Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Paýtagtyň elektrik üpjünçiliçi kämilleşdirilýär
Ýazylan wagty: 26 мая 2014 Ýazan Krassavchik
Aşgabadyň elektrik üpjünçilik ulgamynyň durky doly täzelener. Ýurduň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” Döwlet elektrotehnologiki korporasiýasynyň hünärmenleri «Çalik Enerji» (Тürkiýe) kompaniýasy bilen bilelikde paýtagtyň sebitleriniň energetiki enjamlaryny we elektrik ulgamlarynyň durkuny täzelemegiň ikinji we üçünji tapgyryny amala aşyrmaga girişdiler. 

Bi işler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylda gol çeken “Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak hakynda” Kararyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýär. 

Köne we täze gurluşyk sebitlerinde häzirki zaman kuwwatly kiçi beketler gurulýar, howadan geçýän elektrik geçiriji simler has ygtybarly simler bilen çalşylýar. Elektrik enjamlaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak paýtagtyň ilaty we kärhanlary tarapyndan elektrik energiýasynyň sarp edilşiniň möçberleriniň artmagyny nazara almak bilen geçirilýär. Täze elektrik ulgamlary ýokary kuwwatlylyklara eýedirler. 

Şäheriň elektrik üpjünçiliginiň durkuny täzelemegiň birinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşynda kuwwatlylygy 110, 35, 10 kWt bolan täze kiçi beketleriň 27-ni we transformator nokatlarynyň ýüz töweregini gurmak göz öňünde tutulýar. Energetikler şäheriň çäklerinde howa tok geçirijilerini kabel ulgamlaryna çalyşmak işlerini yzygiderlilikde alyp barýarlar, ýaşaýyş jaý toplumlaryna kuwwatly käbelleriň onlarça kilometrini çekýärler. 

Paýtagtyň elektrik üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmagyň ikinji we üçünji tapgyrynda paýtagtyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etjek kuwwatlyklary artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ahak döwler elektrik bekediniň çäklerinde kuwwatlylygy 252 megawatt bolan gazturbina enjamynyň ýene-de birini gurmak bellenilýär. Şäheriň demirgazyk çetinde Derweze etrabynda potratçy guramalar kuwwatlylygy 504 megawatt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygyna girişdiler. Bir wagtyň özünde 110-35 kW güýçli kiçi beketleriň 28-ni we 10 kW paýlaýjy nokatlaryň 43-ni gurmak, 10 kW kabel liniýalarynyň 500 kilomterini çekmek wezipesi öňde dur. Elektrik energiýasynyň bu kuwwatly çeşmeleri şäher sarp edijilerine 220 kW güýçli täze kiçi beketler ulgamlary we ýokary woltly 220 kW elektrik geçiriji halkalaýyn ugurlar boýunça birikdiriler. Bu bolsa paýtagtyň sebitlerini üznüksiz we ygtybarly elektrik üpjünçiligi bilen üpjün etmäge şertleri döreder. Paýtagtyň elektrik üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak işleri 2017-nji ýylda tamamlanar.

Okalan sany: 432   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05336 sek. ýüklenen baýt: 32890