Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi
Ýazylan wagty: 28 мая 2014 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi

2014-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlise bu Aziýa oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek üçin jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem gazet-žurnallaryň, telewideniýäniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkara sport giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýy günsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet  Baştutanymyz iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin Türkmenistanda zerur bolan ähli şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär, şunda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara ülňülerine gabat gelýän degişli döwrebap düzümi döretmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, türkmenistanlylary we ozaly bilen ýaş nesli bedenterbiýe we sport  bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça maksada gönükdirilen ädimler ädilýär. 

Bu babatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň halkara sport abraýyny artdyrmaga ýardam etmek, bu ileri tutulýan ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek  bilen çäklenmän, eýsem,   ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda olimpiýa oýunlaryny wagyz etmäge, ýurdumyzyň türgenlerini täze sport belentliklerini eýelemäge bolan höwesini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. 

Mejlisiň barşynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, guramaçylyk babatda, şeýle hem ýurdumyzyň sport kuwwatyny berkitmek, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýä belli hünärmenler bilen gatnaşyklary ýola goýmak babatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oňa ýygnananlara ýüzlenmek bilen, bu uly sport ýaryşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin, bu Oýunlara taýýarlyk görmegiň indiki, nobatdaky tapgyryna girişmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu ýaryşa gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi we degişli düzümleriň öňünde wajyp wezipeleri goýdy.
Okalan sany: 416   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08243 sek. ýüklenen baýt: 32424