Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Saglyk ýolunda
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Mayichka

           Saglyk ýolunda


 


Bagtyýarlyk soňlanmajak dessandyr,


Ajap çagdyr, daglar bagy-bossandyr,


Gülleriň müşkünden köňle beslänler,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


Bagtyýar zamanaň sergin şemaly,


Gülleýär, gül açýar ýurduň her ýany,


Daga çyksaň edil Erem bag ýaly,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


«Döwlet adam üçindir!» biziň şygarmyz,


Aýdym-saza beslenip dur çar ýanmyz,


Diňe öňe, öňe bedew badymyz,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


Danalaň danasy — döwrüň serweri,


Jennete öwürýär ähli ýerleri,


Bagta gujak gerýär giň şaýollary,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


Berkarar döwletde durmuş gülleýär,


Ýaryşa beslenýär, mähriban diýar,


Bedenler berkeýär, iller bagtyýar,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


Joşgunly toý-şatlyk meňzeýär sile,


Şirin nagma doldy gursaga, dile,


Berkarar döwletli, bagtyýar ile,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


Watanym şatlyga, toýa beslenýär,


Saglyk ýola çykmak barça isleýär,


Bu gün Arkadagly iller bagtyýar,


Bagtyň keşbi görner Saglyk ýolunda.


 


Okalan sany: 443   Jogaplar: ( 7 )

marala
27 мая 2014

hawa saglyk yoly diysenizle, mena yany yakynda arassa howasyndan dem alyp geldik,

shutnick
27 мая 2014

sag yoluna esasan ir bilen gitsen howasy yaman gowy bolyar

Mayichka
27 мая 2014

SAGLYK ÝOLY BARADAKY GOŞGYM GÖWNÜŇIZI GALKYNDYRDY ÖÝDÝÄN.

Betman
27 мая 2014

erbet dal, su gosgyny aydymam edip aytyalarmy bagsylar? 

Mayichka
27 мая 2014

Habarym ýokdur, aýdymdan.

Betman
27 мая 2014

ha sey diysene, ondadam bir yerlerde gabat gelen yaly su setirlerigood

Sasoltan
27 мая 2014

Hemmäňiz gelipsiňiz, diňe men ýokla.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05711 sek. ýüklenen baýt: 39823