Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TÜRKMEN IŞEWÜRLIGINIŇ DAŞARY SÖWDA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMEN IŞEWÜRLIGINIŇ DAŞARY SÖWDA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Duşenbe, 26 maý 2014

Şu ýylyň 23-26-njy maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň XVIII halkara söwda-maýa goýum sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde Ýüpek ýoly Halkara sergisi (“Silk Road International Expo”) guraldy.

Bu çärä Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň müňlerçe wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Sian şäherine iberilen türkmen wekiliýetiniň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurdumyzyň dokma önümlerinden taýýar eşikleriň önümçiligi boýunça ýeňil senagat ulgamynda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň wekilleri, halyşynaslar, şeýle hem bezegçiler we beýlekiler gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyzyň hususy kärhanalary häzirki döwürde Türkmenistanyň sarp ediş bazarynda senagat we azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň maksada laýyk we hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň jemi içerki önüminde kiçi we orta telekeçiligiň paýy artýar. Hususy kärhanalar özleri üçin bazar gatnaşyklarynyň, şol sanda daşary ýurt telekeçiliginiň täze usullaryny özleşdirýärler. Olaryň öndürýän önümleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy dünýä bazarlarynda mynasyp wekilçilik etmekleriniň baş şertidir.

Ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizde bäsdeşlige ukyply ýagdaýyň döremegini şertlendirýärler we ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde durmuş goldawyny döredýärler. Şeýlelikde, soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 8 göterimden gowrak ýokarlandy.  Bu görkezijiniň ýyl-ýyldan artýandygyny bellemeli. Diýmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýyla çenli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň ýurduň jemi içerki önüminiň 70 göterimine (Ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda) barabar bolmagy bilen baglanyşykly wezipesiniň ýerine ýetirilýändigini bellemeli.   

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça  milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli döwlet syýasaty jemgyýetçilik işjeňliginiň netijeli görnüşleriniň höweslendirilmegi, şeýle hem hojalyk başlangyçlarynyň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagy Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

Daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ýerini tutmak işlerini artdyrmak we içerki bazaryň bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bir hatarda türkmen işewürleri bäsdeşlige ukyplly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýärler. Ýurdumyzyň bazarlarynda öňdäki hatarlary eýelemek bilen, köp sanly önüm öndürijiler häzirki döwürde öz önümlerini beýleki döwletlere eksport etmäge taýýardyrlar we olar önüm ýerlemegiň täze bazarlaryny gözleýärler.

Köp sanly halkara forumlaryna, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralýan ýöriteleşdirilen hem-de ugurdaş sergilere yzygiderli gatnaşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary möhüm ykdysady maglumatlaryň yzygiderli alşylmagyny, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň we peýdaly işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýärler. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürçilik ulgamynyň derejesini ýokarlandyrmak, onuň önümçilik serişdelerini we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we ony peýdalanmagyň, halkara işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtaýar.  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň öňünde hem Sian şäherinde guralan iri çärä gatnaşmak bilen baglanyşykly möhüm wezipeler goýuldy.

Bu ýerde guralan   türkmen sergisine  görmäge gelen belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Halk wekilleriniň ähihytaý ýygnagynyň başlygynyň orunbasary Çžan Baowen, Şensi welaýatynyň gubernatory Leý Ging Džian, Şensi welaýatynyň partiýasynyň sekretary Žao Ženg Ýong bar. Olar türkmen telekeçileriniň önümleriniň köp dürlüligine, hiline we ýokumyna ýokary baha berdiler. Ajaýyp türkmen halylary, milli zenan lybaslary, olaryň ajaýyp nagyşlary, şeýle hem halk döredijiliginiň äheňinde taýýarlanan sowgatlyklar köpleriň ünsüni özüne çekdi. Milli medeniýetiň ajaýyp we bahasyz gymmatlygy bolan gadymy halk senetçilik däplerini saklamak we ony ösdürmek babatda türkmen telekeçileriniň möhüm wezipäni ýerine ýetirendigini aýratyn bellemeli.

Türkmen tellekeçileriniň bu ýerde görkezen harytlarynyň we hyzmatlarynyň görnüşleri örän köp boldy. Olar ykdysadyýetimiziň söwda, maldarçylyk, mebel önümçiligi, gurluşyk serişdeleri, azyk önümleri, durmuş harytlary, şeýle hem bilim, hukuk ulgamy, neşirçilik, bezeg işleri, halk senetkärçiligi ýaly ugurlar boýunça görkezilen gymmatlyklar boldy. Ýeri gelende aýtsak, Ýüpek ýoly Halkara sergisinde görkezmek üçin milli aýratynlygy bolan we özboluşly gadymy türkmen medeniýetini    özünde jemleýän harytlar saýlanyp alyndy.

Bu ýerde ýüpekden we ýüňden dokalan dürli nagyşlary bilen gözüň ýagyny iýip barýan el halylary, dürli görnüşdläki haly önümleri, keşdeler, keteniler, zergärçilik önümleri,  küýze gaplary, telekeçiler we halk ussalary, ýaş bezegçiler tarapyndan taýýarlanan sowgatlyklar görkezildi.

Serginiň çäklerinde duşuşyklar, gepleşikler we medeniýet, bilim, ylym hem-de tehnika ýaly dürli ulgamlarda  hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmen toparynyň wekilleri Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar üçin söwda we syýahatçylyk boýunça guralan maslahata gatnaşdylar. Dürli ýurtlaryň telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmagyň, iri kompaniýalaryň, şol sanda syýahatçylyk işewürligini guramak we dolandyrmak ulgamyndaky düzümleriň öňdebaryjy tejribelerini işjeň çekmegiň, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini nazara alanyňda bu ulgamyň ähmiýeti has-da artýar. Iri halkara çärelerini guramaga ýardam bermek, tejribe alyşmak, döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuş ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak  ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň   esasy ugry bolup durýar. 

