Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Maldarlar owlak-guzy möwsümini tamamlaýarlar
Ýazylan wagty: 22 мая 2014 Ýazan Krassavchik
Biziň ýurdumyzyň Döwlet maldarçylyk birleşiginde 2014-nji ýylyň mallardan owlak-guzy almak möwsüminiň jemi jemlenilýär. Bu möwsüm birleşigiň maldarçylyk hojalyklarynyň 67-niň sürilerinde üstünlikli tamamlanyp barýar. Olaryň köpüsi bolsa saryja we garaköli tohumlaryny ösdürip ýetişdirýän ýöriteleşdirilen goýundarçylyk hojalyklardyr. Şeýle hem bu birleşik gara mallary we öý guşlaryny ösdürip ýetişdirýän ýöriteleşdirilen hojalyklary hem öz içine alýar. 

Döwlet Maldarçylyk birleşiginiň önümçilik bölüniniň hünärmeni Galanadar Seýidowyň habar berşi ýaly, 763 müň ene goýundan 705 müňden gowrak guzy almak meýilleşdirilýärdi. 26-njy apreläki maglumatlara görä, 654 müň guzy alyndy ýa-da bu göz öňünde tutulandakysyndan 92,7 öterim bolup durýar. Bu babatda meýilnama tabşyrygyny 98,7 göterim ýerine ýetiren Mary welaýaty öňde barýar, onuň yz ýany bilen bolsa Lebap we Ahal welaýatlary barýarlar. Goýundarçylyk hojalyklarynda mallardan owlak-guzy almak dowam edýär, maldarlar öňde goýlan borçnamany öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Umuman, goýundarçylykda işler ýüň we et önümliligini ýokarlandyrmaga, ýüňüň çykymlylygyny, çoýun dersiniň işlenilip taýýarlanyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 1-nji apreldäki maglumatlara görä, birleşigiň hojalyklarynda şu ýylky guzylary goşmak bilen, 1 million 778 müň 880 baş dowar bar. 

Durnukly ösýän düýedarçylykda ugur baş sanyň köpeldilmegine gönükdirilendir düýedarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary ösdürmek dowam etdirilýär. Biziň ýurdumyzyň maldarçylygynyň bu pudagynda döwlet tabşyrygynyň gyradeň ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Tabşyryk 90,1 göterim ýerine ýetirildi ýa-da göz öňünde tutulan 2585 köşege derek 2329 köşek alyndy. 1-nji apreldäki ýagdaýa görä bu oba hojalyk mallarynyň baş sany 13 müň 373 bolup, onuň 5750-si ene düýelerdir. Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy ad. etrabynyň “Türkmenistan”, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge”, şeýle hem Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň “Jeýhun” hojalyklary düýedarçylygy ösdürmekde ýörüteleşdirilen iri hojalyklar bolup durýarlar. Ahal welaýatynda mallardan köşek almak boýunça bellenilen borçnama eýýäm ýerine ýetirildi. Ýurduň beýleki düýedarçylyk sebitleri bu wezipäni ýerine ýetirmegiň öň ýanynda durlar, möwsüm tamamlanýança bu hojalyklar hem borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. 

Mallaradan owlak-guzy alamak möhüm möwsüm bolup durýar. Häzirki wagtda alynan guzylaryň baş sanyny abat saklamak we olar ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar.

Okalan sany: 422   Jogaplar: ( 1 )

KOROL
22 мая 2014

sagbol krassawchik yetirip tur!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06267 sek. ýüklenen baýt: 33132