Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ak şäherim Aşgabat
Ýazylan wagty: 24 мая 2014 Ýazan NEXTTM

Ak şäherim Aşgabat

Sungatyň Ajaýyp eserine guwanýarsyň, gaýta-gaýta okaýarsyň, synlaýarsyň, diňleýärsiň. Sazandanyň ruhyňy baýlaşdyrýan sazyna, aýdymçynyň hoş owazyna maýyl bolup oturýarsyň. Binagärlik işem juda sogaply we juda jogapkärli iş. Ýol çekmek, jaý gurmak, guýy gazmak, köpri gurmak-diýseň hormatly iş. Umuman gurluşyk, abatlaýyş, rejelemek-gaty möhüm we jogapkärli iş bolup durýar.
 
Häzirki döwürde hemmetaraplaýyn sazlaşykly we okgunly ösýän Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurluşyk işleri batly depginde ýaýbaňlandyryldy. Esasan-da ak şäherimiziň merkezi böleginde Aşgabady ösdürmegiň täze tapgyrynyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygynda netijeli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman gurluşyk ulgamynyň öde baryjy tejribeleri sazlaşykly utgaşýar.

Bir wagtky Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Botanika inustitutynyň we çaphanasynyň duran ýerinde, elli ýyldan soň  täze desga-ak şäherimiz Aşgabadyň simwoly höküminde bina edilen desga guruldy.Ýadyňyza düşýän bolsa, Aşgabadyň medeni we seýil bagynyň agaçlary garraşyp, jaýlary hatardan çykdy. Tans edilýän meýdançasy, waleýbol oýnalýan meýdançasynda derek galmady. Millet dynç almak üçin oňa gelerdi, soň weli, bu ýeriň bazary sowuldy.

Bu günki gün şol seýilgähe gaýtadan jan berildi. Zamanaban desgalar guruldy, çagalar üçin oýnamaga we dynç almaga ýene-de mümkünçilik döredildi.

“Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat,
Watanym, Şöhratym, şanym Aşgabat!”

diýip gulagymyzda galan ýakymly owaz, ýene bize güýç kuwwat berdi.

Bagtyýarlyk eýýamynyň ak şuglaly ak şäheri,
Gözellige beslenip dur, ýatladyp baky bahary. 

Sen bu ajaýyp işlere, täze desgalara neneň guwanmajak?!

Häzirki döwürde bina edilýän desgalar dürli maksatly hem-de ýokary hil ýläilerine laýyk gelýänderejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, özüniň owadanlygy, gelşikliligi, göze gelüwliligi hem-de paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelligibilen sazlaşygy emele getirýär.

Özüniň kaşaňlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen, ak mermere bürelen şäherhöküminde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň binagärlik keşbini hasam gözelleşdirýän, ýokarda agzap geçen desgalarymyz ýaly ajaýyp desgalar yzly yzyna gurulýar.

Watanymyzyň mermer paýtagty Aşgabatda gurulýan täze binalaryň zabanabanlygy, bütin dünýä bilen sazlaşygyBerkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhynybeýan edýär. Döwletiň Lideriniň Aşgabada arassaçylygynyň şäheri diýmegi ýöne ýerden däl. Beýle ajaýyp, päkize, arassa, göwüngöteriji şäher başga nirede bar?

Döwletiň Baştutany türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, olary gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek boýunça taýsyz tagallalary edýär.

Ak şäherimiz Aşgabatda döredijilikli täze eýýamymyzda milli binagärlik sungatynyň Ýewropa biçüwleri bilen sazlaşykly utgaşsyrylmagyndan döredilen ajaýyp desgalar görenleri haýran edýär.

“Türkmenistanyň müňýyllyklaryndan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar türkmen binagärlik sungaty barada, gümmezleri bilen töweregine nur saçyp duran, täze ajaýyp binalary bilen barha gözelleşýän ak şäherimiz barada, milli bezegli desgalar, milli äheň berip, şäheri has gözelleşdirýän binalar barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ak mermere bürenip oturan Aşgabada bir gezek gelen adamyň, bu ýere ýene dolanasy gelýändigini bellediler.

Täze açylan desgalarymyzam bu gözel şäherimiziň gözgamaşdyryjy keşbini hasam gözelleşdirer. Olar milli medeniýetimiziň, binagärlik sungatymyzyň ösmegine golutgy bolar. Barha gözelleşýän ak şäherimize seýle çyksaň, onuň ösüşinde türkmeniň ruhybelentligini, ynsanperwerligini, asudalygyň goragynda durýandygyny mese-mälim duýýarys.

H. Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri
Okalan sany: 2436   Jogaplar: ( 2 )

Sasoltan
26 мая 2014

Dünýâde iñ gözel ýurtlaryñ biri AK ŞÂHERIM AŞGABAT.

Krassavchik
26 мая 2014

Sasoltan aydanlarynyza goshulyan!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07125 sek. ýüklenen baýt: 37084