Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Magtymgula bagyşlanýar
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Krassavchik
Beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda nusgawy şahyryň hormatyna ýurdumyzda, şeýle hem daşary döwletlerde köp sanly dabaraly çäreler guraldy. Şeýle hem bu şanly senä bagyşlanyp nusgawy şahyryň türkmen dilindäki we dünýäniň köp sanly dillerindäki eserleriniň ýygyndylary çap edildi. 

Şanly dabaralara bagyşlanyp şahyryň döredijiliginiň öwrenilmeginiň esasy ugurlaryny beýan edýän ýörite ylmy-köpçülikleýin neşirler taýýarlanyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan ýygyndylar neşir edildi, şolaryň arasynda beýik nusgawy şahyra bagyşlanan goşgular, şeýle hem ylmy-barlan monografiýalary we beýlekiler bar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň nusgawy şahyryň ömri, döredijiligi we filosofiki garaýyşlary, onuň halkymyzyň ruhy durmuşyndaky orny baradaky pähim-paýhasly sözleri türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyň many-mazmunyny düzýär. Şeýle hem Magtymgulynyň dünýäniň 22 dillerinde täsin galdyrýan sowgatlyk neşiriniň çap edilendigini bellemek gerek. Bu neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli halk tarapyndan uly hormat goýulýan türkmen nusgawy şahyry baradaky giriş makalasy bilen başlanýar. 

Şahyryň eserleriniň täze neşirleri bilen tanyşdyrylyş dabaralary Türkiýede, Ermenistandpa, Hytaýda, Koreýa Respublikasynda, Özbegistanda, Belarusda, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherilerinde, Şweýsariýada, Awstriýada geçirildi. Umuman alanyňda, diňe soňky ýyllar beýik şahyryň eserleri iňlis, ýapon, hytaý, koreý, urdu, arap, türk, fransuz, rus, belarus, ukrain, rumyn, tatar, ermeni, gazak, özbek we beýleki dillere terjime edilip çap edildi. Munuň özi meşhur we beýik söz ussadynyň muşdaklarynyň hataryny artdyrmaga mümkinçilik döredip, giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgada öwrüldi hem-de beýik nusgawy şahyrynyň döjredijiliginiň çäksiz dünýäsini äşgär etdi. 


Şanly senä bagyşlanan işleriň arasynda “Magtymguly” atly operanyň, şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlaryň, şahyra bagyşlanan goşgularyň ýazgylary geçirilen audio we wideo diskler, şol sanda Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) “Medeniýet” atly resmi saýtynda Magtymgulynyň 290 ýyllygy mynasybetli ýörite bölüm bar. Şahyryň keşbi şekillendiriş sungatynda, teatr sahnasynda we kinoda täzeden täsirli görkezildi. Beýik şahyryň we akyldaryň ömrüne, döredijiligine ýurdumyzyň teleradio ýaýlymlarynda birnäçe gepleşikler toplumy taýýarlanyldy. 

Ýakynda ýurdumyzyň telewizion ekranlarynda Oguzhan atly “Türkmenfilm” döredijilik birleşiginde döredilen “Magtymguly” atly doly metražly çeper film ilkinji gezek görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşyndan alnan parçalar filmiň wideo jemlemesini düzdi. Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralara taýýarlyk çäreleri çykyşyň esasyny düzdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, beýik şahyryň eserleri, onuň paýhasly wesýetleri her bir türkmeniň kalbynda mynasyp orny eýeledi. Akyldar şahyryň garaşsyz döwlet, halkyň parahatçylykly, dostlukly we bagtyýar durmuşy baradaky arzuwlary ýurdumyz garaşsyzlygyny gazanandan soň hasyl boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri şahyryň milletiň taryhy ykbalyndaky we türkmen halkynyň ruhy durmuşyndaky ornuny açyp görkezýän täze filmiň baş ýörelgesine öwrüldi. 

Awtorlar taryhy maglumatlary, şeýle hem halk içindäki rowaýatlary we Pyragynyň eserlerini esas edinip almak bilen, Magtymguly diýlip at dakylan oglanjygyň doglan pursatyndan gürrüň berip başlaýan filmde şahyryň ömri baradaky düşünjäni has-da giňeltmäge çalşypdyrlar. 

Filmiň bu pursaty adamzadyň bu dünýä gelýändigini habar berýän ak atyň asmandan inişi baradaky gadymy rowaýat filmdäki wakalar bilen gurşalypdyr. 

