Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ynsan súńńúniń ahwaly barada
Ýazylan wagty: 23 мая 2014 Ýazan Mayichka

                                     Ynsan súńńúniń ahwaly barada


Ynsan süňňüniň üç hili ýagdaýy bar. Olar saglyk, syrkawlyk we ganymatlyk, ýagny ne sagat, ne


syrkaw halydyr. Dertden gutulyp barýanyň we garrylaryň ahwaly muňa mysal bolar. Saglyk ynsan


süňňüniň bir ahwaly bolup, ähli işler şonuň netijesinde düzüwdir. Allatagalanyň adamzada


yslamdan soňra bagyş eden iň uly sowgady saglykdyr. Saglyk bolmazdan Allanyň tagat ybadatlaryny


ýerine ýetirmek we özüňi ýagşy alyp barmak mümkin däl. Şonuň üçinem ynsan bu nygmatyň gadyryny bilsin we Hudaýa şükür etsin.


   Muhammet pygamberiň hadysynda şeýle diýilýär: «Köp adamlar iki sany uly nygmata biparh


garaýar. Olar: jan saglygy we erkinlikdir» ýada «Allanyň şeýle bir bendeleri bar, olar kast


edilmeden azat, ýoňdur hassalykdan halas. Saglyk bilen ömür sürerler, saglyk bilen jan bererler, özlerinede şehitleriň derejesi bagyş ediler». Şundan gelip çykýan netijä görä, sagdyn ýaşamagyň hem uly sogabynyň bardygy bellidir. Abu Derdanyň aýtmagyna görä, ol: «Eý Resulalla, sag salamat ýaşap, günüme şükür edenim, belabetere duçar bolup, oňa sabyr edenimden has gowudyr» diýenimde, «Hudaý hem seniň sagdyn ýaşamagyňy isleýär»diýdi. Bu haýsydyr bir derde duçar bolup, oňa sabyr edeniňden, ilki saglygyňy gorap, soňra şükür etmegiňi Hudaý hem isleýär diýildigidir. Termeziniň Muhammet Pygamberimizden rowaýat etmegine görä, kim süňňi sagat bolsa, öz ilinde howpsuz ýaşap, gündelik azyk owkaty hem tapdyryp dursa, onuň üçin dünýä mülki ele gelen ýalydyr. Termeziniň Abu Hureýrä salgylanyp getirýän hadysyna görä, nygmat bagyş edilen ynsanlardan kyýamat güni ilki soraljak zat: «Men seniň süňňüňi sagaldyp, seni sowuk suwdan


gandyrmadymmy?» diýen sowaldyr. Pygamberimiz: «Eý, Apbas, Alladan bu dünýäň hem ahyretiň üçin jan saglygyny, gutulyşy dile» diýipdir.


   Saglyk hakda Pygamberimiziň hadysynda: «Hudaýdan saglyk we salamatlyk diläň, çünki ynsana


Hudaýa bolan imandan soňra saglykdan haýyrly hiç bir närse bagyş edilen däldir» diýilýär.


Termeziniň eserlerinde «Resulalladan saglyk hakda soramakdan oňady ýokdy» diýilýär.


Bir çarwa Pygamberimize garap: «Eý, Allanyň ilçisi, namazdan soňra Alladan name dilärkäm?» diýende, «Saglyk dile» diýip jogap beripdir. Dawut alaýhyssalamyň hikmetlerinde «Saglyk göze görünmeýän perişde, gaýgygamyň bir sagady bolsa ejizligiň bir ýylyna barabardyr» diýilýär. Il arasynda aýdylýan gürrüňlerde «Saglyk–sag adamlaryň başyndaky altyn täçdir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär», «Gadyry bilinmeýän nygmatlaryň biri saglykdyr» diýilse, ötüp geçen atababalarymyz «Her bir asuda damaryň astynda Allanyň bagyş eden gör näçe nygmaty bar. Eý, Alla, bize dinimizde, dünýämizde we ahyretimizde saglyk ber» diýip, dileg edipdirler.


