Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Hünäriňi bilseň, daşary ýurt diplomlary ykrar edilýär.
Ýazylan wagty: 05 марта 2013 Ýazan Betman
   Türkmenistanda  daşary ýurtda okuwyny tamamlaýan ýaşlary işe ýerleşdirmek boýunça döwlet derejesinde oňyn işleriň edilýändigini aýtmak gerek. Mysal üçin, daşary ýurtda okuwyny tamamlap gelen ýaşlaryň diňe soňky bir ýylyň dowamynda ýüzlerçesiniň işe ýerleşendigini ýurdumyzdaky zähmet biržasynyň ýerli işgärlerenden alan maglumatymyza esaslanyp aýdyp biljek. Ýöne daşary ýurtda okuwyny tamamlap gelen ýaşlaryň özleriniňem işe ýerleşmek, alan diplomyny ykrar etdirmek üçin aýgytly hereket etmegi zerur. Eýsem, daşary ýurtda okap diplom alan ýaşlar bu ugurda nähili tagallalar etmeli?! Şu sowala jogap bermek diňe bir okuwyny tamamlan ýaş hünärmenlerimizi däl, daşary ýurtda okaýan ýaşlarymyzy hem gyzyklandyrsa gerek. Şonuň üçin bu makalamda şu sowala jogap bermegi makul bildim.
  Daşary ýurtda okap hünär eýesi bolan ýaşlar önümçilikde işlejek bolsalar ýaşaýan etrabynyň, gowusy welaýatynyň zähmet birjasyna ýüz tutsa, onuň işe erleşmegi has çaltlaşar, çünki welaýat zähmet biržasynda şol welaýata degişli her bir etrapda haýsy iş orunlara adam gerekdiginiň anyk maglumaty bar eken. Mysal üçin, häzir Akbugdaý etrabynyň zähmet biržasynda ýüze golaý, Ahal welaýatynyň zähmet birjasynda bolsa 500 gowrak iş ornunyň boş durandygyny anyk bilýärin. Hatda geçen ýyl döwlet derejesinde Aşgabat şäherimizde adamlary işe ýerleşdirmek boýunça iki gezek boş iş orunlaryny tanyşdyryş ýarmarkasy geçirildi, hut şol geçirilen çärede hem daşary ýurt diplomly ýaş hünärmenlerimiziň birnäçesi işli boldular. Elbetde, ýaşlaryň işe ýerleşmegi üçin döwlet derejesinde alnyp barylýan işleri türkmen metbugaty, habar beriş serişdeleri wagyz etseler gowy bolardy, ýöne olar bu döwlet ähmiýetli işi wagyz etmekdenem köplenç halatda düşnüksiz sebäbe görä sowa geçýärler, bu mesele hakynda dymylýar. Şonuň üçin işe ýerleşmek isleýän ýaş hünärmenlerimiz ýurdumyzda geçirilýän işe ýerleşmek bilen bagly döwlet çärelerinden gyzyklanyp, özleri habarly bolsalar, olaryň işe ýerleşmegine hem peýdasy degerdi.
  Halk hojalygynda gurluşyk injeneri, proraby, elektrigi, awtomehanik, gidrotehnik  ýaly hünärler boýunça iş orunlaryna  zehinli hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini ýurdumyzyň dürli etrabynyň zähmet biržasynyň işgärleri maňa gürrüň berdiler. Şuny bellemek gerek, ilki bilen ýaş hünärmen daşary ýurtda alan diplomyny Türkmenistanyň Bilim institutynda döredilen döwlet toparynda tassyklatsa, onuň işe ýerleşmegi has aňsatlaşýar.
  Türkmenistanda hereket edýän häzirki düzgüne görä, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi zerur hasaplanýar. Ýöne 2011-njy ýylyň başyndan bäri bu berk düzgüniň belli bir derejede gowşadylandygyny duýmak mümkin.
  Häzir Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarynda,  hususy pudakda, käbir döwlet edaralarynda, hatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynda hem daşary ýurtda ýokary bilime eýe bolup, alan diplomyny ykrar etdirmezden işläp ýörenler az däl. Ýöne daşary ýurtda alan diplomyňy ykrar etdirmezden iş tapmagyň çetindigini aýdýanlaram bar. Şonuň üçin daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlara ilki bilen alan ýokary bilimlerini ykrar etdirmegiň ugruna çykmagy maslahat berýärin.
