Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
HALYŞYNASLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ JEMGYÝETINIŇ XIV MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Ýazylan wagty: 24 мая 2014 Ýazan NEXTTM

HALYŞYNASLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ JEMGYÝETINIŇ XIV MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Anna, 23 maý 2014
Hormatly myhmanlar! 
Çeper elli mähriban halyçylar!

Sizi milli buýsanjymyza öwrülen Turkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Türkmeniň halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr» atly halkara sergisiniň we Turkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XIV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dabaraly bellenýän Turkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýan daşary ýurtly dostlarymyzy, nepis halymyzyň muşdaklaryny keremli türkmen topragynda hoş gördük!

Türkmen halysy halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatydyr, biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp ýadygärligidir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Türkmen halysy özüniň gözelligi, ýokary hili we kämilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halylarynyň şöhratyny belentde saklap gelýär.
 
Mähriban halyçylar!
Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Biziň halylarymyzy içgin synlasaň, türkmen baharynyň joş urýan öwüşginleri, çägeli depeleriň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, çarwanyň ak öýündäki oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýalpyldysy, bedewleriň toýnak sesiniň dükürdisi, şemalyň we kenara urulýan tolkunlaryň birsydyrgyn owazy, enäniň hüwdüsi we näzikligi hakynda gürrüň berýän ýaly, geň galdyryjy täsin duýgular göwnüňi galkyndyrýar.

Turkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet Tugumyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň alamaty bolup, depämizde parlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungatyň gadyr-gymmatyny has-da belende galdyrmak, gadymy halylaryň in nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Hormatly halyçylar we halyşynaslar! 
Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde biz dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Ýurdumyzda halkara sergileriniň, ýarmarkalarynyň, maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu geçirilýän halkara sergisi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIV mejlisi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini aýdyňlyk bilen görkezer.
 
Bu halkara sergisiniň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!
Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Mähriban halyçylar!

Siziň ähliňizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň rnukaddesliginiň nyşany bolan Turkmen halysynyň baýramy, «Türkmeniň halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr» atly halkara sergisiniň we Turkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIV mejlisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk we egsilmez bagt, halyçy gelin-gyzlarymyza bolsa, ajaýyp haly eserlerini döredip, uly zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw edýärin!

Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow 
Okalan sany: 355   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06993 sek. ýüklenen baýt: 35742