Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Ýazylan wagty: 24 мая 2014 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Anna, 23 maý 2014

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda geljek ýekşenbede ýurdumyzda iki sany uly baýramyň — Türkmen halysynyň baýramynyň, şeýle hem ilkinji gezek Aşgabat şäheriniň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçiljekdigini ýatlatdy.  Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, at-owazasy asyrlardan aşyp gelýän türkmen halysy umumy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatdyr. Bu örän çylşyrymly we inçe senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň beýany bolan türkmen halysynyň her bir çitimine çeper elli zenanlarymyzyň uly yhlasy we tutanýerli zähmeti siňendir. Şoňa görä-de, biziň halylarymyz özüniň taýsyz gözelligi, ýokary hili we örän kämilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde halkymyzyň şan-şöhratyny belende göterip gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.  

Ata-babalarymyzyň: «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar!» — diýen çuň manyly pähimi bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli merdana halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny, asuda we parahat durmuşyny alamatlandyrýar. 

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edýäris, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlarymyzyň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen halysy halkymyzyň ajaýyp arzuwlarynyň aýnasydyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, el hünäri bilen Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyny döredýän halyçy gelin-gyzlarymyzyň täze-täze haly eserleri bilen mundan beýläk-de halkymyzy beýgeldip, begendirip durjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň gününi belläp geçmek baradaky meselä geçip, ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen paýtagtynyň  gün-günden gözelleşýändigini aýtdy. Baş şäherimizde täze-täze binalar we desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär, özboluşly seýilgähler döredilýär. Şoňa görä-de, Aşgabat häzirki döwürde tanalmaz derejede özgerýär. Düýbünden täze binagärlik keşbine eýe bolýar. Geçen ýyl paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň hasabyna has-da giňeldi. Biz baş şäherimizde gurluşyklary tapgyrma-tapgyr alyp barýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy we şäherde 13-nji tapgyrda bina ediljek döwrebap desgalar toplumynyň gurluşygyna hem badalga berlendigini nygtady.  

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygynda dostluk, parahatçylyk, «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyza dünýä bileleşigi tarapyndan bildirilýän gyzyklanma barha artýandygyny belledi. Şoňa görä-de, baş şäherimizde syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni-gumanitar, syýahatçylyk we sport ulgamlary boýunça iri halkara hem-de sebit ähmiýetli maslahatlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Aşgabadyň Orta Aziýa sebitinde ilkinji bolup, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagy gözel şäherimizi iri sport merkezleriniň birine öwürýär. 

Paýtagtymyzda alnyp barylýan toplumlaýyn şähergurluşyk işleriniň netijesinde Aşgabat iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriň hataryna goşuldy. Şoňa görä-de, Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyz dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa, gözel paýtagtymyzy ösdürmekde gazanan örän uly üstünliklerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň halkara derejesinde ykrar edilendiginiň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň orny has-da ýokarlanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze öwrülýändigini belledi. Şoňa görä-de, biz ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň gününi döretmek we ony her ýylyň 25-nji maýynda belläp geçmek barada karara geldik. Biz bu baýramy şu ýyl ilkinji gezek giňden we dabaraly belläp geçeris. Aşgabat şäheriniň gününiň yglan edilmegi paýtagtymyzy ösdürmek bilen bagly biziň öňümizde täze, has uly wezipeleri goýýar. Biz Garaşsyz Diýarymyzy, ak şäherimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de giň gerim bilen dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz  Ministrler Kabinetiniň  agzalaryny we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan Türkmen halysynyň baýramy, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz ajaýyp sungat eserlerini döredýän halyçy gelin-gyzlarymyza bolsa, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi. Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe hasabat bermek üçin söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň işleri barada hasabat bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça wezipeler kesgitlenen esasy maksatnamalara laýyklykda 2015-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp taýýarlamak hakynda kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamada ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasy düzülende ministrlikler, pudak edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli     hasabatlary we maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhleti anyk kesgitlendi. Şeýle hem degişli hünärmenler üçin usuly gollanmalary taýýarlamak we maslahat-düşündiriş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň güýje girmegi bilen ähli resminamalar bu kanunçylyk namasynda kesgitlenen düzgüne laýyklykda düzüler. 

