Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Ussat halypa nakgaş A.Almamedowyň sergisi
Ýazylan wagty: 20 мая 2014 Ýazan NEXTTM
       
       Annadurdy Almamedow 1965-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowski adyndaky (häzirki Begzad adyndaky) Döwlet çeperçilik-teatral institutynda okuwyny üstünlükli tamamlap diplom taslamasyny 1964-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda durmuşa geçirýär. Annadurdy Almamedow şol ýyl hem Alp-Arslan adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş suratkeşi wezipesine bellenilýär. Almamedowyň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda diýarymyzyň dürli künjeklerinde teatr suratkeşi bolup işlän döwründe döreden sazly we gynançly, gülküli oýunlaryň ssenografiýasy türkmen sungatyna täze bir öwüşgün çaýdy. Elbetde, Almamedowyň döredijiliginde teatr sungaty wajyp orny eýeleýär. B.Amanowyň “Jora”, Ç.Aýtmatowyň “Ak gaýyk”, T.Popowyň “Maşgala”, M.Karimiň “Aý tutulan gijesi”, B.Kerbabaýewiň “Nebitdag”, B.Hudaýnazarowyň “Gaýduwsyzlar”, “Synag ýoly”, Ý.Mämmediýewiň “Ene toprak”, A.Telmanyň “Bir mejlisiň ýazgysy”, K.Gurbansähedowyň “Meňli”, D.Werdiniň “Makbet”, Ç.Aşyrowyň we B.Bäşimowyň “Ogul takdyry”, R.Esenowyň, A.Agabaýewiň hem-de D.Öräýewiň “Peýkam” we ş.m. ýaly dürli žanrdaky spektakl sahnalaryň 40-dan gowragynyň çeper bezegini ýerine ýetiren Almamedow teatr-dekorasiýa nakgaşçylygynda täzelikçilik döreden suratkeşdir. Onuň döreden eseriniň her biri bilen Türkmenistanyň ssenografiýasynyň wajyp sahypalary baglanyşyklydyr. Sebäbi suratkeş işleşen režissýorlary bilen birlikde uly meseleleri öňde goýup ony çözmegi başarýar. Almamedowyň eserlerinde deslapky döwürde gazanylan üstünlikler tassyklanýar hem-de kämilleşdirilýär. Ssenografiýada nakgaşçylyga gaýdyp gelmek bilen suratkeş sahnany baýlaşdyrýar. Ol döredijilik şahsylygynyň häsiýetini saklamak hem-de dürli görnüşli çeper serişdeleri peýdalanmak bilen her bir pýesanyň şahsy keşbini gözleýär. Sahnanyň dürli görnüşli serişdeleri bilen çeper many-mazmuny özboluşly teswirlemekde suratkeşiň döreden eserleriniň umumylygy jemlenendir.
 
