Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan — BMG: işjeň hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
Ýazylan wagty: 28 мая 2014 Ýazan NEXTTM

Türkmenistan — BMG: işjeň hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

2014-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ilat gaznasynyň gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory jenap Heýmo Laakkonen bilen duşuşyk geçirildi. Ol Aşgabat şäherinde saparda bolýar.

Söhbetdeşligiň barşynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge bolan özara gyzyklanmanyň esasynda ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belläp, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ilat gaznasy bilen däbe öwrülen netijeli gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi babatda düýpli pikir alşyldy. Onuň işleri gyzyklanma bildirýän ýurtlara maliýe we tehniki kömegi bermek arkaly ilat gaznasy babatda okuw-ylmy, aň-bilim, maglumat we maslahat beriş işlerini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde jenap Heýmo Waakkonen Türkmenistanyň Mejlisinde hem kabul edildi we türkmen parlamentiniň kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Şonda milli kanunçylygy, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda umumylykda kabul edilen kadalara we standartlara laýyk getirmegiň ýurdumyzda häzirki döwürde amala aşyrylýan milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň möhüm ugrudygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar kanunçykaryjylyk babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen esasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Mejlisiň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtap, hukuk ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegi ugrunda pikirlerini beýan etdiler.

Saparyň maksatnamasynda ýurdumyzyň beýleki birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda hem duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Okalan sany: 493   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06528 sek. ýüklenen baýt: 31709