Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Halkara töleg ulgamy
Ýazylan wagty: 14 мая 2014 Ýazan Krassavchik

 Halkara töleg ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda bank ulgamynda hem oňyn özgerişlikler amala aşyrylýar we töleg ulgamy kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylda geçirilen ilkinji mejlisinde bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we dünýä tejribesinde giňden ulanylýan halkara töleg ulgamlaryny döwletimizde ornaşdyrmak barada geçirilýän çäreler hakynda giňişleýin maslahat edildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýä maliýe ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagy bilen ýurtda halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak wezipesi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda bank ulgamynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu ugurda töleg ulgamynyň ösüşi, zerur bolan tehniki üpjünçiligiň kesgitlenilişi we omaşdyrylyşy, kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň taýýarlanylyşy, müşderiler üçin nagt däl görnüşde hyzmatlaryň we daşary ýurt pulundaky amallaryň geriminiň giňeldilmegi bilen bagly wezipeler bellenildi.

Bu Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda milli töleg ulgamyny ösdürmek hem-de onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamynda häzirki zaman maglumat tilsimatlaryna laýyklykda, programma üpjünçiligini we tehniki infrastrukturasyny kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Ýokary netijeli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän töleg-hasaplaşyk ulgamyny guramak üçin, milli töleg ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýan kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Muňa mysal edip, 2011-nji ýýlda «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» we «Karz edaralary we bank işi hakynda» hem-de «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bank ulgamynyň işini we töleg hasaplaşyklaryny geçirmegi has-da kämilleşdirmek hem-de halkara tejribesine laýyklykda MasterCard halkara töleg ulgamynyň kartlaryny we hyzmatlaryny ýurdumyza ornaşdyrmak maksady bilen, degişli buýruga gol çekdi. Buýruga laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «MasterCard» kompaniýasynyň arasynda Ygtyýamama Ylalaşýgyna gol çekmäge ygtyýar berildi.
«MasterCard» — halkara töleg ulgamy özüne dünýäniň 210 ýürdundan maliýe guramalarynyň 22 müňe golaýyny birikdirýär. Kompaniýanyň merkezi Nýu- Ýork şäherinde (ABŞ) ýerleşip, dünýäde ulanylýan töleg kartlarynyň 20 göterimden gowragy «MasterCard»-yň paýyna düşýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky MasterCard Assosiasiýasynyň 1994-nji ýyldan bäri agzasy bolmak bilen, häzirki wagtda MasterCard, bank kartyny dolanyşyga goýbermek üçin MasterCard Worldwide kompaniýaşy bilen degişli işleri alyp barýär. MasterCard halkara töleg kartlaryny Türkmenistanda dolanyşyga goýbermek babatda, bank bilen MasterCard kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk ugruny gurnamakda degişli tehniki çäreler amala aşyrylýar. Şeýle-de MasterCard halkara töleg ulgamynyň talabyna laýyk gelýän aragatnaşyk enjamlary kesgitlenildi we olary satyn almak üçin degişli işler geçirilýär. Bank ulgamynda ornaşdýrylan töleg terminallarynyň we bankomatlaryň MasterCard-y ulanmak üçin dolanyşyga goýbermegi bilen, nagt däl-hasaplaşyklaryň möçberiniň artmagyna garaşylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň ösmegi bolsa, öz gezeginde milli ykdysadyýetiň subýektleriniň maliýe serişdeleriniň bank ulgamyna gelmegini artdyrar.

Okalan sany: 724   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06159 sek. ýüklenen baýt: 33643