Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Eje jan, sen hakda yazasym geldi....♥♥♥
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Marala
Eje jan, sen hakda yazasym geldi....♥♥♥

Dermanam, doktaram gerek däl maňa.
Sözüňizem ýuwan, megerem ýalan.
Siziň-ä öýňüzde eziziňiz bar –
Gürleşiň, gülüşiň eneňiz bilen.

Siz maňa göwünlik berjek bolýaňyz.
Emma maňa peýdasy ýok, ynanyň.
Gussaň nämedigin bilmezdim menem
Gapdalymda duran çagy enemiň.

Gözüňize ýaş aýlanam bolýaňyz.
Ýöne tüýs ýürekden däldigi aýan.
Gowsy entek öýde eneňiz barka
Şony gözden salmaň,
Horlamaň,
Aýaň!

Soň bir gün giç bolar, ynanyň maňa,
Maňlaýňyza urup, ökünersiňiz.
Onsoň “Käbäm, meni bagşyla” diýip
Mazaryna baryp ýykylarsyňyz.

Bu eziz enemi elden gidirip
Meniň öz başymdan geçiren zadym.
Gündiz mahal-mahal irkilýän welin –
Enäň dili bilen tutulýar adym.

Ene jan!
Eje jan!
Ýoklugyňda-da
Meniň diriligim,
Namysym, haýam!
Diriler! Men size maslahat berýän
Demi gelip durka –
Enäni aýaň!

Okalan sany: 8667   Jogaplar: ( 5 )

Betman
27 мая 2014

marala siz nqme ucin dine eje hakyndaky gosgylary yetiryaniz? gosgy gowy manyly

marala
27 мая 2014

ejemi yurekden sovenson , ena-ata bagyslanylyp yazylan setirleri halayan sonun ucin

shutnick
27 мая 2014

ane-atasyny halamayan barmyka, hemmelerem yurekden soyyandir, her name diysenizem eje sozi bar setirleri adamyn kalbyna yuregine yakyn bolyar,good

Mayichka
27 мая 2014


admin
27 мая 2014

sag bol hemmanizegood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06058 sek. ýüklenen baýt: 33351