Annadurdy Almamedow Türkmenistanyň medeniýet, çeperçilik bilim ulgamyna aýratyn goşandyny goşýar. Ol döredijilik işiniň ilkinji ýyllaryndan başlap teatr işi bilen bir hatarda mugallymçylyk kärini hem alyp barýar.  Ol 1979-1983-nji ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiri, 1984-1986-njy ýyllarda Türkmenistanyň çeperçilik fondunyň müdiriýetiniň başlygy, 1986-1987-nji ýyllarda Türkmenistanyň Sutratkeşler birleşiginiň direktory ýaly jogapkärli wezipelerde işleýär. Annadurdy Almamedow dürli wezipelerde işlemegine garamazdan mugallymçylyk kärinde üznüksiz zähmet çekýär. Ol 1964-nji ýyldan bäri Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde, 1998-nji ýyldan bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şägirtleri ýetişdirmek bilen 50 ýylyň içinde halypalaryň halypasy adyna eýe bolýar.
Almamedowyň döredijiligi ssenografiýa sungatyndan daşary şeýle-de stanok nakgaşçylygyna bagyşlanandyr. Onuň bu ugurda döreden işleriniň täsin galdyryjy tämizligi, suratkeşiň naturany täzeçe we şol bir wagtda göwnaçyklyk bilen kabul etmegi, daşky dünýäniň gözelligine elmydama şatlyk bilen baş goýmagy haýran galdyrýar. Almamedowyň sungaty edil abstraksiýadan daş bolşy ýaly naturalizmden hem daşdyr. Ol öz ýurdy hakyndaky çeper hakykatyň ýolundan barýar. Görýän hakyky dünýämiziň keşbi onuň döredijiligi üçin janly çeşmedir. Ýurduň gündelik durmuşyna aralaşmak Almamedowyň ähli tematik eserlerine häsiýetlidir. Ol “Pagtaçylar”, “Gäwers jülgesiniň gyzlary”, “Halyçylar”, we ş.m. işlerinde diýarymyzyň bagtyýarlygyny açmak bilen adamyň durmuşdaky ähmiýetini görkezýär. Gyzlaryň näzik keşpleri, zähmetkeş zenanlaryň gaýraty hereketiň sazlaşygy arkaly wasp edilýär. Suratkeşiň “Halyçylar”, “Baýramçylyga”, “Gözel Sumbaryň nary”, “Ak daglar”, “Saz”, “Bahar” ýaly nakgaşçylyk eserlerine reňk duýgurlygy, haşamlyk we eser giňişliginiň sazlaşykly guramaçylygy hem-de göwrümleriň erkin ýönekeýleşdirilmegi mahsusdyr. Gyzyl, sary, mämişi, benewşe we ýaşyl reňkleriň tebigy äheňli asuda reňk sazlaşygynyň täsirliligi suratkeşiň döredijiliginiň şahsylygyny kesgitleýän aýratynlykdyr. Suratkeşiň şatlykly, güneşli güýç möwç urýan eserleriniň çeper aýratynlyklary şägirtleriniň döredijilik ýoluna ähmiýetli  täsirini ýetirýär. Muňa garamazdan halypa öz şägirtleriniň döredijilik şahsylygyny aýawly ösdürmegi başarýar, olarda Watançylyk duýgularynyň güýjüni artdyrýar. Halypanyň sanardan köp şägirtleriniň aglabasy Türkmenistanyň çeperçilik bilim ulgamynda zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş suratkeşleri ýetişdirýärler. Almamedowyň Ç. Hümmedow, K. Nurmyradow, Ö. Mämmetnurow, K.Weliahmedow, A.Nuwwaýew we beýleki şägirtleriniň häzirki döwürde Watanymyzyň at-abraýly suratkeşleriniň hatarynda bolmagy suratkeşleri terbiýelemegi dowam edýän halypanyň halypaçylyk zehinine uly hormat hem-de buýsanç döredýär.
A.Almamedowyň döredijiliginde Watançylyk temasynyň, ülkämiziň gözel tebigatynyň waspynyň, şeýle-de türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbiniň, onuň gezen ýerleriniň gözelliginiň aýratyn orna mynasypdygyny bellemek wajypdyr. Onuň 1976-1986-1987-1997-nji ýyllarda Aşgabatda, 1985-nji ýylda Kabulda, 1987-1989-njy ýyllarda Moskwada, 2002-nji ýylda Ankarada gurnan şahsy sergilerinde görkezilen “Gerkez obasy”, “Gülleýän ülkäm”, “Pyragyny gören daglar”, “Rowaýat”, “Bahar” we beýleki eserleri ençeme tomaşaçylaryň çeper duýgularyna oňyn täsiri ýetirýär. Suratkeşi geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan bäri gyzyklandyran Pyragyny gören daglar temasy häzirki döwürde hem biperwaý goýmaýar. A. Almamedow beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli “Pyragyny gören daglar” atly şahsy sergisini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 50-den gowrak täze eserleri tomaşaçylara hödürleýär. Aý dagly peýzažlar toplumynda Almamedow täze çeper pelsepeleri doly ýüze çykarýar. Mysal üçin onuň “Pyragyny gören daglar” atly ençeme eserleri, şeýle-de “Aý daglar” ýaly işleri ýagty duýgulary, jadylaýjy ýiti şähdaçyklygy bilen aýratynlanýar. Olarda beýik şahyrymyz Magtymgulynyň poeziýasynyň ruhy şöhlelenýär. Özboluşly janly ýazyş usully, reňk we göwrüm teswiriň çugdamlygy bilen aýratynlanýan bu peýzažlarda Almamedow täze gözellik idealy kemala getirýär. Dünýäniň gözelligini täzeçe teswirlemek, reňk baýlygynyň täze kabul edilişi, çyzyk we göwrüm ritminiň baýlygy, reňk sazlaşygynyň saldamlylygy we şol bir wagtdaky täsirliligi Almamedowa nakgaşçylyk sungatynda täze sözi aýtmaga mümkinçilik berýär. Suratkeş ýyl geçdigiçe öz sungatyny diňe hakyky durmuşdan alan täsirleri bilen baglanyşdyrýar. Häzirki döwrüň ençeme peýzaž eserleri suratkeşiň giň dünýägaraýşyny, ideallaryny äşgär edýär. Onuň “Gök jülge”, “Gerkez obasynda” atly işlerinde dag eteginde küren tutan obanyň keşbinde tebigatymyzyň gudratly gojaman daglarynyň ägirtligi, obalarymyzyň bagy-bossanlygy wasp edilýär. Tebigatyň gözelligini ýürekden syzdyryp çeper beýan etmegiň haýran ediji güýji bu eserleriň ägirt uly keşp mazmunyny kesgitleýär. Olaryň içinden täsin galdyryjy şatlyk, durmuşyň doly janly duýgulary ok bolup geçýär.
 
Annadurdy Almamedow ilki bilen halypa nakgaşdyr – ägirt uly zehinli hem-de seýrek duş gelýän nakgaşçylyk hyjuwly ussatdyr. Onuň eserleri uly gözellik lezzetini ýetirmek bilen, göze ýakymly bolmak bilen adamyň dünýäni, aýratyn hem tebigaty çeper kabul etmesiniň täze taraplaryny açýar. Suratkeş tebigatda hiç hili betnyşanlygyň bolmandygyny öz döredijiligi bilen irginsiz tassyklaýar. Ol ähli zatda gözelligi görmegi başarýar. Almamedow üçin dünýä gözelligi ilki bilen onuň reňk baýlygynda ýüze çykýar. Häzirki wagtda hyjuwdan doly döredijilik güýjüni başdan geçirýän suratkeş halypanyň ähli işleri beýik Watanymyzyň hem-de türkmen halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilendir.

Okalan sany: 759   Jogaplar: ( 2 )

Krassavchik
20 мая 2014

ajayip turkmen keshiblereken!!!

KOROL
20 мая 2014

haladym admin, sagbolun!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09957 sek. ýüklenen baýt: 39589