Asyrlaryň içinden geçmek bilen, film şol döwrüň ruhy däp-dessurlaryny, nesilleriň aragatnaşygyny, türkmen obasynyň durmuşyny suratlandyrýar. Biz Magtymguly Pyragynyň kakasy -- görnükli şahyr we pelsepeçi Döwletmämmet Azadynyň ogluna ilkinji paýhas hem-de ahlak sapaklaryny berşini görýäris, ol perzendiniň çagalykdan şygryýete söýgi bilen garamagyny hem-de dünýä, hakykata aň ýetirmegine bolan çalyşmalaryny terbiýeläpdir. Şahyryň enesiniň gözellige hem-de hoşniýetlilige bolan meýlini, onuň kalbyny, şeýle hem çirksiz söýgüsini görýäris. Magtymgulynyň dünýä gelen döwrüniň aýgytlaýjy pursatdygyna, halkyň daşky duşman bilen göreş alyp barmaly bolan döwrüne gabat gelendigine düşünýäris. Esasan-da, Pyragy halky bir agza bakdyryp bilýän güýçli paýhasy hem-de zehini bolan şahsyýetiň gerekdigini tekrarlapdyr. 

Şeýle hem filmde 10 ýaşly Magtymguly ilkinji gezek durmuş kynçylygyna duçar bolýar we bu şahsyýetiň durnukly häsiýeti we Pyragyny akyldar diýip atlandyryşymyz ýaly onuň Alla tarapyn zehini açylýar. Megerem, şol pursatda Magtymgulynyň kalbynda şahyrana keşpler we setirler bilen bir hatarda adalatlylyk duýgusy, durmuşy üýtgetmäge, wakalaryň barşyna täzelik salmaga bolan islegi we bu mümkinçilige bolan pugta ynamy emele gelendir. 

Ol entek oglanjyk mahalynda aň ýetirşiň çäginden geçip, ykbal bilen ýüzbe-ýüz bolmagy başarypdyr we ol ykbalyň kynçylygynyň öňünde özüni ýitirmändir. Onuň edermenlik, adalaty gözlemek, zatlaryň düýp mazmunyna, adam durmuşynyň, onuň maksadynyň özenine akyl ýetirmek ýaly oňyn ýoly saýlap alandygy gürrüňsizdir. Ol entek ýetginjekler ýyllarynda ululara kömek etmek arkaly zähmet endigine eýe bolupdyr. Şeýlelik bilen, başlangyç bilimiň ýoluny geçipdir. 

Filmde oglan kitaba güýmenip, hemme zady ýadyndan çykarýar we ony kitap ogurlan hökmünde günäkärlänlerinde çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Kitap onuň üçin bazarda alnyp-satylýan haryt bolman, aňyň hem-de sözüň güýji bilen ähli zady ýeňip bilýän mukaddeslik bolupdyr. Hut şonuň üçin hem ol tutuş durky bilen kitaba berlipdir. Ol akyldarlaryň paýhasyndan öz sowallaryna jogap agtarypdyr. Şeýlelikde, ol sowallara diňe bir jogap tapman, eýsem görnükli akyldarlar bilen jedele giripdir... 

Filmiň nobatdaky bölüminde şahyryň ýaşlyk ýyllary beýan edilýär. Ol şol döwürde Meňli atly gyza wepalylyk söýgüsine, öz dostlaryna bolsa hoşniýetli gatnaşyklara berlipdir. Onuň kalbynda hemişe gynanç, mähir, gaýgy we şatlyk, mähriban Watanyna buýsanç duýgusynyň ody alawlapdyr. Şeýlelikde, ol bilim gözlemegini bes etmän, öz ylmyny meşhur mugallymlar, ruhy halypalar bilen dowam edýär. 

Şeýlelikde ýaş şahyr Hywa şäherine baryp, “Şirgazy” medresesine okuwa girýär. Ol ýerde şahyryň akyly paýhasyň we ahlagyň gurşawyna düşýär. Ýöne ol ýene-de hakykatyň gözlegindäki ýörişini dowam edýär. Magtymguly taryhy ýagdaýa işjeň gatnaşmak üçin içki joşgunyny beýan edýär. Ol özüniň mähriban halkynyň ykbalyna biparh bolmandyr. Onuň bar awzuwy türkmenleriň özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky pikiri bolupdyr. 

Filmde şahyryň köpugurly keşbi janlandyrylýar. Ol watansöýüji, mähriban ýurdunyň azatlygy ugrunda janyny bermäge taýýar bolupdyr we munuň özi ähli watandaşlarynyň mynasyp paýy diýip düşünipdir. Şeýle hem ol dünýäniň döreýiş esaslaryna göz ýetirmäge çalyşýan alym bolupdyr. Şahyr halky agzybirlige, bitewilige çagyrýan hoşniýetli erkiň ilçisi bolupdyr. Magtymguly aşyk bolupdyr, onuň üçin dünýäň gözelligi ýeke-täk magşugynyň gözlerinde jemlenipdir. Şeýle hem ol öz işiniň ussady diýen derejä ýeten zergär bolupdyr. Goşgularynda bolşy ýaly, zergärçilik işlerinde hem Magtymguly durmuş sazlaşygynyň ýörelgelerini beýan edipdir. 