Mundan başga-da, wise-premýer hasabatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň ýolagçylaryň howpsuz gatnadylmagy, olara ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegi, şeýle hem hereket howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak babatda ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli işler geçirilip, olaryň jemleri boýunça ýolagçylary ýeňil awtoulaglarda gatnatmagy ygtyýarlylandyrmak hakynda kararyň taslamasy taýýarlanyldy. «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu resminamanyň düzgünleri bilen degişli ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajynyň möçberi, şeýle hem bu ugurda ygtyýarlylandyrmak işini amala aşyrjak döwlet edarasy kesgitlenýär. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp,  2015-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti düzülende milli özgertmeler maksatnamalarynda, ozaly bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin milli maksatnamada kesgitlenen möhüm wezipelerden ugur almagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, maliýe serişdeleriniň agramly böleginiň ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap düzümi döretmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik ulgamlarynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilmegini göz öňünde tutmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz  belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek boýunça tekliplerini aýdyp, degişli karara gol çekdi we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçylary ýeňil awtoulaglarda gatnatmagy ygtyýarlylandyrmak baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, adamlar hakynda alada etmek, raýatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak —Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň ulag düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek hem-de ulag hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň hem ulagda döwlet kadalaşdyrmasynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişlidigini  nygtady. Milli Liderimiz  ýokarda agzalan karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar bermek bilen, hususan-da, Mejlisiň komitetlerinde käbir ulgamlarda kanunlary kämilleşdirmek, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, bar bolan kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň dowam edýändigini aýtdy. Deputatlar ýerli häkimiýetiň edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerlerde işleri geçirmek bilen, ilata kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny düşündirýärler, şeýle hem möhüm durmuş meselelerini çözmäge ýardam edýärler.

Parlamentiň ýolbaşçysy bular barada aýtmak bilen, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy maýynda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky» Permanyna laýyklykda, guramaçylyk meselelerine seretmek, şeýle hem möhüm resminamalary işläp taýýarlamak üçin Konstitusion toparyň birinji mejlisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylyk binýady iň gowy milli däpleri we döwrebap meýillere bolan açyklygy özünde jemleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy dünýä tejribesini we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini  nazara almak bilen, birnäçe ugurda kanunçykaryjylyk işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady. 

Garaşsyz ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň depginini artdyrmak we gerimini giňeltmek bilen bagly bolan konstitusion özgertmeleri geçirmegiň zerurdygy barada aýdyp, milli Liderimiz ýurdumyzyň has-da okgunly ösmegini gazanmak maksady bilen Esasy Kanuny ykdysadyýetimizde we jemgyýetimizde amala aşyrylýan özgertmelere laýyk getirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Bu özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, döwlet  häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berer, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny giňeltmek we hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur bolan şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Daşary işler ministrliginiň 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatda alyp barýan işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda  Türkmenistanyň oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýändigi, ýakyndaky we alysdaky ýurtlar bilen dostlukly hem-de netijeli gatnaşyklary berkidýändigi nygtaldy. 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň ikinji ýarymy üçin göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şol meýilnama döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň birnäçesini, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza boljak saparlaryny  öz içine alýar. Mundan başga-da, ynsanperwer we ykdysady häsiýetli ileri tutulýan meseleleri, şol sanda migrasiýa we raýatlygy bolmadyk  adamlara, ulag ulgamynda gatnaşyklara we beýlekilere degişli wezipeleri çözmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan, iri halkara maslahatlarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty yzygiderli  durmuşa geçirjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz  ýurdumyzyň öňe sürýän, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge, sebit we dünýä möçberinde oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we giňeltmek üçin  bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, daşary işler ministrine 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem meýilleşdirilen halkara çäreleriniň ählisine, şol sanda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan maslahatlara ykjam taýýarlyk görülmegini  üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.    

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa iýun aýynda geçiriljek medeni çäreleriň hem-de durmuş we beýleki maksatly binalary ulanmaga tabşyrmagyň maksatnamasy barada hasabat berdi. Bu çärelere Çagalary goramagyň halkara gününi baýram etmegiň çäklerinde badalga berler. Şol gün esasy dabaralar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýatlaryň baýramçylyk meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzyň medeni merkezlerinde ýaýbaňlandyrylar. Şondan soňra  Aşgabatda «Talyp joşguny — 2014» atly döredijilik festiwaly geçiriler. 

Mundan başga-da, iýun aýynda geçiriljek çäreleriň arasynda Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe, Ylymlar gününe, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe, şeýle hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan dabaralar bar. 