  Daşary ýurtda bilim alan ýaşlaryň diplomyny ykrar etdirmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bilim institutyna ýüz tutmagy we şol ýerde özüniň daşary ýurtda haýsy okuw jaýyny tamamlandygyny, terjimehalyny beýan etmegi zerur. Türkmenistanyň Bilim institutynda daşary ýurt diplomlaryny ykrar edýän döwlet topary bar. Ol topar iýul-awgust aýlarynda, has dogrusy, ýaşlar diploma eýe bolup gelýän döwürleri ýüztutmalar esasynda doly güýjünde işleýär. Ýylyň beýleki döwürlerinde bolsa, ol döwlet toparynyň ýüztutmalaryň toplanyşyna laýyklykda iş alyp barýandygyny aýtdylar.
Diplomyňy ykrar etdirmek üçin öz eýe bolan hünäriňe mynasypdygyňy, türkmen dilini we halkymyzyň taryhyny ýokary bilimli ynsanyň derejesinde bilýändigiňi şol döwlet toparynyň öňünde söhbetdeşlik esasynda subut etmek zerur. Gürrüňdeşlikde indi “Ruhnamadan” hiç zat soralmaýar.
  Döwlet edarasynda, şeýle hem ýurdumyzyň kanunyna laýyklykda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynda we ýerli hususy firmalarymyzda üç ýyl işlän adamlaryň daşary ýurt diplomlary edara-kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan onuň hünärini bilýändigi kepillendirilse, gürrüňdeşlik geçirmezden, ykrar edilýär. Ýene bir bellemeli ýagdaý:2012 – 2013 - nji okuw ýylyndan daşary ýurtda diplom alan ýaşlar diplomyny ykrar etdirmek üçin ýüz tutan halatynda olara  alan hünärinden, türkmen- döwlet dilimizden, taryhymyzdan baýry mugallym-professorlar ýörite sapak berýär eken. Has dogrusy, tejribeli mugallymlarymyz ýaşlaryň daşary ýurtda alan hünärini Türkmenistanyň  ýerli ýagdaýyna görä  nähili peýdalanmagyň ýoluny öwredýär hem olaryň ýerli şertlere çalt uýgunlaşmagyna, döwlet dilimizi we taryhymyzy özleşdirmegine ýardam berýärler.
  Diplomy ykrar edilen adama Bilim ministriniň goly bilen ýörite ykrarnama berýärler. Ol ykrarnamanyň ýüzünde raýatyň haýsy daşary ýurt okuw jaýyna haçan girendigi, haýsy ýylda tamamlandygy takyk senesi bilen ýazylýar. Şol ykrarnamany alan raýat işe girende, ondan diplomy dälde, ykrarnamasynyň nusgasy diplomyň ýerine kabul edilýär.
  Häzirlikçe daşary ýurtda diňe gündizki bölümde okuwyny tamamlanlara ykrarnama berilýär. Ýöne ýakyn wagtda daşary ýurtda gaýybana okuwyny tamamlanlara hem ykrarnamanyň beriljekdigine umyt edilýär. Ýöne  daşary ýurt ýokary okuw jaýyny gaýybana tamamlap, döwlet edarasynda işläp ýörenleriň häzirem az däldigini bellemek isleýärin. Munuňam üstesine şu ýyldan ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda hem gündizki bölümden daşgary gaýybana, agşamky bölümleriň açyljakdygyna hem umut edilýär.  Sebäbi „Ylym-bilim“ hakyndaky 2010-njy ýylda täze kabul eden kanunymyzda hem okuwlaryň gündizki, gaýybana hem agşamky bölümleri deň derejede ykrar edilýär.
  Türkmenistanda döwletara şertnamanyň bardygyna-ýokdugyna garamazdan, öňki Soýuza girýän respublikalaryň, Ýewropa ýurtlarynyň, mahlasy daşary ýurtda döwlet tabynlygyndaky okuw jaýlaryny tamamlanlaryň diplomlary köplenç kabul edilip, olar ykrarnama almak üçin gürrüňdeşlige goýberilýär. Ýöne käbir hususy ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Şonuň üçin daşary ýurda  okuwa girjek ýaşlara diplom alandan soňra mesele bolmaz ýaly döwlet tabynlygyndaky ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmegi maslahat berýärin.