Syrkawlyk bolsa saglygyň ters tarapydyr. Her bir keseliň ýüze çykyşy, artyşy, soňra pese gaçyşy


we gutaryşy bardyr. Sebäpler hakda garaýyşlar Ynsan saglygyna täsir edýän alty sany esasy sebäpler


  1. Ruhuň kadaly we sagdyn bolmagyna täsir edýän ilkinji zatlaryň biri howadyr. Howa näçe


arassa bolup, hapa we ýaramaz yslar garyşmadygyça, saglygyň has berk goragçysy bolýar.


Howa üýtgän halaty, onuň ynsana ýetirýän täsiri, berýän peýdasy hem üýtgemek bilen bolýar.


Her paslyň öz howasyna laýyk gelýän keselleri döredip, ters ýagdaýyndaky keselleri aýryp


taşlaýanlygy belli zat. Tomus holeranyň möwjemegine sebäp bolýar we şoňa bagly keselleri ýüze


çykarýar. Çünki holera gyzgyngurak tebigatlydyr. Şeýle hem, tomus sowuk täsirli dertlerden


ýada sowuklama sebäpli ýüze çykan ýoňlardan saplaýar. Beýleki pasyllary hem edil şunuň ýaly


edip kesgitläbermeli. Sowuk howa bedeni berkidýär we güýçlendirýär, iýmit siňdirişini


gowulandyrýar. Yssy howa munuň tersinedir, pasyl çalşyp, howa üýtgän çaglary ýokanç


keselleriň döremek mümkinçiligi artýar.


   2. Her bir iýilýän we içilýän zat hem saglyga täsir edýär. Egerde ol gyzgyn bolsa bedende


gyzgynlyk, sowuk bolsa sowuklyk duýlup başlaýar, olaryň täsiri endama ýaýraýar.


   3. Beden hereketi we beden asudalygy. Hereket etmek bedeni gyzdyrýar, ýagny onuň


gyzmagyna, süňňüňde gyzgynlygyň döremegine getirýär. Beden asudalygy bolsa onuň tersinedir.


   4. Ruhy hereketler we ruhy asudalyk. Ynsanda bolup geçýän ruhy ahwalatlar, mysal üçin,


tukatlyk we şadyýanlyk, gaýgyalada, çekinjeňlik ýaly häsiýetler şonuň netijesinde ýüze çykýar.


Olar ruhuň bedeniň içine ýada daşyna tarap edýän hereketi netijesinde hasyl bolýar.


   5. Uky we oýalyk hem saglyga täsir edýär. Uky ynsan ruhuny bedeniň içine tarap çekýär we onuň


netijesinde bedeniň daşy sowap galýar. Şonuň üçin hem ukuda ýatan adam üşegiç bolýar we


üstüni ýorgan ýada şoňa meňzeş zatlar bilen örtmäge mätäçdir. Ynsanyň uka bolan mätäçligi onuň iýmite bolan mätäçligi ýalydyr. Uky ýadaw degnalaryň dynç alýan wagtydyr. Beýni durmuş külpetlerinden we kynçylyklardan ýaňa agras hala düşýär. Şeýle ýagdaýda uky indi boljak zerurlyklary tertibe salýar, onuň durnuklylygyny we ähli zady Kabul etmäge ukyplylygyny gaýtadan dikeldýär. Egerde ynsan ukyny göwnejaý almasa, ol akyl güýçleriniň ejizlemegine getirer, bedende ýadawlyk, beýnide we degnalarda dartgynlylyk ýüze çykar. Ukynyň dowamlylygy ynsanyň ýaşyna görädir. Az wagtlyk çuňňur uky uzaga çekýän alasarmyk ukudan has peýdalydyr. Çünki uky näçe çuň boldugyça, beden şonçada oňat dynç alýar. Gohgalmagal, güwwüldi bilen gurşalan uky bedene mynasyp rahatlygy bagyşlap bilmez.


   6. Gaýtarmak, içiňi boşatmak ýada içiň gatamagy ýaly ahwalatlar hem saglyga täsir


edýär. Bularyň ählisi kadaly bolanda, saglygy goramak üçin örän peýdalydyr.


Okalan sany: 587   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10736 sek. ýüklenen baýt: 44634