Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Suratlar ýygyndysy
Sportyň karate görnşi boýunça gara guşagyň–bäşinji danyň eýesi Hangeldi Hojaýewiň durmuş ýoly.
Ýazylan wagty: 07 марта 2013 Ýazan NEXTTM
  Hangeldi Hojaýew 1968-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Gürlen etrabynda, “Gülüstan” daýhan birleşiginde (sowhozynda) dogulýar. Ol şol ýerde sekiz ýyla golaý özbek mekdebinde okaýar. 1985-nji ýylda bolsa, H.Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 9-njy orta mekdebini tamamlady. 1985-1992-nji ýyllar aralygynda Minsk döwlet pedagogik institutynyň rus filologiýasy fakultetinde okuwyny dowam etdirdi. 1992-nji ýylda ony tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Türkmenistan  YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyna işe gelýär. Şu döwürde H. Hojaýew “Häzirki zaman türkmen dilinde sözlemiň aýratynlanan agzalary”, “Rus dilinden geçen sözleriň özleşdiriliş aýratynlyklary” diýen ylmy işleri, “Adaty karate boýunça synag maksatnamasy”, “Halkara adaty karate merkeziniň ýaryş düzgünleri” diýen kitaplary çap etdirdi. Şeýle hem “Älem we Zemin. Öwüşgünli ykbal” diýen ylmy-münejjimlik kitaby neşire taýýarlady. Häzirki wagtda onuň 20 golaý kitaplary bar. 

H. Hojaýew esasy işiniň daşyndan Türkmenistanyň Milli  karate Merkezini esaslandyrdy. Bu Merkez 1994-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Diýarymyzyň Ýustisiýa Ministrliginde hasaba alyndy. Türgenlerimiz Amerikada, Italiýada, Germaniýada, Golandiýada, Fransiýada, Türkiýede, Çehiýada, Polşada, Hindistanda, Päkistanda, Russiýada, Ukrainada,  Belorussiýada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Eýranda, Şwesariýada, Kanada, Serbiýada we beýleki döwletlerde gecirilen halkara ýaryşlarynda üstünlikli cykyş etdiler. 

Häzirki wagtda H.Hojaýew Türkmenistanyň Milli adaty karate Merkeziniň ýolbaşçysydyr. Ol “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi (2010-njy ýyl). H. Hojaýew gara guşagyň–bäşinji danyň eýesi, Halkara derejeli emin. Bu derejeler Los-Anželesde ýörite kompýuterde hasaba alnandyr. Häzirki wagtda H. Hojaýew karate sungatyna degişli ylmy işleri alyp barýar. 
 
Okalan sany: 565   Jogaplar: ( 1 )

Betman
08 марта 2013

Ýalňyşmasam Mir 4-de ýaşaýar öýtýän, meniň dostumyň türgeni, dostuma öwýär. Alyp barýan karate boýunça ylmy işleriňizi üstülikli tamamlaň hormatly  H.Hojaýew good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06089 sek. ýüklenen baýt: 31337