Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XIII KÖPUGURLY HALKARA SERGISINE WE MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Ýazylan wagty: 24 мая 2014 Ýazan NEXTTM

«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XIII KÖPUGURLY HALKARA SERGISINE WE MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Şenbe, 24 maý 2014


Hormatly halkara sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIII köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mermer şäherimiz Aşgabadyň ykdysadyýetde, medeniýetde, şähergurluşyk ulgamynda ýeten belent sepgitlerini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eye boljak bu halkara sergisiniň we maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Häzir tutuş sebitde işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülen Aşgabat döwrebap, depginli ösýän şäheriň özboluşly keşbini özünde jemleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary dine bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halka edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eye bolýar. Aşgabat şäheriniň bezegine öwrülen ajaýyp binagärlik toplumlary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň görekezijileridir.

Aşgabat şäherini gurmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda düýbünden täze keşbe eye bolýan paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňelýär.
Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi paýtagtymyzyň medeni ösüşinde möhüm waka öwrüldi.
 
Täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdýär. Biz häzirki döwürde Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň toplumynyň 13-nji nobatdakysynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu işleri durmuşa geçirmek ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz pudagynyň ösüşiniň taryhynda möhüm ähmiýete eýedir.

Halkara hyzmatdaşlygynda dostluk, parahatçylyk, «açyk gapylar» syýasatyny baş ýörelge hökmünde öňe sürýän Türkmenistana dünýä bileleşigi tarapyndan gyzyklanmanyň barha artmagy netijesinde, paýtagtymyz syýasy, ykdysady, ylym-bilim, gumanitar-medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän iri halkara we sebit ähmiýetli maslahatlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şoňa görä-de, Aşgabatda in häzirki zaman hyzmat ediş desgalarynyň, şol sanda myhmanhanalaryň, seýilgähleriň, söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn tins berýäris.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, 2017-nji ýylda Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagy paýtagtymyzy iri sport merkezine öwürýär.

Aziýa oýunlaryny geçirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynamyna mynasyp bolan paýtagtymyz häzir ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýadyňa salýar. Aziýa ýurtlarynyň özboluşly sport baýramyny mynasyp guramak we geçirmek üçin, Aşgabat şäheriniň taryhy böleginiň köçeleriniň durkuny täzelemek işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Paýtagtymyzda täze ýerasty geçelgeler, seýilgähler we dynç alyş zolaklary gurulýar, binalaryň we desgalaryň durky täzelenýär.

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar!

Paýtagtymyzda durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamamyzda Aşgabady dünýäniň in owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar.
 
Şonuň bilen birlikde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara, şäherde ýaşaýşyň oňaýly ýagdaýyny saklamaga ýardam berýän, tebigatyň goralmagyna, ekologiýa boýunça ählumumy meseleleriň çözülmegine gönükdirilen desgalaryň we binalaryň taslamalaryna uly üns berilýär.

Aşgabadyň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şertleriň biri hem aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmekdir, şeýle hem ulag ýollarynyň gurluşygydyr. Bu pudaga düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagy bilen, paýtagtymyzda halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän in häzirki zaman ulag ýollary gurlup, ulanmaga berilýär.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XIII köpugurly halkara sergisi we maslahaty paýtagtymyzda ykdysadyýetde, medeniýetde hem-de durmuşyň beýleki ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eye bolar.

Men bu halkara sergisiniň we maslahatynyň paýtagtymyzyň ylmy-tehniki, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, özara tejribe alşylmagynda, daşary ýurtly r myhmanlarymyzy Aşgabady ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalary, ykdysady, medeni-ruhy ulgamlarda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIII köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, paýtagtymyzyň günsaýyn gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow 
Okalan sany: 463   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04929 sek. ýüklenen baýt: 37983