Filmdäki bu gysgajyk pursat özünde bir bitewi ajaýyplygy jemleýär. Onuň üsti bilen biziň hemmämiziň zergärler ýaly, özümiziň geljegimizi döredýändigimize we biziň şu günki yhlasly zähmetimizden we sarp eden wagtymyzdan, döredijilik kuwwatymyzdan ertirki günümiziň emele gelýändigine göz ýetirýäris. 

Öz durmuşyňyzy nähili göresiňiz gelýän bolsa, şonuň ýaly dörediň, netije tagalla baglydyr diýen ýörelge bize Magtymgulydan galan asylly sapakdyr. 

Filmi döredijiler şahyryň ömründen birnäçe belli maglumatlara üns bermändirler. Olar türkmen halky üçin çylşyrymly döwürde dünýä inen Magtymgulynyň durkuny beýan edipdirler. Şunlukda filmiň birnäçe parçalary Türkmenistanyň we Özbegistanyň meşhur binagärlik ýadygärlikleri janlandyrylan görnüşlerde surata düşürilipdir. Onda nesilleriň ruhy baglanyşygy duýulýar. Magtymgulynyň eserlerindäki köp ýörelgeler we paýhaslar “Behiştnama” poemasynyň we “Wagzy-Azat” şygyrlar ýygyndysynyň awtory bolan atasynyň eserlerinden täsirlenip döredilendir. Bagtly we adalatly döwlet gurmak hakyndaky pikirler soňlugy bilen pelsepewi mazmun hem-de Magtymgulynyň eserleriniň şahyrana nepisligi arkaly has-da çuňlaşdyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze, adalatly we hoşniýetli dünýäni döretmek, ýüreklerde nurana duýgulary, asylly ýörelgeleri oýarmak ýaly ukyp köp sanly Magtymgulynyň eserlerini öwrenijileriň üns merkezinde durýar. Olar Pyragynyň şahyrana setirlerinde aň ýetirmäge bolan ukybyň ynamly hereketlerini görýärler. Munuň özi ýüreklerde öçmejek uçgun döretmäge ukyply zehindir. Hut şol uçgun şahyr bilen onuň haýsy asyrda ýaşaýandygyna garamazdan, okyjylarynyň arasyndaky janly ruhy baglanyşygy emele getirdi diýen sözleri Magtymgulynyň döredijiliginiň düýp manysyny has doly açyp görkezýär. 

Pyragynyň her bir goşgusynyň tutuş filmiň dowamynda belent ýaňlanýandygyny duýýarys. Şahyr sazlaşygy, gözelligi we adalaty duýmak ýaly özüne berlen beýik peşgeşe wepaly bolmak duýgusyna aň ýetiripdir we ol munuň agyr zähmetdigine göz ýetiripdir. Ýöne şahyry kynçylyk, mätäçlik gorkuzmandyr. Çünki ol şöhrat, hormat üçin däl-de, öz watandaşlarynyň mynasyp durmuşy üçin öz zähmetini gaýgyrmandyr. 

Magtymgulynyň ähli umyt-arzuwlary hasyl boldy. Ýöne biz her gezek onuň eserlerini okanymyzda ol şygyrlar bize söýgi we wepalylyk, borç we namys, durmuşy söýmek we ynsanperwerlik, kanagat we edermenlik, aýgytlylyk we ygtybarlylyk, jogapkärçilik, utanç we haýa, hoşniýetlilik we göwündeşlik ýaly baky düşünjeleriň täze çäklerini açýar. Olar edil topraga düşen tohumlar ýaly şol döwürden bäri gök otlar, owadan güller, agaçlar ýaly sahy toprakda şineleýärler. 

Magtymguly hakyndaky film täze meýdanlarda geljekki hasylyň düýbüni tutmak ýaly ýörelge bilen tamamlanýar. Filmiň parçalary birnäçe görnüşler bilen çalşylýar. Ýurtda hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginde başlanýan ekiş janlandyrylýar. Däpleriň, ruhy wesýetleriň, Magtymgulynyň bagtyýar jemgyýet, kuwwatly bitewi döwlet hakyndaky ýörelgeleriniň nesilden-nesile geçmegi beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy baradaky filmiň esasyny düzýär.
Okalan sany: 1096   Jogaplar: ( 5 )

Krassavchik
27 мая 2014

Hormatly agzalar kim shu filmy goren bolsa, aydayin nahiylidigni, we nireden alsan bolya diskiny

KOROL
27 мая 2014

yok entega goremok, gorsem hokman aydaryn!!

NEXTTM
27 мая 2014

Magtymgulynyň kinolaryny gördigiňçe göresiň gelýär, sag bol ýetirenine

NEXTTM
27 мая 2014

magtymgulynyň dana jümlelerinden toplanan kitaplaram gaty gyzykly

Betman
27 мая 2014

magtymguly hakynda nace aytsan adybermeli aytamaga gowy zatlar gaty kangood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05836 sek. ýüklenen baýt: 50930