Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY SERGI WE MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan NEXTTM


“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY SERGI WE MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
Duşenbe, 26 maý 2014

Aşgabat,26-nji maý (TDH). Şu gün Sergi köşgünde “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIII köpugurly Halkara serginiň ýapylyş dabarasy boldy, onuň çäklerinde türkmen paýtagtyny ösdürmegiň geljegine we şäher-gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan maslahat hem geçirildi.

Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan wekilçilikli forum şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylan üstünlikleriň we geljekki meýilnamalaryň görkezilýän möhüm ähmiýetli mýdançasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary sergini görmäge gelýän müňlerçe adamyň ünsüni çekdi, olar serginiň innowasiýa häsiýetini we onuň ýokary guramaçylyk derejesini bellediler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan sergä uly gyzyklanma bildirilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Russiýadan, Belarusdan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen kompaniýalaryň onlarçasy öz bölümlerini görkezdiler.

Şu ýyl köpugurly sergi diňe bir oňa gatnaşyjylaryň we görkezilýän harytlaryň köpdürliligi bilen tapawutlanman, eýsem gurluşyk ulgamynda we gurluşyk harytlaryny öndürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de innowasiýa işläp taýýarlamalaryny hödürleýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigi bilen tapawutlandy. Bularyň ählisi iri halkara işewürlik we medeni merkez bolan ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmekde netijeli gurallardyr, paýtagtymyzda bolsa amatly ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir.

Köppudaklaýyn forum milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan paýtagtymyzyň keşbini düýpgöter özgertmek, ozaly bilen bolsa durmuş düzümlerini kämilleşdirmäge toplumlaýyn çemeleşmegi, abadanlaşdyrmagy we bagy-bossanlyga öwürmegi, tutuşlygyna şäher hojalygyny döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýan ägirt uly maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirlmeginiň aýdyň netijeleridir. Bu sergi ýurdumyzyň we tutuş dünýäniň gurluşyk senagatynda gazanan sepgitleri, şäher-durmuş üpjünçiliginde täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Aşgabatda geçirilen forumyň barşynda, pudakara derejesindäki, şeýle hem türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň şähergurluşyk ulgamynda dünýäniň işewür toparlary bilen ozal bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik beren duşuşyklar boldy.

“Ak şäherim Aşgabat” atly sergi hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda ýurdumyzyň baş şäherine täze maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant boldy. Özara gyzyklanma bildirilýän geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri täze gatnaşyklary ýola goýmakda esas bolup hyzmat eder, olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa Watanymyzyň ak mermerli paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmekde ygtybarly binýat bolar.

Forumyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara nusgasyndaky diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy. Foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesinde görkezilen myhmansöýerlik we “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIII köpugurly Halkara serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklary beýan edilýär.
Okalan sany: 401   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10195 sek. ýüklenen baýt: 33740