Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
AHALTEKE BEDEWLERINIŇ SIRK SUNGATYNDAKY ÜSTÜNLIGI
Ýazylan wagty: 26 мая 2014 Ýazan NEXTTM


AHALTEKE BEDEWLERINIŇ SIRK SUNGATYNDAKY ÜSTÜNLIGI
Ýekşenbe, 25 maý 2014

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Beghan atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sirk arenasyndaky ilkinji çykyşy boldy. Sirk oýunlaryna uýgunlaşan bedewiň ilkinji çykyşy uly üstünliklere beslendi. Mälim bolşy ýaly, bu bedew şu ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halypa çapyksuwarlaryň arasynda guralan at çapyşygynda ýeňiş gazanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýrak hökmünde gowşurylypdy.

Biziň ýurdumyzda sirk sungatyny, şol sanda at üstündäki oýunlar toplumyny sazlaşykly ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz özüne baýrak hökmünde gowşurylan Beghany «Galkynyş»  milli  at üstündäki oýunlar toparyna berýändigini mälim etdi. Milli Liderimiz başlangyjy bilen döredilen bu topar türkmen atçylyk sungatynyň has-da ösmegine mynasyp goşant goşdy we daşary ýurtlaryň birnäçesinde üstünlik bilen çykyş edip şöhrat gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen jigitleriniň çykyşlaryny Belarusuň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň tomaşaçylary şowhun bilen garşyladylar. Şeýle hem toparyň agzalary 2013-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada geçirilen Sirk sungatynyň bütindünýä  festiwalynda baş kuboga, şeýle hem köp sanly  baýraklara mynasyp boldular. 

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ajaýyp bedewler, at çapmagyň ussatlygy, çylşyrymly at üstündäki oýunlar we bedew bilen baglanyşykly ýagşy dessurlar häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaşajyk çapyksuwarlar özleriniň çylşyrymly hereketleri, özboluşly çykyşylary we ussatlyklary bilen talapkär tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Olaryň  çylşyrymly hereketleri  milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar we oýunlara tomaşa edýänleriň  ýatlaryndan çykmajak wakalara beslenýär. Döwlet sirkinde geçirilen şu günki çykyşlar hem örän täsirli boldy.

 «Gutly bolsun beýik döwrüň baýramy! Arkadagym bilen türkmen toýlary» atly aýdym-sazly tomaşa sirk tomaşalarynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu aýdym tansçylaryň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

Ine-de, sirkiň tomaşa zalyna ümsümlik aralaşýar, alypbaryjy «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň başlanýandygyny yglan edýär. Çykyşlar başlanmazdan öňürti tutuş türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar we bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze üstünlikler gazanmagy, türkmen topragynyň milli buýsanjy bolan, halkyň kalbynyň ganatyna, baýramçylyklarymyzyň baş bezegine öwrülen ahalteke bedewlerine mundan beýläk-de at-abraý arzuw edilýär. 

Şeýlelik bilen, sirkiň tomaşa sahnasynda beden gurluşy göze gelüwli bolan ajaýyp Beghan peýda bolýar. Tomaşa jaýynyň yşyklarynyň nuruna özboluşly öwüşgin atýan ahalteke bedewiniň çykyşy başlanýar. Ol sahnada tomaşaçylara özüniň kämilligine göz ýetirmäge mümkinçilik berýän mysaly aýlaw edýär. Onuň ädimleri barha batlanyp, bedewiň hereketine haýran galan tomaşaçylaryň sesi eşidilýär. Çapyp barýan ata ussatlyk bilen atlanan çapyksuwar özüniň çylşyrymly hereketlerini görkezip başlaýar. Ol sahnada birsyhly çapýan atyň üst
Okalan sany: 356   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
26 мая 2014

gidenler bar bolsa sirke, aydyp berinda nahiyli ge4enini tomoshan


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06107 sek. ýüklenen baýt: 33920