Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Garrama, E JE!
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Marala
Garrama, E JE!

Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,
Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.
Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»
Entek garramaga Saňa ir dälmi?!

Ogul-gyzyn adam edip ulaldan,
Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan,
Emma meniň üçin, perzendiň üçin
Sen niçiksi belent, elýetmez ynsan!

Bergili men Saňa, bergili baky,
Şol bergi dur ömürbaky boýnumda,
Bu barada pikir etmän ozallar,
Mydam ýaýnap gezdim Seniň goýnuňda.

Bu gün bolsa müýnli bakyp ýüzüňe,
Synlap Seniň gyraw basan başyňy,
Öz içimden Saňa sorag berýärin:
«Agartdymkam Seň näçe tar saçyňy?!»

Pikirlerimi aňan ýaly ýüzümden,
Diýýärsiň: «Bu tebigatyň kanuny!»
A men bolsa, oňa garşy çykýaryn:
«Bermesin ol Saňa beýle jezany!» EJE!

Okalan sany: 537   Jogaplar: ( 3 )

Betman
27 мая 2014

wah ejejan ejejan sen garrama ejejan! eje hakynda gosgy setirleri okasam  ya-da esitsem yuregim gyylyar

shutnick
27 мая 2014

mena name diyjegimi bilemok adamzadyn bashlangyjy enedir ene!good

Betman
27 мая 2014

siz hiczat diymede yazayscratch_one-s_head


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07192 sek. ýüklenen baýt: 32823