltma ýokdur.” 

Syýahatçylaryň biri: Maşgaladaky çagalaryň golaýynda, teläriň aşagynda ýetişdirilen türkmen atlary örän näzikligi we adatdan daşary akyllylygy bilen tapawutlanýar.” diýip ýazsa, ýene biri:”Türkmeniň öz bedewine ynamy örän uly. Ol şonuň üçin atyň ýanyny mydama erkin saklaýar,sebäbi öz bedewiniň örän duýgurlygyna we ygtybarlygyna bil baglaýar” diýip belleýär. “Türkmenler hiç wagt bedewlerini ýadatmaýarlar.   
Olar atyň üstünde biraz gyşaryp otyrýarlar,ýagny sag egnini yza çekip oturýarlar. Bedewler çalt ýöränlerinde, olar öz göwresiniň bütin agramyny üzeňňä salypdyrlar. Olar hiç haçan atyny gamçylamaýarlar. Gamçy olar üçin diňe bezeg bolup hyzmat edipdir” diýip bellänler-de bar.
 
Gadymy grek taryhçysy Ksenofont: “Ýuwrüklikde dünýäde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez, kepderiler we durnalar olaryň yzyny zordan eýerýärler” diýip ýazsa, Geredot “ Gündogarda atlat gezýän, Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar” diýip belleýär. 

Nusaý bedewleri Rim taryhçysy Appiana: “Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalar mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar, olaryň ýallary howada owsun atýar” diýip nygtasa, meşhur grek geografy we taryhçysy Straban: “Nusaý bedewleri iň iri owadan atlardyr. Olary pars şalary münýärler” diýip taryplaýar.

Türkmenler öz bedew atlaryny has ezizläpdirler. Timarlap, kämilleşdirip, ony maşgalanyň deň hukukly agzasy, söweşiji gardaşy hasapdyrlar. “Peder ganatynyň owazy geldi”, “Gyrat meni Çandibile sen ýetir”, “Göroglynyň at oýnadyşy”, “at çapan ýaly eserler ýöne ýerden dörän däldir. Ol aýdydyr sazlar hut türkmen bedewiniň tarypyny edip, onuň adyny äleme ýaýandyr.

1935-nji ýyldaky atly ýöreýişde türkmen ýigitleri Aşgabat-Moskwa aralygyndaky, 4300km.ýoly Garagum çöliniň üsti bilen 84 günüň dowamynda geçipdirler. 

Ahalteke tohumyndan bolan Absent atly bedew 1960-nji ýylda Rimde geçirilen Bütindünýä olimpiýadasyndaky at çapyşykda olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy.

Ikinji Jahan urşy gutarandan  soň geçirilen ýeňiş paradyny, marşal £ukow uçarguşa meňzäp duran ajaýyp ahalteke atyna atlanyp kabul etdi.
        
At türkmen döwletiniň gerbinde (turasynda) orun tutyp, türkmen topragyna Altyn asyr, altyn ryh, bagtyýarlyk getirdi.

Türkmen halky öz eziz görýän adam ýaly akylly,mert, gaýduwsyz bedewler barada ençeme rowaýatlar, atalar sözlerini döretdi. “Atdyr ýigidiň ganaty”,”Adam namartlasa, aty-da aýagyny ýitirer”,”Akyllynyň aty armaz, dony tozmaz”, “At ady bilen ýigidiň ady belen”, “At basyşyndan belli, yigit bakyşyndan”,”At dosty,ata dosty”, “At kişňär toý öner”, “At ýaryşda är söweşde”, “Atdan wepa-da bar, sapa-da”, “Gitgir atyň ýoly tekiz”,Köne dost-eýerli at” ýaly onlarça parasatly jümleler biziň guwajymyz bolam bedewlerimize bagyşlanandyr.
          
Goç ýigitleriň uçar ganaty bolan ahalteke atlarymyza atlanan ýigitlerimiz, gaýduwsyz gyzlarymyz olaryň şöhradyna şöhrat goşýandyrlar. Türkmen jigitleri atyň adyny äleme ýaýandyrlar. Olar barada indiki söhbetdeşligimizde ýatlarys.   
 
Hudaýberdi Bäşimow.
        Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri
Okalan sany: 1597   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,23270 sek. ýüklenen baýt: 35326