Şu ýylyň 23-30-njy iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligini aýyň esasy wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Onuň çäklerinde halkara sungat sergisi, şygryýet agşamy, «Ýusup we Züleýha» atly operanyň, «Aşyklar kyssasy» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi, halk döredijiligine bagyşlanan maslahat, folklor toparlarynyň çykyşlary, sungat ussatlarynyň konsertleri we beýleki çäreler geçiriler. Mundan başga-da, Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp, durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň birnäçesi açylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow,   hasabaty diňläp, öňümizdäki dabaralaryň ählisiniň, şol sanda Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini   üpjün etmek babatda görkezme berdi. Ýurdumyzda indi ikinji gezek geçirilýän  bu giň möçberli çäre milli medeniýetimiziň gadymy däpleriniň dowamatlylygynyň, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Milli Liderimiz şeýle hem medeniýet ulgamynyň jemgyýetçilik guramalary, bilim edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen sazlaşykly işlemeginiň hem-de ýaş zehinleriň döredijilik işini goldamakda, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olar bilen ysnyşykly hereket etmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 20-22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň V halkara gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan halkara sergisiniň netijeleri barada  hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, foruma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we bilermenler, dünýäniň 37 ýurdundan esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 125-siniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Sergi daşary ýurtly myhmanlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň   gazananlary we ösüşiniň geljegi bilen  tanyşdyrdy. Kongresde gaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmäge daşary ýurt maýalaryny çekmek, gaz geçiriji düzümini we gazy gaýtadan işleýän senagaty, şol sanda gazhimiýany ösdürmek ýaly häzirki günüň wajyp meselelerine garaldy. 

Ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ekologiýa meselelerine, şeýle hem energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen halkara   başlangyçlarynyň, şeýle hem Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisini gurmak ýaly giň möçberli taslamalaryň wajyp ähmiýeti nygtaldy. 

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň beýleki ýurtlaryň energetika edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri hem-de daşary ýurtly işewürler bilen geçiren işjeň duşuşyklarynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly energiýa serişdelerini netijeli ulanmagyň döwlet syýasatynyň strategiki ugry bolup durýandygyny nygtady. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar, tebigy gazy golaýdaky we alysdaky ýurtlara ibermegiň çägi giňelýär we onuň möçberi artýar. 

Gözbaşyny türkmen ýataklaryndan alýan energiýa geçirijileri, şeýle hem geljek   üçin niýetlenen täze eksport ugurlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadynyň möhüm ulgamlary bolmalydyr. Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlary hut şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň şol başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa mynasyp boldy diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere täze gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlaryny gurmak, pudaga döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak babatda hem anyk tabşyryklar berildi. 

Ministrler Kabinetiniň  Başlygynyň orunbasary B.Italmazow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.  Hasabatda Dokma senagatynyň işgärleriniň gününi baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada aýratyn durlup geçildi.  

Bellenilişi ýaly, dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolmak bilen, onuň önümçilik kuwwatlyklary ýokary hilli önümleri çykarmaga mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Pudaga maýalaryň gönükdirilmegi netijesinde täze dokma desgalaryny ulanmaga bermegiň taslamalary yzygiderli amala aşyrylýar. Täze iş orunlarynyň müňlerçesi açylýar. Pudagyň zähmetsöýer işgärleriniň hormatyna Dokma senagatynyň işgärleriniň güni döredilip, ol däbe görä iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýär. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde 1-3-nji iýunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmäge bagyşlanan halkara sergisini we maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçiriljek sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň önümleri, şeýle hem dünýäniň köp ýurdundan sergä gatnaşjaklaryň täze işläp düzmeleri we hyzmatlary görkeziler. Bu çäreler myhmanlarymyzy pudakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrar, şeýle hem hyzmatdaşlar bilen möhüm duşuşyklary geçirmäge, geljekki özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmaga ýardam berer. 

