Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Magtymguly sahnada
Ýazylan wagty: 14 мая 2014 Ýazan NEXTTM

 Magtymguly sahnada
     
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk toýy mynasybetli men onuň hakynda goýylan oýynlary ýatlamakçy boldum. Öňi bilen şahyryň 225 ýyllyk ýubileýi ýadyma düşdi. Zaly dolduryp oturan märekeni türk şahyry Nazym Hakmetiň çykyşy haýran galdyrdy. Ol: “Siziň Magtymgulynyz, biziň Magtymgulymyzdyr” diýende agzy-burny bilen dolup oturan zaldaky adamlar oturan zaldaky adamlar ör turyp çapak çaldylar. Ol döwürde çet ýurtlardan gelýänlerem azdy, gidýänem. Magtymgulyny özümizden başga adam tanaýandyram öýdemizokdyk. Şonuň üçinem, türkmen tomaşaçysyna “Şirin-Perhat” (ol oýyn öňki Mollanepes adyndaky teatrda goýyldy) spektatolynyň awtory Nazym Hikmetiň çykyşy oturanlary haýran galdyrdy. Bu gün dünýäniň köp ýurtlaryndan okalýan çet ýurtlarda seýilgählere  ady dakylyp, ýadygärligi oturdylýan akyldarymyzyň döredijiligi giňden öwrenilýär.
         
Magtymguly Pyragy barada eserler ýazanlar kän. Oýyn barada aýdylanda, ilkinji bolup öňki türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň (häzirki baş drama teatry) “Magtyguly” oýnyny agzamandyrys. Eseriň edebi esasyny Berdi Kerbabaýew ýazdy. Oýny teatryň şol wagtky baş re£issery, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýakow Feldman goýypdy. Magtymgulynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow döretdi. Meňliniň şol wagtlar ýaňy teatr studiany tamalan, soňra Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada eýe bolan Ýelizawetda Garaýewa keşbirläpdi. Ol dramada öňde sürülen pikir Magtymgulynyň agzybirlik jebislik, berkarar döwlet baradaky aladalarydy. Magtymguly türkmenleri bir ýere ýygnamagyň aladasynda, deňsizlige garşy çykyp, asudalygy höwes edýärdi. Tomaşaçylar oýyny gowy garşyladylar. Aýratynam Magtymgulyny äpet agaja daňyp goýýan ýeri, onuň “Bäş ýylda bir kitap eden işimiz” goşgyny okaýşy, hiç kimi biparh goýmaýardy. Ol oýynda teatryň ähli artistleri, teatryň ýanyndaky studiýanyň okuwçylary çykyş edipdirler.
      
 Magtymguly barada ýazylan we şowly goýylan oýynlaryň birem, Taňyrguly Taganowyň “Kökenli ýüzik” eseridir. Ol oýn Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Şahyryň 225 ýyllygy mynasybetli tomaşaçylara hödürlenen bu oýny, Türkmenistanyň sungatda at gazanan re£issery Çary Myradow goýdy. Sahnany bezän Grigoriý Brimdir.  Re£isserdyr hudo£nik, ol oýny goýmazlaryndan öň Magtymgulynyň obasyna Garrygala (häzirki Magtymguly) baryp, şahyry janlandyran daglara, jülgelere syýahat etdiler, adamlar bilen duşyşdylar.
        
Täze oýynda Magtymgulynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Berdi Mollaýew, Meňliniň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Nurgözel Nagdanowa döredipdi. Kemineliler bu oýn bilen Aşgabatda hem çykyş etdiler. Artistler şahyryň watanynda bellenen toýa hem gatnaşdylar. Berdi Mollaýew bilen Nurgözel Nagdanowyň dikuçar bilen şahyryň obasyna barmagy, Onuň kowumdaşlary bilen duşyşmagy, uly bolmadyk sahnajygy oýnap bermekleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
        
“Kökenli” ýüzik spektatylynda Gulkyşy Gulmyradow, Akmyrat Hümmedow, Alty Kulyýew dagam çykyş etdiler. Oýnyň sahna bezegi tomaşaçylary haýran edipdi. Ol döwürde sahnada jürläp akyp duran çeşmäni görkezmek kyndy.   

Kemineliler bolsa çeşmänem, gat-gat daglaram suratlandyryp bildiler. Spektatylyň haý-haýly gürrüňleri soň-soňlaram dilden düşmändi. 
     
Nusgawy şahyrymyz barada Annaberdi Agabaýew drama eserini ýazdy. Ony öňki ýaş tomaşaçylar bentrynda (häzirki Alp-Arslan adyndaky teatr) re£isser, Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýidyllaýew goýdy. Magtymgulyny Hommat Müllük kebşirläpdi. Ol teatrda Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Meňlisem” oýnydy.
      
Beýik akyldar hakynda ençeme sazly eserlerem, sazly eserlerem döredildi. Şollaryň naýbaşysam kompazitor Ýuliý Meýtusyň “Magtymguly” operasydyr. Bu eserler ilkinji gezek Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynda goýylyp, Magtymgulynyň partiýasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Durdymyrat Garajaýew aýdypdy.
     
Bu opera 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täzeden goýyldy. Operany goýmaklygy Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa halypaçylyk etdi. Berdi Kerbabaýew bilen Alty Garlyýewiň librettosy esasynda ýazylan opera Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýew bilen Täçmyrat Jürdekow edebi geňeşçileri bolup, operanyň döwrebap äheňini gazanmaga öz goşantlaryny goşdylar. Operany Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow goýyp, oňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gurban Babaýew diri£erlik etdi. Sahnany Mekan Annamyradow bezedi. Operanyň şowly çykmagy üçin onuň tanslaryny goýan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Läle Altyýewa bilen hormeýster Hoja Çaryýew dagam uly goşant goşdylar.
      
Operada türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow hem Begenç Mojjyýew Magtymgulynyň keşbini janlandyrdylar. Ýagmyr goşgularyny okasa Begenç partiýasyny aýtdy. 
     
Operada Annagurban Annarejepow, Mämetmyrat Annamyradow, Babamyrat Rahmedow, Arzygül Gylyjowa, Ysmaýyl Jumaýew, Tirkiş Mätnazarow, Akmyrat Nurberdiýew dagam çykyş etdiler.
    
Nusgawy şahyrymyzyň 290ýyllyk toýy mynasybetli teatr bu operany welaýatlarymyzyň tomaşaçylaryna-da görkezmekçi.  

Hudaýberdi Bäşimow.
    Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 2379   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06271 sek. ýüklenen baýt: 36168