  Diplomy ykrar etdirmek üçin Türkmenistanyň Bilim institutyndaky döwlet toparyna ýüz tutup, söhbetdeşlikden geçip, ykrarnama alanlara öz ugurlaryndan ýaşaýan ýerleri boýunça iş hödürlenýändigini hem ýatlatmak isleýärin. Şol sebäpli daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlara hünärinden baş çykarýan bolsa hiç zatdan çekinmän, diplomyny ykrar etdirip, olaryň öz alan ylmy boýunça watana hyzmat etmeklerini arzuwlaýaryn.
Ýaş hänärmenler Aşgabatda ýa welaýat merkezlerinde daşary ýurt ýa hususy firmalarda işlemek isleýän bolsalar, olardan  ýazgy soralmaýar.  Eger-de, daşary ýurt diplomly ýaşlar  Aşgabat şäherine ýazgysy bolmazdan, ylmy iş etmegi ýüregine düwen bolsa öz bilim alan ugrundan kämil baş çykaran halatynda  Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ylym edaralaryna işe ýerleşip bilerler.
  Olar  Ylymlar akademiýasynyň „Ýaş alymlar geňeşine“ ýüz tutmaly.  Aşgabat şäherine ýazgysy bolmazdan, paýtagda ylmy iş etmek isleýän ýaş hünärmeniň öz ugrundan kämil baş çykarmagy zerur hasaplanýar.  Esasanam, arap, pars, iňlis, ýewropa dillerini suwara bilýän, ýa nanatehnologiýadan baş çykarýan  ýaşlary mümkin boldugyndan ylmy edaralar işe alýarlar, ýa-da şeýle ýaşlary öz bilim alan ugurlaryndan önümçilige işe ýerleşdirip, soňra olara daşaşgär hökmünde ylmy iş etdirýär ekenler. Daşary ýurtda 2004-2005-nji ýylda okuwyny tamamlan ýaşlaryň aspirantura girmek üçin şert bolan bäş ýyl iş staža eýe bolup, häzir aspiranturada okap ýörenlerem az däl. Tersine, aspiranturada okap ýören ýaş hünärmen bilen bile daşary ýurtda okuwyny tamamlan  ýaş ýigitleriň käbiriniň bolsa „asla bize işe berenoklar“ diýen gürrüňe ynanyp, işe ýerleşmek hakynda alada etmän, alan hünärine dahyly bolmadyk işlerde, hatda lapykeçlige uçrap, ýokary bilimlidigine garamazdan,  gurluşykda ýöneke gurluşykçy ýa taksiçilik edip ýörenlerem bar.
  Häzir döwlet derejesinde kadrlar meselesiniň ýiti problemadygy boýun alynýar. Munuňam üstesine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem daşary ýurtda okap, diplom alan ýaşlaryň işe ýerleşdirilmelidigini döwlet derejesinde degişli emeldarlara birnäçe gezek ýörite tabşyryk berdi. Geçen ýyl dekabrda geçirilen ilat ýazuwynyň esasynda daşary ýurtda hünär eýesi bolan ýaşlar anyklanyp, olaryň işe ýerleşmegi üçin ýerlerde döwlet derejesinde aladalaryň bardygyny açyk duýsa bolýar. Şonuň üçin daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryň işe ýerleşmegi üçin oňaýly şert döredi diýip ynam bilen aýtsa bolar. Emma  gynansagam, daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryň bir bölegi häzirem köplenç halatda işe ýerleşmek üçin tanyş gözleýärler, ýöne ýurtdaky ýagdaýa görä, olar zähmet biržasyna ýüz tutsalar,  şeýle hem öz hak-hukuklaryny gorap, alan diplomyny ykrar etdirmek hakynda alada etseler, hünärini gowy bilýän bolsalar  päsgelçiliksiz işe ýerleşip bilerler.
  Daşary ýurtda diplom alan ýaşlaryň işe ýerleşmegi ýa diplomyny ykrar etdirmegi üçin käbir ýerli emeldaryň  günäsi bilen–has dogrusy, adam faktorynyň emeli päsleçiligi bilen belli bir kynçylyklaryň döremegi mümkin. Ýöne ol döredilýän kynçylykdan ýaş hünärmeniň ejizlemezligini isleýärin, çünki häzir döwlet derejesinde hünärini bilýän adamlara diplomyny daşary ýurtda alandygyna garamazdan, işe ýerleşmek üçin olara hem ýol açyk.
Ýene bir aýratyn bellemeli ýagdaý, Türkmenistanda aýlyk-günlük meselesidir. Elbetde, häzir Türkmenistanyň raýatlarynyň aýlygy ösen Ýewropa döwletleriniň raýatlarynyň aýlygyndan uly derejede tapawutly, üç-dört esse az. Ýöne biziň ýurdumyzda suw, gaz, toguň mugtugyny, haryt we kommunal bahalaryň Ýewropanyňkydan  has arzandygyny gözöňünde tutsaň, Ýewropa ýurtlarynyň uly aýlygynyň tapawudy belli bir derejede azalar. Ýene bir bellemeli ýagdaý, biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet öndürijiliginiň we zähmet döredijiliginiň Ýewropa raýatlarynyňkydan has pesdiginem boýun almak gerek. 