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň at gazanan halyçysy adyny dakmak hakynda Permanyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz dokma senagatyny we milli halyçylygy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri gönükdirýär diýip belledi. Onuň däpleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap esasda ösdürilýär. Biziň ýurdumyz bu ulgamda uly kuwwata eýe bolup durýar diýip, milli Liderimiz pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň we ýurdumyzda öndürilýän dokma hem-de haly önümlerini dünýä bazarlaryna ýerlemegiň möçberlerini artdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän  Türkmen halysynyň baýramyna ünsi çekip, türkmen halylary — bu halkyň müňýyllyklaryň dowamynda ussat halyçy gelin-gyzlarymyzyň joşgunly zähmeti bilen döredilen beýik medeni miras we milli buýsanjymyz bolup durýar diýip belledi. Halyçylyk sungatyny gaýtadan dikeltmek bilen, biz geljekde hem bu ulgamy has-da ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz zähmetde ýokary netijeleri gazanan halyçylaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralary  barada aýtmak bilen, milli baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, milli Liderimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, türkmen önümleriniň daşary ýurtlara çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, iri halkara sergilerine, maslahatlaryna we işewür forumlaryna Türkmenistanyň gatnaşmagyny işjeňleşdirmek boýunça beren görkezmelerine laýyklykda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, wise-premýer 11-nji iýunda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçiriljek Halkara sergiler edarasynyň Baş assambleýasynyň 155-nji maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Biziň ýurdumyz halkara sergileri hakyndaky Konwensiýanyň wezipesini amala aşyrýan bu gurama geçen ýylda agza boldy. Türkmen wekiliýetiniň onuň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy iri sergileri guramak we geçirmek ulgamynda,  bütindünýä sergi işlerine ýakynlaşmak babatda has ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ädime öwrüler. Türkmenistan eýýäm 2010-njy ýylda HHR-iň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilen bütindünýä sergilerine gatnaşdy. Indi bolsa Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek nobatdaky «ЕKSPO—2015» halkara sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  Türkmenistanyň bütindünýä sergi forumlaryna gatnaşmagynyň ýurdumyza halkara jemgyýetçiligine öz gazananlaryny we üstünliklerini giňden görkezmäge, şonuň bilen birlikde hem dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribeleri bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz EKSPO—2015-e taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly hemme meseleleri düýpli işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda guramaçylyk işlerine degişli birnäçe tekliplerini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň Halkara sergiler edarasy bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyk etmek meseleleri boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, şol sanda saglygy goraýyş pudagyndaky işler barada hasabat berip, «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenilen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasynyň taýýarlanyşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň   hemişelik berýän ünsi netijesinde ilatyň saglygyny goramak we üpjün etmek hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak boýunça maksada gönükdirilen yzygiderli çäreler geçirilýär. Bu ulgamda abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

BSGG-niň degişli teklipleri esasynda işlenip taýýarlanan kararyň taslamasy bu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Resminama Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk-2020» syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenilen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllar aralygynda amala aşyrmagyň milli strategiýasyny, şeýle hem bu strategiýany durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümini tassyklamagy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de beýleki dahylly ministrliklere hem-de pudak edaralaryna bellenilen tertipde milli strategiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamak hem-de tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   hasabaty diňläp, hödürlenen resminamanyň taslamasyny oňlady we degişli karara gol çekip, onuň ýurdumyz üçin, şeýle hem sebit möçberinde uly ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiziň aýratyn belleýşi ýaly, türkmen döwleti raýatlaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, lukmançylyk ylmyny hem-de tejribesini ösdürmek, bu ileri tutulýan ulgama iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine-de uly üns berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde, ilkinji  nobatda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, türkmenistanlylary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmegi giňden wagz etmek boýunça işleriň has-da möhümdigini nygtady. Munuň üçin ýurdumyzda hemme amatly şertler döredildi.

Wise-premýere bu wajyp milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegine, şunuň bilen baglanyşykly hemme meseleleriň öz wagtynda çözülmegine we degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, hormatly Prezidentimiz BSGG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan adamlaryň saglygyny goramaga we abadançylygyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini belledi.   

Soňra «Ak şäherim Aşgabat» atly XIII köpugurly halkara sergisine we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy  Ş.Durdylyýew çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, öňde boljak gözden geçirilişe gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan uly wekiliýetler, 50 töweregi kompaniýalar geler. Türkmen tarapyndan öz önümlerini ministrlikleriň we pudak edaralaryň 24-si hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň we hususy kärhanalarynyň 40-dan gowragy görkezer. Mundan başga-da, bu çärä daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem bolar. Sergide gurluşyk, ulag, elektroenergetika, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, azyk, dokma senagaty, hyzmatlar ulgamy we beýleki pudaklar görkeziler. 

Serginiň çäklerinde ylmy maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň iň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Foruma gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Aşgabady uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategiýasy iri maýa goýum taslamalary hem-de daşary ýurt maýadarlary üçin mümkinçilikler açýan täzeçe çemeleşmeler barada doly maglumatlary alyp bilerler. 

Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp binanyň we durky täzelenilen «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylmagyna görülýän taýýarlygyň barşy barada habar berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara aragatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, ýurdumyzyň baş şäheri — ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň birine öwürmekde täze maýa goýumlary we öňdebaryjy tejribeleri çekmek işinde forumyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz serginiň we maslahatyň degişli derejede guralmagy üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ilkinji gezek bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralary bilen bagly hemme çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş  etdi. Ol welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daýhanlar galla oragyna işjeň taýýarlyk görýärler. Mundan başga-da, gowaça kada laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek  işleri  alnyp barylýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi. Gürrüň, hususan-da, häzirki wagtda suw hojalyk pudagynda ulanylýan tehnikalary dolandyrýan buldozerçileri we ekskawatorçylary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, ýöriteleşdirilen tehnika hyzmat etmek we abatlamak boýunça hyzmat ediş merkezleriniň we ýörite toparlaryň işini ýola goýmak barada barýar.

Şeýle hem wise-premýer «Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň mejlisini geçirmek hakyndaky» Kararyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we onuň agzalaryna ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýrugyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýetip gelýän galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Bu işde esasy zat ýetişdirilen dänäni diňe ýygnap almak däl-de, eýsem, ony ýitgisiz daşamak, göwnejaý saklamak bolup durýar. Gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Suwdan rejeli peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu wezipeler bilen bagly işleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýurdumyzda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we suw gorlaryny tygşytlamaga ýardam edýän innowasion ylmy-tehniki işleri iş ýüzünde ulanmak barada anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Suw hojalyk ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda  suw howdanlaryny gurmagyň we durkuny täzelemegiň depginlerini ýokarlandyrmak, gurulýan desgalarda  işledilýän ýöriteleşdirilen tehnikalary netijeli peýdalanmak, şeýle hem oba hojalyk ekin meýdanlarynda suwuň sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, ekin meýdanlarynda eýýäm öz netijeliligini görkezen damjalaýyn usuly işjeň ornaşdyrmak ýaly işleri görkezdi. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekip, olaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmak barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenbaşynyň halkara deňiz portyny hem-de Türkmen deňiz söwda flotyny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň baş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň demir ýollaryny abatlamak we durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, soňky ýyllarda nebit we nebit önümlerini daşaýan «Sumbar», «Hazar», «Jeýhun», «Bitarap», «Etrek», «Alaja» gämileri satyn alyndy we häzir üstünlikli ulanylýar. Olar halkara standartlaryna laýyk gelýän milli gämiçilik flotiliýasyny döretmek boýunça innowasion taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň buýurmasy esasynda guruldy. Netijede, deňiz ulaglary bilen daşalýan ýükleriň möçberi ýylsaýyn artýar. Türkmenbaşynyň deňiz portuna gelýän daşary ýurt gämileriniň sany hem köpelýär. 

Şeýle-de kuwwatly tirkeg gämileriniň gurluşygy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpugurly ulag düzüminiň bolmagynyň, şol sanda deňizde hereket etmeginiň islendik ykdysadyýetiň ösüşiniň zerur şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzir sebitiň iri ulag merkezi hökmünde uly orun eýeleýän Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň ähmiýetini nygtady. Onuň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak üçin  porty has-da döwrebaplaşdyrmak, täzeden enjamlaşdyrmak, dürli ugurly täze terminallary gurmak zerur bolup durýar. Şunda olaryň tehniki we tehnologik üpjünçiliginiň ýokary derejesi Hazaryň ekologiýa abadançylygynyň kepili bolup hyzmat eder. 

Ýurdumyzyň demir ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz täze demir ýollary gurlanda we hereket edýän demir ýollaryň durky täzelenende täze tehnologiýalary peýdalanmak zerurdyr, munuň özi ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň uzakmöhletleýin hem-de netijeli ulanylmagyny üpjün eder diýip belledi. 

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda   uzynlygy 240 kilometre barabar bolan «Türkmenbaşy—Garabogaz—Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýoluny gurmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde «Arçman — Türkmenbaşy», «Aşgabat — Mary», «Mary — Türkmenabat», «Türkmenabat-Farap» we 
«Aşgabat — Garagum — Daşoguz» awtomobil ýollarynyň tapgyrlaýyn durkuny täzelemek we gurmak boýunça geçirilen işler, ýurdumyzda hereket edýän köprüleriň ulanylyşy we olary abat saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolgurluşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze ýollary gurmagyň ýokary hilini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde, welaýat hem-de etrabara ýollaryny  gurmakda hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Milli Liderimiz ýolgurluşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur bolan aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meseleleriniň üstünde oýlanyşykly işlemegiň wajypdygyny nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sazlaşykly we okgunly ösdürmekde möhüm orun eýeleýän ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler çözülende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berip, ýollaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy talaplarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine  Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrunda  alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
TDH
Okalan sany: 465   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11531 sek. ýüklenen baýt: 80537