Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport täleýnamasy
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Mayichka

 


Diňe biziň saýtymyzda.


Diňe Siziň üçin.


 Sport täleýnamasy


 


 Hamal ( guzy 21.03. -  20.04) – islendik sport oýnunda örän gowy hüjümçi. Toparbaşy bolmasa-da, topary yzyna eýerdýär. Ylgawa ýa-da çapyşyga gatnaşsa, yzyna seretmeýär. Gerek hem däl! Sport eşigindäki gara reňk bilen garyşylan gyzyl reňk, we saçy gysga gyrkyp bejeriş (çypar öwüşgini synap görmek mümkin) ýeňişe bolan goşmaça hyjuw bereler. Onuň toparynda gysga, ýöne güýçli şygar we goldaýan topary bolmaly, bu ýeňişe bolan mümkinçilikleri has-da ösdürer. U-şuda (“ýolbars”, “aždarha” stilleri) ajaýyp netijelere ýetilmegi mümkin, emma görüşi goramak gerek.


Sowur (öküzçe 21.04. - 21.05.) – güýç we çydamlylyk oňa sportyň islendik görnüşinde diýen ýaly, esasan hem kürekli sportda, ylawda we uzak aralyga çapyşykda üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berýär. Tennis, ýelken, suw, daglar. Myşsalar örän gowy güýçlenýärler we kämilleşdirilýärler, emma barybir artykmaç jan etmek hökman däl. Siz şonsuz hem sportiwlisiňiz. Aýdym-saz bilen, umuman oňaýly sazlaşykda sport bilen meşgullanmak hem gowy. Reňk – ýaşyl, sary, al, narynç, açyk-mawy. Gyzdyrma bilen start haýal bolany gowy, şonuň üçin hem el-aýagyňy gowuja, howlukman ýazmaly.


Jöwza (ekizekler 22.05. - 21.06.) – köpdürli türgenleşik maksatnamasy gezekleşdirilse ýerliklidir. Ajaýyp reaksiýa eýedirler, bu olary islendik toparyň ýerini çalşyp bolmaýan agzasyna öwürýär we gysga startda ýeňillik berýär. Sport eşigi saýlanylanda öz reňklerini hasaba almaly – mawy, sary, ýaşyl, kümüşsow; goýy-açyk kerpiç şekilli nagyşlar, çyzyklar, inçe çyzyklar. Sport görnüşleri – tennis (aýratyn hem uly jübüt we ping-pong), lyžalar we konkiler, tans etme, syýahatçylyk we ugry kesgitleme, gysga we ortaça aralyklara ylgaw, estafetalar.


Seretan (leňňeç 22.06. - 22.07.) – dogabitdi goragçy, erjel, çydamly, tutanýerli, garşydaşy “ýadadyp” bilýän. Öýde ýa-da oňa golaýrakda, türgeniň we oýunçy ýoldaşlarynyň öňünde borçly bolman türgenleşse gowy. Türgenleşme döwrüni “aýak üstünde” gaýtadan gurmak maslahat berilmeýär: ilki belli bir tapgyra ýetseň gowy, galany soň görüler. Batly, çalt, böküşli, aýratyn hem döş ýerlerine täsir edýän maşklar bilen seresap bolmaly. Gidromassaž, hammam peýdalydyrlar. Sportyň görnüşleri: suw, ýelken, woleýbol (aýratyn hem suwuň ýanynda), ýöreýiş, haýal ylgamak.


Eset (ýolbars 23.07. -  23.08.) – köplenç toparda öňdebaryjy. Oýun we ýene-de oýun – ine Esediň sport durmuşynyň manysy. Köp zat goldaw toparyna we ýoldaşlaryň makullamasyna bagly, tankyt köplenç erbet netijelere getirýär. Günüň doguşyny seýilgähde ýa-da stadionyň merkezinde maşk edip garşylamak gerek. Kümüşsow reňkli sport aýakgaplary we sary reňkli sporttrenažýor  türgenleşiklerden geçmezlige kömek ederler. Türgenleşiklerde aşa ýadamak gerek däl, yssyda ylgamak gerek däl, we sauna bilen seresap bolmaly. Esediň ajaýyp göçgün häsiýeti bar, emma ol köplenç ony haçan öçürmelidigini bilmeýär.


Sünbüle (gyz 24.09. - 23.10.) – türgenleşikleriň oýlanyşykly stili. Sport ýaryşlarynda iň ownuk zatlaryna çenli oýlanyp düzülen usul. Türgen üçin, statistikany ýygnamak üçin, gözegçilik üçin gowy “material”. Inçe süňk, emma polat ýaly myşsalar – bu Sünbüle hakda (sportçy hakda, elbetde). Meýilnama düzüp, oňa hiç bolmasa bir-bir ýarym aý eýermek gerek, soň üýtgeşme girizmeli. Izometrik zor salmalary çeýelik maşklary bilen, ýeňil ylgawy ýöreýiş bilen, utgaşdyryp alyp barmaly, ýüzüşi tennis bilen, tans etmäni we tigir sürmäni gezekleşdirmeli. We, ahyry, türgenleşikde derlemekden gorkmaly däl.


