Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ussat kikboksçylary taýýarlamagyň ugrunda
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Mayichka

Ussat kikboksçylary taýýarlamagyň ugrunda

Ýurdumyzda türkmen sport binýadynyň gitdigiçe berkidilmegi, sport syýasatyna berilýän ünsüň has-da güýçlendirilmegi külli türkmen iliniň buýsançly başyny göge ýetirýär. Türkmen türgenleri tarapyndan gazanylýan uly sport ýeňişleri, görkezýän ajaýyp netijeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň dabaralanýandygyny, barha ilerleýändigini doly subut edýärler.

Ýurdumyzyň sport ulgamynda halal zähmet çekip, dünýä arenasynda türkmen sportunyň abraýynyň has-da artmagyna, belende göterilmegine öz saldamly goşandyny goşýan abraýly tälimçileriň sany az däl. Şolaryň uly yhlasy bilen türkmen türgenleri ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ajaýyp sport desgalarynda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşyp, ussatlygyň belent derejesini görkezýärler. Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebinde indi ençeme ýyl bäri işleýän Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Pirgeldi Amanow il-ulusyň arasynda dünýä derejesindäki güýçli türkmen kikboksçylary taýýarlaýan abraýly halypa hökmünde giňden tanalýar. Kikboksingiň tejribeli ussady hasaplanýan tälimçi Pirgeldi Amanow öz ýetişdirýän türgenleriniň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna diýseň çynlakaý garaýar. Öz wagtynda güýçli kikboksçy halypalaryň elinde tälim alan tälimçi Pirgeldi Amanow köp ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesini, ähli bilýän zatlaryny ýöredýän toparynda tälim alýan türgenlere öwretmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Kikboksingiň tehnikasy, dürli urgulary, hereketleri ýeňil däl. Sportuň şu görnüşinde garşydaşyň kellesine, göwresine, aýaklaryna elleriň, aýaklaryň, kikboksingiň käbir görnüşinde bolsa tirsekleriň, dyzlaryň, hat-da kelläň bilen hem urmaga rugsat berilýär. Türgenlerine uly hormat goýýan abraýly halypa türgenleşiklerde olaryň her ugrynyň dogry öwrenmegini we ussatlyk bilen ýerine ýetirmegini gazanýar.  

Tälimçi Pirgeldi Amanowyň ýöredýän toparynda tälim alýan zehinli kikboksçylar barmak büküp sanardan kän. Olaryň ýaryşlarda görkezýän netijeleri örän guwandyryjydyr. Şolaryň arasynda halkara derejeli sport ussady Mekan Amanowyň (67 kg), Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Begjan Annagylyjowyň (75 kg), ýaşlaryň arasynda üstünlikli çykyş edýän Muhammet Annasähedowyň (63,5 kg), Arslan Myradowyň (71 kg), sport ussady Ysmaýyl Ataýewiň (63 kg), ýetginjekleriň arasynda indi birnäçe ýyl bäri birinjiligi elden bermeýän Akmyrat Akyýewiň (51 kg) atlary uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Tälimçisiniň uly yhlas bilen öwredýän zatlaryny ýaryşlarda boks ringiniň içinde geçirilýän tutluşyklarda ulanýan kikboksçy türgenler ussatlygynyň barha artýandygyny tomaşaçylara aýdyň görkezýärler. Tälimçi türgenleşikleri geçirýän mahaly türgenlere uly sport ýeňişlere, ussatlyga diňe yzygiderli çynlakaý türgenleşikleriň, çydamlylygyň, yhlasyň eltýändigi hem-de öz öňüňde belli bir maksady goýup oňa tarap dogumly okdurylan kikboksçynyň arzyly menziline hökmak ýetjekdigi barada häli-şindi jikme-jik düşündirýär. Tälimçi Pirgeldi Amanowyň ýetişdirip ýören berdaşly kikboksçylary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda türkmen sportunyň abraýyny goramagy, buýsandyryjy ýeňişleri gazanmagy başarýarlar. Türgenleşiklerde tälimçiniň nazaryndan hiç zat sypmaýar. Halypa Pirgeldi Amanow türgenlere kikboksingiň tehnikasyny, elleriň hem aýaklaryň birnäçe urgularyny öwredýär, düşünmedik ýerlerini gaýtalap görkezýär, türgenleşiklerde her urgyny, hereketi ýüzlerçe gezek gaýtalamagyň zerurdygyny düşündirýär.

Hawa, tejribeli tälimçi Pirgeldi Amanowyň toparynda tälim alýan kikboksçy türgenleriň  ussatlygy, geçirilýän ýaryşlarda gazanýan uly sport ýeňişleri ýurdumyzda sportuň şu görnüşiniň ösmegine uly üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Kikboksçy türgenleriň yzygiderli geçirilýän ýaryşlarda hemişe baýrakly orunlary eýeläp durjakdygyna hem uly ynam bar.

Okalan sany: 396   Jogaplar: ( 2 )

Betman
27 мая 2014

Pirgeldi ozunin onunde goyan maksat myratlaryna yetmegini arzuw edyan, seyle okde talimcilerimiz barada kopirak yetirseniz we beyleki talimcilerem biri birinden galmajak bolup hasda oz karine bolan howesi artmagy gaty mumkin, sol howeslerinin netijesinde hem uly yenislere eye bolarlar hem-de turkmen halkynyn guwanjy bolar, sag bol yetirip durun!

shutnick
27 мая 2014

Pirggeldi bu makalasyny okap gorse yatyp bilmeya begenjinden yana sebabi ona gowy arzuwlary internet usti bilen yetirilip dursa, 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07018 sek. ýüklenen baýt: 34946