Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Geljekki energetikleriň bäşinji ýeňşi
Ýazylan wagty: 23 мая 2014 Ýazan Krassavchik
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň açyk Halkara talyplar Internet-olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaklary üstünlikli tamamlandy. 

Biziň ýurdumyzyň energetika ýokary okuw mekdebiniň düzüminde ýigrimi dört talypdan ybarat bolan wekilçilikli topar sekiz ugur boýunça bäsleşige gatnaşdy. Geljekki energetikler olaryň üçüsinde – ekologiýadan, teoretiki mehanikadan we fizikadan bürünç medallaryň bisini gazandylar. 

Baýrakly orunlara “senagat elektronikasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Bibijan Mämmedowa, “ýylylyk elektrik beketleri” we “demri gaýtadan işleýän maşynlar we tehnologiýa” hünärleriniň ikinji ýyl talyplary Sapar Şaýymow hem-de Guwanç Allanazarow dagy mynasyp boldular. 

Şeýle hem “awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumatlar howsuzlygyny toplumlaýyn üpjün etmek” we “ýylylyk elektrik beketleri” hünärleri boýunça bilim alýan Agajan Ödäýew we Atajan Öwezow dagy hem bürünç baýrakly orunlaryň sanawyna girmegi başardylar. 

Bu intellektual internet-bäsleşiginiň jemleri boýunça birinji ýyl talyby Töremyrat Gurbanowyň (tehniki ulgamlarda awtomatika we dolandyrmak hünäri) jemleýji tapgyrda matematika boýunça Israilde geçiriljek açyk Halkara internet-olimpiadasyndaa biziň ýurdumyza wekilçilik edip, gatnaşmaga hukuk gazanmagy guwandyrjy ýagdaýdyr. 

Ýokary okuw mekdebiniň ýene-de üç wekili şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda iýun aýynyň başynda Bolgaryýada geçiriljek Halkara talyplar matematika olimpiadasyna çakylyk aldylar.
Okalan sany: 343   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07849 sek. ýüklenen baýt: 31488