  Şeýlelikde biz Ýewropa raýatlarynyňky ýaly aýlyk almak üçin şolaryňky ýaly işlemegi, ýaşamagy hem öwrenmelidiris. Munuň şeýle bolmagy üçin daşary ýurtda, esasanam Ýewropa döwletlerinde okan ýaşlarymyzyň alan ylym-bilimlerini, ýokary derejede ýaşan ýaşaýyş durmuşlaryny ýerli ýagdaýymyzy nazara alyp, durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etmekleri derwaýysdyr. Raýatlarymyz „döwlet maňa kömek eder“ diýen düşünjeden saplanyp, diňe öz ylym-bilimine daýanyp ýaşamalydygyna akyl ýetirende bizde hem zähmet öndürjiliginiň we döredijiliginiň netijesiÝewropanyňka barabar bolsa, diňe şonda aýlyk-günlüklerimiziň hem olaryňky bilen deňleşjekdigine ynam etse bolar. Has dogrusy, biziň Ýewropa raýatlary bilen deň derejede aýlyga eýe bolmagymyz üçin bazar ykdysatiýetiniň kanunlaryna görä ýaşap we işläp bilmegimiz zerurdyr.
  Edil häzirki döwürde ýokary bilime eýe bolan raýatlarymyz  öz ugrundan ýa şoňa ugurdaş hünär boýunça işe ýerleşse, müň manatdan iki müň manada (350-700 amerikan dollary) çenli aýlygy päsgelçiliksiz alyp biler. Eger ýaş hünärmen , arap, pars, iňlis, ýewropa dillerini suwara bilýän, ýa nanatehnologiýadan kämil derejede baş çykarýan bolsa olaryň nirede, haýsy edarada işleýändigine garamazdan, aýlyklarynyň üç müňden bäş-alty müň manada (müňden iki müň dollar) çenli bolýandygy hiç kim üçin gizlin zat däl.  Elbete, hünärini suwara bilýän ýaşlarymyz şertnama esasynda öz işinden daşgary ikinji işde hem işläp bilýär. Garaz, häzir ýurdumyzda hünäriňden ussatlarça baş çykarsaň, işe ýerleşmek, ýokary aýlyk bilen işlemek mesele däl.
  Şol sebäpli daşary ýurtda okaýan ýaşlarymyzyň diplomlaryny ykrar etdirmegi üçin ilki bilen eýe bolan hünärini suwara bilmegi, soňra bolsa onuň diplomyny ykrar etdirip, işe ýerleşmegi üçin alada etmegi zerur. Daşary ýurtda okaýan ýaşlarymyzyň ýurda dolanmagy ata watanymyzyň pajarlap ösmegine hem uly goşant bolar, çünki raýatlarymyzyň, esasanam ýaşlarymyzyň kämil ylym-bilme, ussat hünäre eýe bolmagy bilen biziň ýurdumyz ösen döwletleriň hataryna goşulyp biler. Ähli aýdanlarymyzy jemläp aýtmaly bolsa, Türkmenistan watanymyzyň gülläp ösmegi her bir raýatymyzyň aň-düşünjesine we yhlasyna baglydyr.
Daşary ýurtda hünär eýesi bolan ýaşlarymyz şu hakykata düşünip,  hiç hili ikirjiňlemezden, dogduk diýaryna  dolanyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşant etseler, olaryň watan öňündäki ogullyk borjuny berjaý etdikleri bolardy.
 Döwletmyrat Ýazkulyýew. Gundogar-news.com
Okalan sany: 1245   Jogaplar: ( 4 )

marala
06 марта 2013

halladym! goodhünäriňi bilseň hemme edaralar ýok diýmez olarada güýçli hünär bilýän ýaşlar gerek. daşary ýurtda okap bilimalyp gelen ýaşlaryň, Türkmenistanda işlemek niýetinde bolsa hokman iş taparlar. 

permann
06 марта 2013

howwa dogry aýdýaňyz hünärini bilýän adamlara t-da iş tapmak aňsat, sebäbi hemmelere gowy spesialist gerek.

NEXTTM
06 марта 2013

öňertiläpsiň sagbol!goodgoodgood

Meret
06 марта 2013

мен шу затлардан гечдим, келлеагры етерлик, документ табшырмак, гарашмакЭмма инди гуллугам 1 йыл, ишем тапарс...yahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03371 sek. ýüklenen baýt: 47822