Mizan (terezi 24.09. - 23.10.) – stili we deňagramlylygy örän gowy duýýar. Şonuň üçin hem çeper gimnastikada, akrobatikada we tennisde, figuralaýyn typyşda, tans etmede, basketbolda, lyža we tigir ýaryşlarynda (esasan hem olaryň dagda geçirilýän görnüşinde üstünlik size ýar bolar. Sprintde we topar oýunlarda (hüjüm, orta çyzyk) ajaýyp netijeler gazanmaklary mümkin. Türgenleşik üçin iň amatly wagt günortandan gün batyşyna çenli. Biliňizi berk guşap, siz bütin bedeniňizde ýagtylaýjy işjeňlik duýarsyňyz. Bir özüňiz meşgullansaňyz içgysgynç bolar, gowusy dostlaryňyz bilen, işdeş ýoldaşlaryňyz bilen, ikinji ýarymyňyz bilen türgenleşiň.


Akrap (içýan 24.10. - 22.11.) – garaşmagy we ýeňmegi başarýar. Sportda agyryny ýeňip geçmek begendirýär diýen ýaly. Onuň bolmaly ýeri – ekstremal sport, kontrhüjüm ediji stil we güýçli duşman bilen barlyşyksyz söweş. Maşklar bedeni bronýalanan sowuta öwrüp bilýärler, oňa diňe bir zat ýetmezçilik edýär – çeýelik. Şonuň üçin türgenleşiň. Ýumşak haýal hereketler batly hereketlere gowy goşmaça bolarlar. Sportyň görnüşleri: ähli suw, lyžaly, ortaça we uzak aralyklara ylgaw, kros, atyş. Eşigiň reňki – goýy, intensiw.


Kowus (keman 23.11. - 21.12.) – iň gowy “sport” ýyldyzlarynyň biri. Özüniň güýji we ruhubelentliligi bilen bütin topary hyjuwlandyrýar. Aerobika ýa-da fitnes kluby örän dogry geler. Garşydaş jynsa degişlileriň arasynda türgenleşmek hem gowy, bu höweslendirýär! Gowşak taraplary – bykyn, el-aýak. Arassa howanyň köp bolmagy zerur! Gurplandyryjy reňkler – patyşa reňkleri: goýy gyrmyzy, benewşe, gyzyl. Sport görnüşleri – toparlaýyn: at, dag we landşaft syýahatçylygy, tigir we lyžalar. Ir bilen ylgasaň gowy.


Jedi (owlak 22.12 - 20.01.) – çydamly, tutanýerli, maksadaokgunly. Oýunda strategiýaçy, taktik däl. Topar boýunça oýunçy ýoldaşy bilen gürleşişi haýalrak bolmagy mümkin, emele gelen iýerarhiýany hormatlaýar. Hamal we Seretan ýaly, deňe-deň hasaby gowy görmeýär. Sport – päsgelçilikli, uzak aralyga ylgaw, lyžaly


kros, üç gezek  aýratyp  we ýokarlygyna böküşler, ýöreýiş, agyr atletika, suw sporty, basketbol, ýoga, halk tanslary. Dyzlary aýamaly, türgenleşikden öň myşsalaryňy we damarlary gowuja gyzdyrmaly. Gysga görnüş, geýimdäki goýy reňk gerek keýpi dörederler.


Daluw (gowa 21.01. - 19.02.) – tejribeçi we täzelikçi. Toparlyk duýgusy örän ösen, pikirdeşleriň arasynda özüni “atda” duýýar – emma Daluwa öz erkinligi gymmadrak. Şonuň üçin hem toparyň galan agzalaryna ýeňil düşmeýär. Aýratyn hem ol oýunyň “geniýi” bolsa. Türgenleşik maksatnamasyny işläp düzende ýeňillik bilen umuman başga bir zada gyzyklanmak mümkinligini hem hasaba almaly. Şonuň üçin hem oňa wagty-wagtyna täzelikler girizilmegi mükinçiligini – bu ýyldyz üçin iň möhüm zady – goşmaly. Birmeňzeş uly bolmadyk ýükletmeler ösdürmän, gaýtam ukladýarlar.


Hut (balyk 20.02. - 20.03.) – ýekelikde türgenleşip bilýär, emma işjeň pikirdeş – bu ýyldyz üçin aram-aram gelip durýan ýaltalykdan we tukatlykdan iň gowy serişde. Hut – iň gowy ýoldaş, ol oýunçylar kollektiwine gowy girip bilýär, eger, elbetde, ony gysmasalar. Ýöne, Hut özüni gorap bilýär. Sport gününi irräkden başlasaň gowy. Bolmasa çaýkanýançaň, eýýäm ýatmaga-da wagt bolýar – ýatasyň bolsa gelenok. Dabanlar iň gowşak tarapy, we türgenleşik üçin ýer we aýakgap saýlamak – örän möhüm iş. Diňe arassa suw içmeli, emma türgenleşiklerde suw içmeklige gaty berilmeli däl.


Siziň şahsy täleýnamaňyz. Umumy täleýnamalar (ýyldyzlar boýunça) ýeterlik derejede obýektiw bolsalar hem, olar aýyň dowamynda doglanlaryň ählisiniň ortaça häsiýetnamasyny berýärler we edil siziň şahsyýetiňiziň ähli taraplaryny hasaba alyp bilmeýärler. Özüňiz hakda köpräk bilesiňiz gelýärmi – öz şahsy täleýnamaňyzy alyň!


 


Okalan sany: 460   Jogaplar: ( 3 )

Sasoltan
27 мая 2014

sport hakynda beren täleýnamaňyz diýseň gowyla gyz. Başga ýerde duşamokla.özi hem dogry gabatja gelýär, meniň doglan aýym bilen.

admin
27 мая 2014

sport hakynda name dagyn yok, hemme zat bargood 

shutnick
27 мая 2014

hawa gerekli maglumatlar


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09600 sek. ýüklenen baýt: 48841