Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedenterbiýäniň we sportuň durmuşymyzda nähili ähmiýeti bar?
Ýazylan wagty: 05 марта 2013 Ýazan NEXTTM
       Birinjiden, olar bedeni güýçlendirýär, durmuşdaky her hili ýagdaýlara we kynçylyklara döz gelmäge ýardam edýär. Yzygiderli türgenleşýän adam sagdyn we berk bedenli bolýar. Mysal üçin, lifte münmegi endik edinen adam basgançaklardan ýokary galsa, onuň demi-demine ýetmez, ýürek urşy çaltlanar, tiz ýadar. Eger-de, köplenç pyýada gezýän bolsaňyz, onda size basgançaklara galmak kyn düşmez.

     Ikinjiden, bedenterbiýe we sport myşsalarymyzy, gan aýlanyş ulgamyny, güýjümizi, bedeniň çydamlylygyny güýçlendirýär. Adamyň kesellere garşy durnuklylygyna, saglygyna oňyn täsir edýär. Aýratyn-da, ol ýüregiň işleýşine oňyn täsir edýär, ol bolsa adamyň güýjüne we myşsalaryň ösüşine baglydyr. Aslynda, ýüregiň özi-de myşsa bolup, ony hem yzygiderli türgenleşdirmek gerek.

       Üçünjiden, bedenterbiýe we sport akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlara-da, fiziki zähmet çekýänlere-de peýdalydyr. Olaryň birinjisi, uzak wagtlap oturyp, az hereketli işleýän adamlaryň süňňi we oňurgasy dürli derejeli näsazlyklara sezewar bolýar, bedeniň alyş-çalyş düzgünleri bozuýar, netijede kesel döräp başlaýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň hemişe keýpi çag bolýar.
    

       Bedenterbiýe we sporta  bolan höwes çagalykda başlap, ömürboýy dowam etmelidir we nesilden-nesle geçmelidir. Iň bolmanda, her gün özüňiz üçin amatly wagta bary-ýogy 15 minut maşk etmek adaty endige öwrülmelidir. Has gowusy, köplenç hereketde bolmaga çalşyň. Köpräk hereket edeniňizde, bedenterbiýäniň we sportuň size nähili oňyn täsir edýändigini duýarsyňyz.
       Saglygyňyzy berkitmek we goramak, esasan, özüňize baglydyr. Şunda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti örän uludyr. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullansaňyz, hemişe janyňyz sag, işjeňligiňiz ýokary bolar.

Okalan sany: 649   Jogaplar: ( 4 )

marala
06 марта 2013

Adamzadyň sagdyn ýaşamaklygy üçin iň gerekli zatlaryň biri hem sport bilen meşgullanmakdyr, ýöne näme üçin adamlar soňky wagtlada sport bilen kän meşgullanmaýarlar. Her bir adam sagdyn uzak ýaşamaklygy arzuw edýändir ýöne sporta bolan höwesiniň artmagyny arzuwlamaýan adan hem bar. goodBeren maglumatlaryňyza sag boluň! Iň esasy, sportyň ýeňil usuly köpräk piýada gezmelemeli.  

permann
06 марта 2013

Hormatly agzalar sportyň ýene-de bir aňsat görnüşi awtoulagly adamlar awtoulagynyň dergine tigir köpräk sürse   , awtoulagy ýoklar bolsa tigirde ýa-da piýada gezmelese, jan saglygyny gowulandyrar. 

Betman
06 марта 2013

umuman adamzadyň gymyldy hereketi sportyň bir görnüşi dälmidir eýsem, köpiräk hereket etmeli, ana şonda gan aýlanşyk taplanar. yahoodancediabloroflgood

islamchik
06 марта 2013

karoce proteına dovam daray turkmennnnnnnnn


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12675 sek. ýüklenen baýt: 34202