Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Körpeler ýurdumyzyň geljegidir
Ýazylan wagty: 27 мая 2014 Ýazan Sasoltan

Körpeler ýurdumyzyň geljegidir


 


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary netijesinde türkmen halkynyň saglygyny berkitmekde, çagalar baglarynda terbiýelenýän şadyýan körpelerde, orta mekdeplerde okap bilim alýan oglan-gyzlarda sporta hem köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesi artdyrmakda degişli hünärmenler tarapyndan çynlakaý yhlas edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň sagdyn bolup ýetişmegini, olaryň sportuň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleriň öz wagtynda döredilip durulýandygyny türkmen halkyna görmek miýesser edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän owadan stadionlarda, lowurdap duran sport toplumlarynda we sport mekdeplerinde döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyk günlerinde geçirilýän ýaryşlara, çärelere bagtyýar çagalaryň gatnaşmagy, oňat çykyş etmegi hormatly Prezidentimiziň çagalar barada edýän bimöçber tagallalaryny aýan edýär diýsek ýalnyşmarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen paýtagtymyzda, welaýatlaryň şäherleridir-obalarynda külli türkmen iliniň göwnüni galkyndyrýan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, sport mekdepleriň açylyş dabaralary ýokary derejede geçirilýär. Şol açylyş dabaralarda çagalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezýän gyzykly köpçülikleýin çykyşlary, ýerine ýetirýän maşklary, hereketleri çagalaryň terbiýesine, sporta we bedenterbiýä bolan höwesiniň artdyrylmagyna berilýän ünsüň günsaýyn güýçlenýändiginiň subutnamasydyr.


Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen çagalary ýurdumyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly tagallalar edilýär. Hawa, güneşli diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar hakynda edilýän aladalar juda uludyr. Çagalary çyn ýüreginden söýýän hormatly Prezidentimiz olaryň oňat şertlerde okap bilim we gowy dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilip durulmagyna berilýän ünsüň has-da güýçlendirmegiň möhümdigini häli-şindi belleýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş merkezine baryp görmegi, çagalar üçin ýetip gelýän tomus möwsüminde şu merkezde dörediljek şertler bilen içgin tanyşmagy, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary we görkezmeleri bermegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz şu çagalar dynç alyş merkezinde aýlanyp ýören mahaly çagalar hakyndaky aladalara hemişe çynlakaý garamalydygyna, geleňsizlige ýol bermeli däldigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.


Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çagalar hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milletiň Lideri bagtyýarlyk zamanada ýaşaýan çagalary sagdyn hem watançy edip terbiýelemek ýolundan hemişe ynamly öňe gidiljekdigi, şu ýoldan türkmen jemgyýetiniň hiç wagt sowulmajakdygy barada jikme-jik nygtaýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlaryň şäherleridir-obalarynda gurlup ulanylmaga berilýän ajaýyp sport desgalarynda hereket edýän sport toparlarynda tälim alýan ýaş oglan-gyzlaryň gazanýan ýeňişleri, eýeleýän baýrakly orunlary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli sport syýasatynyň bimöçber ähmiýetini aýdyň görkezýär.


Berkakar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynyň 1-i, ýagny Çagalary goramagyň bütindünýä güni uly şowhun bilen bellenilýär. Şol baýramçylyk gününde diýarymyzyň şadyýan çagalarynyň arasynda dürli ýaryşlar, köpçülikleýin medeni dynç-alyş çäreleri geçirilýär. Bu geçirilýän çäreler bolsa teleýaýlymlar arkaly görkezilýär, gazetdir-žurnallaryň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Dogrudanam, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwletimiziň bil baglaýan çagalar hakyndaky aladalara juda jogapkärli garalýar. Gahryman Arkadagymyzyň adalalary arkaly ýurdumyzda çagalaryň halkara festiwallaryny döwlet derejesinde geçirip durmak indi däbe öwrüldi. Şol geçirilýän halkara festiwallary dünýäniň köp döwletleriniň çagalaryny diýarymyzyň bagtyýar çagalary bilen dostlaşdyrýar, mizemez türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar hakynda  hemişe çynlakaý alada ediljekdigi gürrüňsizdir.

Okalan sany: 433   Jogaplar: ( 6 )

admin
27 мая 2014

Sport hakynda edilyan aladalaryn san sohrata eye bolmagyny arzuw edyan,

Betman
27 мая 2014

korpeler bolmasa durmushyn manysyda yok, sag bol yetireninizegood

shutnick
27 мая 2014

korpeler durmusyn we geljegin ozenidir

Mayichka
27 мая 2014

GÖZÜMÜZIŇ GUWANJY, MÄHRIBAN ÇAGALARYMYZYŇ HEMIŞE GÜLKI SESLERI BATLY ÝAŇLANSYN.

Sasoltan
27 мая 2014

Körpe çagajyklaryñ âhlisini ýetip gelýân çagalary goramagyñ halkara güni bilen gutlaýaryn.Janlary sag ömürleri uzak bolsun .

Krassavchik
27 мая 2014

yahoo yahoo yahoo menem goshulyan yokarda aydylyp ge4ilen zatlara


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06023 sek. ýüklenen baýt: 38271