Serginiň işiniň barşynda, ýagny 25-nji maýda söwda sergisi guraldy. Onda türkmen telekeçileriniň sowgatlyk önümleri we amaly-haşam sungatynyň harytlary uly islegden peýdalandy. Milli sungatymyzyň bu ulgamy, muzeý gymmatlyklarynyň hataryndan çykyp,  kaşaň ýarmarkalaryň, sergileriň, gözden geçirişleriň ulgamynda möhüm orun eýeledi we olar daşary ýurtlaryň abraýly söwda ulgamlarynyň gerekli harytlaryna öwrüldiler.

Çeper we tehniki däpleriň kadalaryna daýanmak bilen, bu ulgam yzygiderli ösýär. Şeýle hem ol döwrebap görnüşe eýe bolup, önümçilik pudaklarynyň  islegine eýe bolýar. Bu önümler döwrüň meýilleri bilen aýakdaş gidip, özi üçin bimöçber giňişligi açýarlar. Hünärli gollardan çykan özboluşly önümler özüniň döredijilik  täzeligi we  batyrgaý açyşlary hem-de täzeçil ýörelgeleri bilen adamlary haýrana goýýarlar... 

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň durnukly ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmeginde döwletimiziň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän goldawyna ýokary baha bermek bilen, ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşinde we üstünliklerinde, giň möçberli meýilnamalarynda möhüm orny eýeleýän işewür düzümleriň ösüşi barha ýokarlanýar.

Hytaýyň Söwda palatasy Türkmenistanyň    Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda uzak möhletleýin söwda gatnaşyklaryny goldamak boýunça ýörite Ylalaşygy işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Sergi “Ýüpek ýoly” ekspozisiýasynda geçirildi. Ol 200 gektardan gowrak meýdany bolan işewürçilik ulgamyny ugur edinýän iri sergi meýdançasydyr. Onuň guramaçylary bu sergini yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem bu ýerde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň bölümleriniň hemişelik işini ýola goýmagy, onda alyjylaryň islän harytlaryny alyp bilmekleri üçin mümkinçiligiň döredilmegini maksat edinýärler. 

“Silk Road International Expo” sergisiniň işi Hytaýyň habar beriş serişdelerinde giň seslenmä eýe boldy. Türkmen bölümi baradaky surata düşürilen şekiller HHR-iň ýerli metbugatynda, tele we radioýaýlymlarynda, täzelikler gulluklarynda giňden beýan edildi. 

Halkara sergisi ony guraýjylaryň pikirine görä, Hytaýyň halkara söwda palatasynyň başlangyjy we Bütindünýä söwda palatalar federasiýasynyň goldawy netijesinde “Ýüpek ýoly” taslamasynyň birinji tapgyrydyr. Bu taslamanyň maksady Beýik Ýüpek ýoly geçen ägirt uly sebitde ýygjam hyzmatdaşlygy we uzakmözhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Onuň başlangyjy bolup gadymy döwürde Sian şäheri hyzmat edipdir. Hut şonuň üçin hem bu şäher täze Ýüpek ýolunyň ykdysady ulgamynyň döredilmegine bagyşlanan    giň möçberli halkara forumynyň geçýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Sergini esaslandyryjylaryň hatarynda HHR-iň Daşary işler ministrligi, HHR-iň Ösüş we reforma boýunça döwlet komiteti, HHR-iň Täjirçilik ministrligi, Hytaýyň halkara söwdasynyň ösdürilmegine ýardam bermek baradaky komiteti bar. 

Ýewraziýa giňişliginde täze goşulyşmak ýagdaýynyň ulgamy hökmünde Gadymy Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen baglanyşykly başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda birnäçe gezek öňe sürüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taryhy ulgamyň häzirki şertlerde dikeldilmegi ykdysady, durmuş ösüşini, syýasy durnuklylygy, Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ähli ýurtlarda parahatçylygyň we rowaçlygyň berkararlygyny şertlendirer. 

Ulag we logistika giňişligi Ýüpek ýolunyň ykdysady ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Eger-de  gadymy döwürlerde harytlar bu ýol bilen kerwenler arkaly gatnadylan bolsa, häzirki döwürde uçar ugurlary, demiir ýollar, ulag ýollary, nebitgaz terba geçirijileri, aragatnaşyk düzüminiň möhüm ulgamy bolup durýar. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi bu babatda strategik gatnaşygy emele getirýär. 

Häzirki döwürde Ýüpek ýoluny dikeltmek ýörelgesi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bilelikdäki uly tagallalary we bu ugurdaky netijeli ädimleri Türkmenistan bilen Hytaý işjeň       ýerine ýetirýär. Iki ýurduň milli Liderleriniň syýasy erki bu hereketiň okgunly ösüşiniň kepili bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Hytaýa ýakynda amala aşyran döwlet sapary we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikler  onuň aýdyň netijesi bolup durýar. 

Şeýlelikde, häzirki Ýüpek ýoly tutuş sebitiň we yklymyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan geosyýasy hyzmatdaşlygyň täze ugry bolup durýar we ol dostluk, parahatçylyk we durnukly ösüş ýaly umumy gymmatlyklarda ýurtlary hem-de halklary baglanyşdyrýan oňyn we özara peýdaly utgaşma ýagdaýynyň binýadyny emele getirýär.
Okalan sany: 982   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08662 sek. ýüklenen baýt: 44209